«7 gün» haryt nyşanly şerbetli içgiler bu gün içerki bazarda uly meşhurlyga eýe bolup, her bir maşgala we toý saçagyna bezeg goşýar. Dürli miwe suwlaryndan, şeýle-de bakja önümlerinden taýýarlanýan bu lezzetli içgileriň welaýatymyzyň Bäherden etrabynyň Sünçe geňeşliginiň çägindäki döwrebap kärhanada öndürilýändigini bellemek örän ýakymlydyr.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bäherden etrap birleşmesiniň başlangyjy esasynda «Ak ýaprak» hojalyk jemgyýetine degişli bolan bu kärhanada bolup, ol ýerde işleriň ýola goýluşy bilen tanyşmak miýesser etdi. 2014-nji ýylda gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berlen häzirki zaman kärhanasy Şwesiýanyň «Tetrapak», Türkiýäniň, Gollandiýanyň we Italiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu iň kämil, häzirki zaman tehnologiýalar ol ýerde sagatda 7 tonna şerbetli içgileri öndürmäge mümkinçilik berýär.
— Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda giň göwrümli özgertmeler we maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär, kiçi we orta telekeçilik ösýär we hususy pudagyň wekilleriniň işleriniň gerimi giňeýär, häzirki zaman önümçilik kärhanalarynyň sany barha artýar. Bakja önümlerinden we miwelerden dürli şerbetleri öndürýän kärhanamyz hem döwlet Baştutanymyzyň telekeçilere berýän goldawynyň netijesinde döredilen döwrebap önümçilikleriň biridir. Kärhanamyzda geçen ýyllaryň içinde şerbetli suwlaryň ýüz müňlerçe tonnasy öndürilip, söwda nokatlarynyň üsti bilen ildeşlerimize ýetirildi. Işleriň sazlaşykly ýola goýulmagynda bu ýerde ornaşdyrylan kämil tehnologiýanyň ähmiýeti örän uludyr. Işler awtomatiki usulda amala aşyrylyp, oňa kompýuterler arkaly gözegçilik edilýär. — diýip, kärhananyň önümçilik bölüminiň müdiri Guwanç Annaýew gürrüň berdi.
Häzirki wagtda kärhanada işçi-hünärmenleriň 40-a golaýy zähmet çekmek bilen, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň pugtalanmagyna, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek hem-de möçberini artdyrmak ugrundaky tagallalara özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Olar öndürilýän şerbetli içgileriň hiline aýratyn ähmiýet berýärler.
— Islendik önümçilikde hil esasy görkeziji bolmaly. Kärhanamyzda bu ýörelgä berk eýerilýär. Çig malyň hiline aýratyn üns berýäris. Bölüme gelýän çig mal bada-bat hil barlaghanasynda gözden geçirilip, onuň tä gaýtadan işlenilip, taýýar önüm öndürilýänçä ähli işler gözegçilikde saklanylýar. Taýýar önüm ýokary derejedäki enjamlar arkaly hil barlaghanasyndan geçirilýär. Önümiň ähli babatda ekologiýa taýdan arassa bolmagy gazanylýar. Häzirki wagtda kärhanamyzda şerbetli içgileriň 11 görnüşi öndürilip, 1 litr göwrümdäki ekologiýa taýdan arassa, owadan gaplarda ilata ýetirilýär. Önümlerimize islegiň uly bolmagy yhlasymyzyň ýerine düşýändiginiň alamatydyr — diýip, hil barlaghanasynyň hünärmeni Hojanepes Atamyradow aýtdy.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan toýlanyljak ýylynda kärhananyň agzybir işçi-hünärmenleriniň iş gadamlary barha batlanýar. Olar şanly toýa çenli şerbetli içgileriň täze görnüşleriniň önümçiligini hem ýola goýmagy maksat tutunýarlar. Munuň özi kärhananyň işçi hünärmenleriniň özboluşly baýramçylyk sowgatlary bolar.
Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. SURATLARDA: kärhananyň işinden pursatlar. Surata düşüren awtor.