Aýdyň maksatlary açyp görkezdi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň başda durmagynda hususy telekeçiligi ösdürmek, oňa ýaşlary işjeň çekmek we ýurdumyzyň ykdysadyýetini ýokarlandyrmak maksady bilen ençeme işler durmuşa ornaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasatyndan ugur alýan jemgyýetçilik guramalarydyr partiýalar hem şeýle aýdyň maksatlary göz öňüne tutup, bu babatynda täsirli duşuşyklary geçirýärler. Şeýle çäreleriň biri-de ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň we TMÝG-niň Mary şäher geňeşiniň bilelikde gurnamagynda geçirildi.
“Täze ösüşlere — täze badalga” ady bilen geçirilen duşuşykda TSTP--niň welaýat komitetiniň hem-de TMÝG-niň şäher geňeşiniň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri çykyş etdiler. Ýaş telekeçileriň gatnaşmagynda guralan bu çäre örän täsirliligi bilen tapawutlandy. Onda telekeçilige girişmek, ondaky ilkinji ädimler, ýüze çykýan ýagdaýlar dogrusynda jikme-jik gürrüň edildi. Hemmetaraplaýyn gyzykly geçen duşuşyga gatnaşyjylar onuň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözleri aýtdylar.
Annagözel SARYÝEWA.
TMÝG-niň Mary şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.
Özgertmeleriň depgini ýokarlanýar
Ajap eýýamymyzda Gahryman Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek bilen bagly işler giň gerime eýe bolýar. Türkmen telekeçileriniň yhlas-tagallalary bilen haryt bolçulygynyň, täze iş orunlarynyň döredilmeginde bähbitli işler bitirilýär. Telekeçilerimiz ýokary hilli, bäsleşige ukyply önümleri we harytlary öndürmekde, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň we harytlaryň ýerini tutýan harytlary we önümleri öndürip, sarp edijilere hödürlemekde gowy netijeleri gazanýarlar.
Bilşimiz ýaly, 2018-nji ýylda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde “Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek hakynda” Karar kabul edilipdi. Şu Karara laýyklykda, telekeçiler oba hojalyk önümlerini öndürmek maksady bilen uzakmöhletleýin ýer böleklerini kärendesine almak bilen, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almaga girişdiler. Halk hojalygynyň möhüm pudagynda badalga berlen bu özgertmeler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Telekeçilerimiziň ençemesi bu bähbitli başlangyja işjeň goşulyşyp, bu möhüm başlangyçda degerli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň goldamagynda amala aşyrylmagyna girişilen bu özgertmeleriň ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmekde aýgytly ädim boljakdygy şübhesizdir.
Myratgeldi ANNAÖWEZOW.
TSTP-niň welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary.