Abadan durmuşyň bähbidine

Ýakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan «Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu resminama soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty tarapyndan makullanyp, hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda tassyklanyldy. Döwlet býujeti ýurdumyzyň durnukly ösüşini häsiýetlendirýän baş maliýe we ykdysady resminamadyr. 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň esasyny geljek ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň görkezijileri düzýär. Olar milli ykdysadyýetiň pudaklaryny we sebitleri ösdürmegiň maksatlaýyn görkezijileridir. Sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşi milli, döwlet we pudak maksatnamalarynda hem-de Konsepsiýalarda göz öňünde tutulan içerki we daşarky şertlere esaslanyp, durnukly ykdysady ösüşiň hasabyna ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagy, täze iş ýerlerini döretmegi, maýa goýum we ylmy-tehniki syýasaty alyp barmagy, ykdysadyýetiň hususy böleginiň işjeňligini höweslendirmegi, durmuş ösüşiniň meselelerini çözmegi hasaba almak bilen, bellenen maksatlary nazarlaýar.

Şunda senagatlaşmaga we senagaty hil taýdan ýokarlandyrmaga tarap alnan ugur bolsa ýurduň mineral serişdeleriniň baý düzümine esaslanýar. Şeýle hem uglewodorodlary gazyp almak, gaýtadan işlemek we eksporta ibermek hem senagaty ösdürmekde ileri tutulýan ugur bolup durýar. 2022-nji ýylda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny ösdürmäge we energiýa serişdelerini gazyp çykarmaga, gaýtadan işlemäge we olaryň eksportyny artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli taslamalary tapgyrlaýyn durmuşa geçirmek dowam etdiriler. Ýurdumyz boýunça geljek ýylda gaz kondensatly nebitiň çykarylyşynyň ösüş depgini 100,6 göterime deň bolar. Munuň 93,5 göterimi Balkan welaýatynda çykarylar, bu bolsa şu ýylky görkezijiden 100,8 göterim köpdür. Geljek ýylda nebiti gaýtadan işleýän pudaklary ösdürmek işleri, esasan, Balkan welaýatyndaky Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde dowam etdiriler. Ol nebit serişdeleriniň, taýýar önümiň gaýtadan işlenişiniň çuňlaşdyrylmagyna, önümçilige innowasion sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna esaslanar.

Hususan-da, zawodlar toplumy tarapyndan nebit we gaz kondensaty gaýtadan işlenip, mazudyň öndürilişi, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 34,7 göterim ýokary bolar. Kerosin 0,5 göterim, nebit koksy 10,5 göterim köp öndüriler. Şeýle hem polipropileni 2,9 göterim, suwuklandyrylan gazy 15,7 göterim, çalgy ýaglaryny 8,7 göterim, polietileni bolsa 1,5 esse köp öndürmek göz öňünde tutulýar.

Elektroenergetika pudagy durnukly depginler bilen öser. Munuň özi energiýa bilen üpjün edýän amatlyklary giňeltmegiň hasabyna bolup geçer. Hususan-da, ýokary netijeli we ygtybarly enjamy peýdalanmak arkaly energiýany tygşytlamak boýunça taslamalaryň üstünde alnyp barylýan işler giňeldiler. Geljek ýylda elektrik energiýasynyň öndürilişi, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 103,6 göterim ýokarlanar. Ýurdumyz boýunça elektrik energiýasynyň 37,8 göterimi Mary, 17,98 göterimi Ahal, 14,68 göterimi Balkan welaýatlarynda öndüriler.

Ýurdumyzyň himiýa senagaty durnukly we çalt depginler bilen ösdürilip, öndürilýän himiýa önümleriniň görnüşleri artýar. 2022-nji ýylda mineral dökünler, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 15,8 göterim, şol sanda azot dökünleri 18,4 göterim möçberde köp öndüriler. Mineral dökünleriň 49,5 göterimini, azot dökünleriniň 56,6 göterimini Balkan welaýatynda öndürmek meýilleşdirilýär. Azot dökünleriniň eksporty bolsa, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 27,7 göterim artar.

Ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyply gurluşyk toplumyny mundan beýläk-de giňeltmek, onuň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak meýilleşdirilýär. Bu işleri gurluşyk materiallaryny öndürýän pudaklary çalt depginler bilen ösdürmegiň hasabyna amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, ýurdumyz boýunça sementiň 40,0 göterimi Ahal welaýatynda, 30,0 göterimi Balkan welaýatynda, 30,0 göterimi Lebap welaýatynda, gurluşyk aýnasynyň we diwara örtülýän materiallardan gazbetondan gurluşyk bloklarynyň ähli möçberi Ahal welaýatynda öndüriler.

2022-nji ýylda ýeňil senagaty ösdürmegiň esasy wezipesi içerki bazary ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli harytlar bilen doldurmak we innowasiýalary, täze ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, şeýle hem çykarylýan önümleriň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň hasabyna eksportyň möçberini artdyrmak bolup durýar. Hususan-da, 2021-nji ýyla garanyňda, 2022-nji ýylda tutuş ýurdumyz boýunça önümçiligiň möçberleri artdyrylyp, şunda tikinçilik we örülen önümler 3,4 göterim, nah matalar 7,8 göterim, nah ýüplükler 8,2 göterim, ýüpek matalar 0,7 göterim, halylar we haly önümleri 8,1 göterim köpeler. Şeýle önümleriň 34,4 göterimi Mary welaýatynda, 22,7 göterimi Aşgabat şäherinde, 17,1 göterimi Ahal welaýatynda, nah matalaryň esasy bölegi, ýagny 48,6 göterimi Aşgabat şäherinde, 23,9 göterimi Mary welaýatynda, 22,7 göterimi Ahal welaýatynda, nah ýüplügiň 22,7 göterimi Aşgabat şäherinde, 18,9 göterimi Lebap welaýatynda, ýüpek matanyň 31,4 göterimi Mary welaýatynda, 22,7 göterimi Aşgabat şäherinde, haly we haly önümleriniň aglaba bölegi, ýagny 74,7 göterimi Aşgabat şäherinde öndüriler.

Ýurt boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberiniň 2022-nji ýylda, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 15,4 göterim ýokarlanmagy meýilleşdirilýär. Haryt dolanyşygynyň umumy möçberinde döwlete degişli bolmadyk kärhanalaryň paýy 91 göterime barabar bolar. Obasenagat toplumynyň ähli pudaklary depginli ösüşe eýe bolar. Çünki munuň üçin ep-esli möçberde maýa goýumlary bölüp bermek, seçgiçilik işinde innowasion tehnologiýalary giňden peýdalanmak, ösümlikleri we haýwanlary goramak ulgamynda degişli çäreleri görmek, ýer-suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça işleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Geljek ýylda hem Türkmenistanyň durmuş syýasatynyň esasy maksady raýatlaryň hal-ýagdaýyny we ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak bolup durýar. Ykdysadyýetiň pudaklarynda täze kärhanalary gurmagyň we bar bolanlarynyň durkuny täzelemegiň hasabyna goşmaça 6,2 müň täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär. Munuň özi zähmete ukyply ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmaga we halkyň maddy we ruhy zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmak üçin serişde gazanmagyna mümkinçilik berýär.

2022-nji ýylda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär. Ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlaryny mundan beýläk kämilleşdirmek işleri-de dowam eder. Geljek ýylda umumybilim berýän orta mekdepleriň sany köpeler. Netijede, ýurt boýunça mekdepleriň umumy sany 1885-e, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň umumy sany 1092-ä, sport mekdepleri bolsa 158-e ýeter.

Umuman, 2022-nji ýylda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň iş ýüzünde amala aşyrylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüler.

Seidnur JAPBAROW,

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet maliýesini jemleýji we ykdysady syýasaty müdirliginiň sebitler boýunça ösüş bölüminiň başlygy.