Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerinde aprel aýynda geçirilen çäreler — köp sanly iş duşuşyklary, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, maslahatlar Garaşsyz Türkmenistanyň halkara derejedäki at-abraýynyň barha artýandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi.
2-nji aprelde Daşary işler ministrliginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň wise-prezidenti Reýnhold Lopatka bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda energetika we ekologik howpsuzlyk, ulag arabaglanyşygy, parlamentara diplomatiýa ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça ÝHHG hem-de onuň düzümleýin edaralary bilen hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýeti bellenildi.
Şol gün Daşary işler ministrliginde Halkara Migrasiýa Guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Gajiýew bilen geçirilen gepleşiklerde hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi nygtalyp, bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek, milli hem-de halkara derejede adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň meselelerine garaldy.
4-nji aprelde ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ulgamynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki ýolbaşçy komitetiň we Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça milli iş toparynyň mejlisi geçirildi.
4-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherine bolan resmi saparynyň dowamynda Prezident Emomali Rahmon hem-de Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali bilen duşuşyklar geçirildi. Olarda ähli ugurlarda üstünlikli ilerledilýän köpugurly hyzmatdaşlygyň, şol sanda parlamentara gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygy, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, bedenterbiýe, sport ulgamlarynda özara hereketleriň giňeldilýändigi aýdyldy. Türkmenistanyň we Täjigistanyň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, hususan-da, söwda, ulag-kommunikasiýalar, ýangyç-energetika toplumy, senagat, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak ýaly ileri tutulýan ugurlarda, hojalygy ýöredýän düzümleriň arasyndaky gatnaşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerine garaldy. Gepleşikler tamamlanandan soňra, resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däplerinden ugur alnyp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Täjigistan Respublikasyna sowgat hökmünde derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler, dokma önümleri, çaga eşikleri, konditer önümleri iberildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Duşenbe şäherine saparynyň çäklerinde Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidiumynyň ýanyndaky Ýazuw mirasy merkezinde iki ýurduň ylym we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik guraldy. Türkmenistanyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, netijeli işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändikleri 4-nji aprelde geçirilen bilelikdäki işewürlik maslahatynyň barşynda tassyklanyldy. Oňa iki ýurduň hususy pudaklarynyň wekilleri gatnaşdylar.
5-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy resmi saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de beýleki degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda giň ugurlarda türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistanyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda hem-de Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen geçiren duşuşyklarynyň dowamynda ähli ulgamlarda, şol sanda milli parlamentleriň ugry boýunça döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alşyldy.
5-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Fara Kariminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşygyň barşynda parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garaldy.
6-njy aprelde Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine 2024-nji ýylyň geçen üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny”, “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny”, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny” amala aşyrmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
9-njy aprelde Daşary işler ministrliginiň binasynda Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen bolan duşuşygyň çäklerinde dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklaryň, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň işiniň möhüm ähmiýeti bellenildi.
ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisinde Türkmenistan 2025 — 2029-njy ýyllar üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy.
11-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Parahatçylygy ilerletmek: ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy berkitmek boýunça strategiýalary durmuşa geçirmek” atly maslahat geçirildi. Onda parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn Bitaraplyk ýörelgeleriniň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasyny düzýändigi nygtaldy.
12-nji aprelde Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri, Arkalaşygyň çäklerinde özara gatnaşyklar barada pikir alyşdylar. Mejlisiň çäklerinde Russiýanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýedinji duşuşygy geçirildi. Onda wajyp halkara we sebit meselelerine garaldy.
14-nji aprelde Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilen syýasy geňeşmeleriň barşynda dürli ugurlar, hususan-da, parlamentara, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, sebit hem-de ählumumy howpsuzlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
15-nji aprelde Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen «Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa» strategik dialogynyň ikinji ministrler duşuşygyna gatnaşdy.
15 — 20-nji aprel aralygynda paýtagtymyzda Ýewropanyň we Aziýanyň 10 ýurdundan toparlaryň gatnaşmagynda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryş Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülýändiginiň ýene-de bir güwäsi boldy. Ýaryşyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň “Galkan” topary birinji, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Adihis-Kazan» topary ikinji, Belarusuň “Wolat” topary bolsa üçünji orna mynasyp boldy.
15 — 19-njy aprelde paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň maksady demir ýol ulagynyň işini döwletara derejede utgaşdyrmakdan, halkara demir ýollary torunyň tehnologik bitewüligini üpjün etmekden hem-de bu düzümleri ösdürmekden ybarat boldy.
16-njy aprelde Daşkent şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilen syýasy geňeşmeleriň dowamynda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi bilen bagly meselelere garaldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, şol sanda ulag-logistika, energetika, himiýa, senagat, maglumat howpsuzlygy ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meselelerine üns çekildi.
Şol gün Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanda UN-Habitat-nyň sebitleýin edarasyny açmagyň, şäher gurluşygynyň kanunçylygy ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, ýokary tehnologiýaly, ekologik taýdan arassa şäherleri ösdürmek üçin ählumumy maksatnamalary we strategiýalary durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şol gün BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde ýurdumyzyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygy geçirildi. Çärä gatnaşyjylar bu toparyň maksatlary, wezipeleri, alyp barýan işleri, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny” amala aşyrmagyň esasy ugurlary bilen giňişleýin tanyşdyryldy.
17-nji aprelde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRAСECA) hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Aset Asawbaýew bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda komissiýanyň çäklerindäki gatnaşyklaryň geljegine dahylly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, TRACECA-nyň degişli resminamalaryny bilelikde durmuşa geçirmegi dowam etdirmäge ýurdumyzyň taýýardygy bellenildi. Bu resminamalar Ýewropa, Gara we Hazar deňizleri, Kawkaz, Aziýa sebitlerinde üstaşyr ulag geçelgeleriniň maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.
17-nji aprelde BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisler zalynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça ýokary derejeli mejlis geçirildi. Onda dünýä bileleşigi üçin elýeterli, arzan, durnukly ulagy üpjün etmekde bilelikdäki utgaşdyrylan çäreleri amala aşyrmagyň ähmiýeti bellenildi.
18-nji aprelde Daşary işler ministrliginde BMG-niň Türkmenistandaky edaralarynyň we sebitleýin düzümleriniň ýolbaşçylary bilen sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi. Onda ýurdumyzyň parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde, durnukly ulagy ösdürmekde, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde, adam hukuklarynyň goralmagynda, milli medeni mirasy aýawly saklamakda we beýleki birnäçe ugurlarda bu gurama bilen alyp barýan işjeň gatnaşyklaryna üns çekildi.
20-nji aprelde Daşary işler ministrliginde ýurdumyza iş sapary bilen gelen GDA-nyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Leonid Anfimow bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda Arkalaşyga agza döwletleriň arasynda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
23-24-nji aprelde Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kemeronyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde Daşary işler ministrliginde dürli ugurlarda türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine gönükdirilen gepleşikler hem-de ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.
24-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen geçiren duşuşyklarynyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
24-25-nji aprelde Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum geçirildi. Forum “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy. Onuň gün tertibine baý tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmak, energetika bazarynyň ösüşi, özara bähbitli iri taslamalara maýa goýumlary çekmek, ýurdumyzyň gaz känlerinde öndürijiligi ýokarlandyrmak babatda gatnaşyklaryň täze gurallary, ekologik taýdan howpsuz önümçilikleri ornaşdyrmak, pudaga täze tehnologiýalary, nou-haulary çekmek ýaly möhüm meseleler girizildi.
24-nji aprelde Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi. Halkymyzyň buýsanjy bolan behişdi bedewler dünýä medeniýetiniň täsinligi hökmünde ykrar edildi. Şunuň bilen baglylykda, milli atçylyk pudagynyň ösüşine kuwwatly itergi berlip, ol döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.
25-nji aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XVI halkara ylmy maslahat gözelligiň hem-de kämilligiň nusgasy bolan ahalteke bedewlerine goýulýan hormatyň nyşany hökmünde ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan esasy çäreleriň üstüni ýetirdi.
26-njy aprelde Türkmenabat şäherinde “Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň” çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli “Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onuň esasy maksady bu gala dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmekden, gazuw-agtaryş, ylmy-barlag işlerini dowam etmek arkaly, ylmy binýady döretmekden, medeni diplomatiýany ösdürmekden, ony halkara giňişlige giňden ýaýmakdan ybarat boldy.
26-njy aprelde Daşary işler ministrliginde geçirilen Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisinde BSG-niň Sekretariaty bilen gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
25-26-njy aprelde Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäherinde Türkmenistan bilen Türkiýäniň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilen syýasy geňeşmeleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň çäklerinde özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy.
28-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen geçiren duşuşygynyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy.
29-30-njy aprelde BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda geçirilen BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «ICPD+30 ýagdaýlaryny öňe sürmek: milli tejribe we öňe ilerletmegiň ýollary» atly ugurdaş çäre guraldy. Ol Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatda kabul edilen borçnamalary ýerine ýetirmegiň möhümdigini nygtamaga gönükdirildi. Çäräniň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ähmiýetine üns çekildi. Gaznanyň işi köpugurly bolup, çylşyrymly lukmançylyk operasiýalaryny maliýeleşdirmekden, hassahanalar üçin ýokary tehnologiýaly enjamlary satyn almakdan başlap, çagalara dürli keseller we bejeriş-öňüni alyş çäreleri üçin anyklaýyş, bejeriş amallaryny geçirmegi maliýeleşdirmäge çenli köp ugurlary öz içine alýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlikleriň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň ösüş depgini, köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Aprel aýynda Daşary işler ministrliginde Sloweniýa Respublikasynyň, Angola Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Malaýziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri kabul edildi. Duşuşyklaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryň gerimini giňeltmegiň, parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine garaldy.
Şeýlelikde, geçen aýyň wakalaryna berlen syn ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşi üpjün etmegiň, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli işleriň alnyp barlandygyna şaýatlyk edýär.