Abadan durmuşyň ykdysady esaslary

Geçilen menzillere ser salmak, il-ulus bilen maslahatlaşyp, ýurduň geljekki ösüş ugurlaryny kesgitlemek türkmen halkyna mahsus häsiýetleriň biri bolup, ol döwletlilik esaslarymyzyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde garalan meseleleriň many-mazmuny-da, halkyň abadan durmuşynyň mundan beýläk-de üpjün edilmegine ýardam berjek çözgütleriň köpugurly häsiýeti-de munuň şeýledigini tassyklaýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygar bilen taryha giren 2021-nji ýylda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmakda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda uly işleriň bitirilendigini delillendirmek bilen, ol berkarar döwletimiziň ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen täze maksatlary kesgitlemegiň, aýdyň wezipeleri öňde goýmagyň döwrüň talaby bolup durýandygyny hem görkezdi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde geljek 30 ýyla niýetlenen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzyň taryhynda täze eýýamyň başlanýandygyny alamatlandyrdy.

Daşarky şertleriň amatsyz täsirine garamazdan, durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilmegi ýurdumyzda durmuş-ykdysady syýasatyň oýlanyşykly alnyp barylýandygyny görkezýär. 2021-nji ýylyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,2 göterim ýokarlanmagy-da munuň şeýlediginden habar berýär. Milli ykdysadyýetiň ösüşe ukyplylygyny aňladýan bu möhüm makroykdysady görkezijiniň ösüş depgininiň soňky birnäçe ýylyň dowamynda ortaça 6 göterim derejesinde saklanmagy onuň daşary wehimlere, howplara garşy goraglylygynyň ýokarydygyna şaýatlyk edýär. Şunuň bilen birlikde, gazanylan ykdysady görkezijiler ýurdumyzyň durmuş taýdan ösmegine we durnukly ösüş görkezijileriniň ýokarlanmagyna ýardam berýär.

Dünýä ykdysadyýetinde maliýe-ykdysady çökgünligiň dowam edýän, ählumumy pandemiýanyň ýaýran döwründe hem Diýarymyzyň ykdysadyýetinde oňyn netijeler gazanyldy. Ol köp babatda, ýurtda içerki mümkinçiliklere daýanýan döwlet strategiýasyny işläp taýýarlamagyň we durmuşa geçirmegiň, şeýle-de ählumumy pandemiýa garşy toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmagyň hasabyna mümkin boldy.

Milli ykdysadyýeti çalt üýtgeýän şertlere uýgunlaşdyrmak möhüm wezipeleriň biri bolup, bu ugurdaky strategiýa öz wagtynda degişli düzedişleriň girizilmegi ykdysady ulgama döwrüň çagyryşlaryna tiz seslenmäge mümkinçilik berýär. Şu ýerde Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan geçirilen toplumlaýyn işleriň, ýagny birnäçe guramaçylyk, hukuk, maliýe we ykdysady çäreleriň geçirilmeginiň ykdysadyýetiň pudaklarynyň oňyn ösüş depginlerini saklap galmaklaryna hem-de pudagy toplumlaýyn diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmäge mümkinçilik berendigini nygtasymyz gelýär.

Soňky ýyllarda goşulan gymmaty ýokary bolan önümleri öndürýän gaýtadan işleýän pudaklara ünsi güýçlendirmek milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň strategik maksady hökmünde kesgitlendi. Bu, öz gezeginde, gaýtadan işleýän senagat ulgamynyň, önümleriň köpdürlüligini üpjün etmegiň hasabyna Türkmenistanyň ýangyç-energetika serişdeleriniň ählumumy bazarynda islegleriň üýtgäp durmalaryna garaşlylygyny peseltmegiň netijeli ýoly bolup durýar. Senagat pudagynyň depginli ösüşi ýurdumyzda eksporta gönükdirilen we importyň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini çalt depginde ösdürmäge itergi berdi. 2021-nji ýylda senagat önümçiliginiň ep-esli artmagy, içerki bazaryň ýerli önümler bilen üpjünçiliginiň gowulanmagy we täze kärhanalaryň ençemesiniň gurulmagy bu ugurda oňyn netijeleri berdi.

Aslynda, milli ykdysady kuwwaty pugtalandyrmakda hususyýetçilige möhüm orun degişli. Häzirki döwürde ýurdumyzda öndürilýän jemi içerki önümde bu bölegiň paýynyň 70 göterim töweregidigi nazara alynsa, onuň ykdysady ösüşi üpjün edýän iteriji güýç bolup durýandygyna düşünmek kyn bolmasa gerek. Ýurdumyzda ykdysady işiň bir görnüşi hökmünde telekeçiligiň giňden ýaýbaňlandyrylmagy üçin döwlet tarapyndan berilýän goldaw ýylyň-ýylyna hususy kärhanalaryň sanynyň artmagyna, öndürilýän önümleriň we hyzmatlaryň möçberleriniň ýokarlanmagyna hem-de görnüşleriniň köpdürlüligine ýardam berýär. Mundan başga-da, häzirki döwürde türkmen telekeçileri tarapyndan döredilýän täze iş orunlary ildeşlerimiziň iş üpjünçiligini we girdejilerini ýokarlandyrmagyň ygtybarly çeşmesi hem bolup durýar. Bu deliller hususyýetçiligi ösdürmegiň ykdysady we durmuş ähmiýetiniň ýokarydygyny tassyklamak bilen, onuň islendik döwleti durnukly ösdürmegiň möhüm bölegi bolup durýandygyny hem görkezýär.

Ählumumy pandemiýa şertlerinde ýurtda hususy bölegi höweslendirmek boýunça goşmaça çäreleriň durmuşa geçirilendigini hem bellemek zerur. 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň eksport edijilerini goldamak hakynda», «Telekeçilige döwlet maliýe goldawyny bermek hakynda» kabul eden Kararlary kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge döwlet tarapyndan berilýän ünsüň aýdyň subutnamasydyr.

Diwersifikasiýa esasynda ösdürilýän ykdysadyýetler özüniň durnuklylygy bilen tapawutlanýarlar. Durnukly ösüşi saklamak üçin zerur çäräleriň biri bolsa gaýtadan işleýan senagaty we hyzmatlar bazaryny ösdürmek syýasatyny amala aşyrmakdan ybaratdyr. Mundan başga-da, ýurdumyzda döwrebap sanly gurşawyň döredilmegi ykdysadyýetiň pudaklaryny çalt depginde tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrmaga itergi berdi. Soňky iki ýylda ýurdumyzda sanly ulgamyň ösüşiniň ep-esli işjeňleşmegi onuň ykdysadyýeti ösdürmekde we ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmakda döredýän artykmaçlyklaryndan habar berýär.

Ykdysady ösüş hemişe ýurtda alnyp barylýan maýa goýum syýasaty bilen baglydyr. Bu kanunalaýyklyk Türkmenistan üçin hem häsiýetli bolup, häzirki döwürde ol üstünlikli amala aşyrylýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda geçirilen Hökümet mejlisinde milli ykdysadyýete uly möçberlerde maýa goýumlaryny gönükdirmek, esasy pudaklary tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrmaga maýa goýmak barada döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklary ýurdumyzyň senagat kuwwatyny artdyrmak üçin has netijeli gurallary peýdalanmaga mümkinçilik berer. Mejlisde «Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasynyň» kabul edilmegi milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüş depginlerini üpjün etmekde işjeň maýa goýum syýasatynyň ähmiýetiniň uludygyna şaýatlyk etmek bilen, şu ýylda hem ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply, dünýäniň iň ösen tehnikalary we tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan, innowasiýalary özünde jemleýän ýokary ykdysady ulgamy döretmek we ösdürmek boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini aňladýar.

2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi döwrümiziň ruhuna gabat gelýän il bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleriň uzak geljegi nazarlaýan döwürde hem yzygiderli durmuşa geçiriljekdigine ynam döredýär.

Maýagözel BABAÝEWA,

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty.