Oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli döwlet syýasaty esasynda, ýurdumyzda giň gerimli işler, durmuş-ykdysady we medeni özgertmeler amala aşyrylýar. Kabul edilen milli, döwlet, pudak we maýa goýum maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilip, ykdysadyýetde amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň netijesinde, ýokary depginli ösüş üpjün edilýär. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde degişli Karara gol çekip, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklady. 22-nji fewralda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi hem, ilkinji nobatda, hut şu maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly gaýragoýulmasyz meselä bagyşlanyp, onuň barşynda bu ugurdaky möhüm wezipeler kesgitlendi.
Maksatnama «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri şu ýyl üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, şeýle-de 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde kesgitlenen görkezijilerden, önümçilik we maliýe meýilnamalaryndan hem-de çärelerden ugur alnyp işlenip taýýarlanyldy. Onuň esasy maksatlary raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, durmuş goraglylygyny, iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek, ýurduň durmuş-ykdysady ösüş mümkinçiliklerini netijeli ulanmak, ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, milli ykdysadyýetiň innowasion-senagatlaşma derejesini has-da pugtalandyrmak, pudaklaryň, hyzmatlar ulgamynyň depginli ösüşini üpjün etmek, işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak, ähli ugurlarda «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek, daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny, ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, suw üpjünçiligini gowulandyrmak, senagat ulgamyny innowasion häsiýetde ösdürmek hem-de ähli pudaklarda sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, milli ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýumlaryň maliýe çeşmelerini kämilleşdirmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, döwlete dahylsyz bölegi ösdürmek, milli ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçmegini işjeňleşdirmek, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda kiçi we orta telekeçiligiň işiniň gerimini giňeltmek bolup, bular babatda oňyn netijeler gazanylar.
Maksatnama laýyklykda, şu ýyl jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak göz öňünde tutulýar. Ykdysadyýetiň pudaklaryny we sebitleri durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý iş ornuny döretmek göz öňünde tutulýar. Jemi içerki önümiň düzüminde, ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan, hususy pudagyň paýyny 71,4 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär. Ykdysady pudaklarda uly möçberli özgertmeler dowam etdirilip, önümçiligi kämilleşdirmäge, ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply harytlary öndürmäge aýratyn üns berler. Önümçiligiň ähli ugurlaryna innowasion we sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna, harytlaryň we hyzmatlaryň içerki bazarlarynyň giňelmegine, eksport edilýän harytlaryň sanawynyň artmagyna ýardam eder. Bu hem döwletiň maliýe binýadyny we önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmaga, raýatlaryň ýerli önümler bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Maýa goýumlaryň esasy ugurlary senagat pudaklarynyň ösdürilmegine, innowasion häsiýetli bilelikdäki kärhanalaryň işiniň giň gerimde ýola goýulmagyna, eksporta gönükdirilen we importyň ornuny tutýan önümçilikleriň döredilmegine, oba hojalygynda agrar özgertmeleri geçirmegiň netijesinde azyk üpjünçiliginiň has-da gowulandyrylmagyna, ýurdumyzyň ähli künjeginde täze, döwrebap iş orunlarynyň döredilmegine we ilatyň durmuş taýdan goraglylygynyň berk berjaý edilmegine gönükdirilendir. Döwlet syýasatyndan ugur alnyp, ykdysadyýetiň önümçilik we durmuş-medeni ulgamlaryna, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna, jemi 38,5 milliard manat, şol sanda 67,8 göterim önümçilik bölümine, önümçilik däl bölümine 32,2 göterim maýa goýumlary harçlamak göz öňünde tutulýar. Maýa goýumlaryň hasabyna täze senagat we önümçilik desgalaryny gurmak, hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrmak, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda şähergurluşyk maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, obalary özgertmek, önümçilik we medeni-durmuş maksatly möhüm desgalaryň gurluşygyny dowam etdirmek, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda gurluşyk işlerini alyp barmak meýilleşdirilýär.
Ykdysadyýetiň iň möhüm, eksport ugurly pudaklarynyň biri nebitgazdyr. Bu toplumy ösdürmek we halkara energetika ulgamyna goşulyşmak boýunça uly işler alnyp barlar. Pudak boýunça 2024-nji ýylda maýa goýumlaryň esasy bölegi «Galkynyş» gaz käniniň II, III we IV tapgyrlarynyň özleşdirilmegine, «Merkezi Garagum» gazkondensat käninde «Zäkli — Derweze» gaz gysyjy desgasynyň, Gündogar — Günbatar gaz geçirijisiniň «Şatlyk» gaz gysyjy desgasynyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygyna gönükdirmek meýilleşdirilýär.
Ýurdumyzyň energetika syýasatyna laýyklykda, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen dünýäniň dürli ýurtlarynyň sarp edijilerine-de elýeterli etmek üçin elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmak, täze energiýa kuwwatlyklaryny döretmek, paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýyny gowulandyrmak, hereket edýän bitewi milli energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek arkaly sebitleriň energiýa ulgamlarynyň özara ätiýaçlandyrylmagyny üpjün etmek babatda degişli işler alnyp barlar.
Şu ýyl Balkan — Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçirijisini işe girizmek göz öňünde tutulýar. Gurluşygy innowasiýalar arkaly ösdürmek we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde «akylly» şäher we «akylly» jaý ulgamlary, şeýle-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň tehnologiýalar, sanly ulgam arkaly dolandyrylýan jaýlaryň taslamalaryny amala aşyrmak işjeňleşdiriler. Himiýa senagaty boýunça daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan täze önümçilikleri we ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak babatynda himiýa önümleriniň, şol sanda mineral dökünleriň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmak, şonuň ýaly-da hereket edýänleriniň durkuny täzelemek, olary düýpli abatlamak işleri hem dowam etdiriler.
Ulag-kommunikasiýa pudagy ykdysadyýetiň strategik taýdan möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurduň geosyýasy ýerleşişinden peýdalanyp, ýükleriň üstaşyr geçirilmeginiň artdyrylmagy üçin ulaglaryň ähli görnüşi arkaly ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmak, täze üstaşyr geçelgeleriň işini ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Ulaglaryň ähli görnüşi bilen ýük daşamagy artdyrmak üçin marketing işlerini güýçlendirmek, ulag hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmak, hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek meýilleşdirilýär. Pudak boýunça maýa goýumlaryň esasy bölegini Arkadag şäheriniň demir ýol we awtomenzilleriniň hem-de Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde howa menziliniň gurluşygyna, Türkmenbaşy şäherinde ulag-aragatnaşyk pudagynyň işgärleri üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna, täze howa gämilerini we awtoulag serişdelerini satyn almaklyga, täze gury ýük gämileriniň hem-de deňziň düýbüni çuňaldyjy gäminiň gurluşygyna, internet ulgamynyň enjamlaryny gurnamaklyga gönükdirmek meýilleşdirilýär.
Oba hojalygynyň esasy wezipesi azyk howpsuzlygyny, döwlet buýurmasy boýunça ýetişdirilýän oba hojalyk we beýleki önümleri öndürmek, ekologiýa taýdan arassa önümçilikleri döretmek, maldarçylygy ösdürmek, daşky gurşawy goramak, ýer we suw serişdelerinden peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak bolup durýar. Hojalygy dolandyrmagy mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de düzümleýin özgertmeleri geçirmek, obada täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekinleriň hasyllylygyny artdyrmak, ýokary tehnologiýalary we täze ylmy-tehniki gazananlary ornaşdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Pudak boýunça şu ýyl maýa goýumlaryň esasy bölegini «Altyn asyr» Türkmen kölüniň şorsuw akabalarynyň gurluşygyna, Garagum derýasynyň suw geçirijiligini artdyrmaga, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, ekerançylyk ýerleriniň toplumlaýyn durkuny täzelemäge, gidrotehniki desgalaryň suw göteriji beketleriniň, Mary welaýatynda döwlet athanasynyň we Lebap welaýatynda 200 baş aty saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň gurluşygyna, oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almaga hem-de hereket edýän suw howdanlarynyň göwrümini giňeltmäge gönükdirmek meýilleşdirilýär.
Söwdada depginli ösüş dowam etdirilip, öndürilýän önümleriň eksportyny artdyrmak hem-de import edilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet syýasatynyň netijesinde, özümizde öndürilýän ýokary hilli sarp ediş harytlarynyň görnüşleri we möçberleri yzygiderli ýokarlanar. Ýeňil senagat kärhanalarynyň we hususy bölegiň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak arkaly, önümleriň görnüşleri we eksport ugurlary diwersifikasiýalaşdyrylar.
Ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda hem-de olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde uly işler amala aşyrylar. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylar. Derman senagaty tebigy serişdeleriň hasabyna işjeň ösdüriler.
Milli medeni mirasymyzyň gymmatlyklarynyň, däp-dessurlarymyzyň, ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimiziň düýpli öwrenilmegi we kämilleşdirilip, halka täzeden ýetirilmegi, maddy däl medeni gymmatlyklaryň halkara derejede ykrar edilmegi ugrunda yzygiderli işler dowam etdiriler. 2024-nji ýylyň şygary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 23-nji dekabryndaky Karary bilen tassyklanan «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda, bu ýubileý sene mynasybetli şu ýyl ýurdumyzda we daşary döwletlerde türkmeniň beýik oglunyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan köp sanly ylmy-medeni hem-de beýleki dabaraly çäreler meýilleşdirilýär. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly çäreler hem guramaçylykly geçiriler.
Dünýä ykdysadyýetinde sanly aragatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyndan ugur alyp, elektron senagaty ösdürmek işi milli sanly platformalar esasynda sanly aragatnaşygy kämilleşdirmek, ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna geçmek, önümçiligi uzak aralykdan dolandyrmak, sanly hyzmatlar ulgamynyň gerimini giňeltmek wezipelerini öňe sürýär. Ykdysadyýetiň ösüşini sanly tehnologiýalar arkaly tizleşdirmek, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini we görnüşini kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdiriler. Ähli pudaklary sanlylaşdyrmak işi hem ünsden düşmez.
Ýurduň durmuş-ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagy, jemgyýetiň döwrebaplaşdyrylmagy, adam maýasynyň ösdürilmegi, dünýä bazarynda türkmen ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygynyň üpjün edilmegi kämil bilim bilen berk baglanyşyklydyr. Maksatnamanyň amala aşyrylýan döwründe ylym ulgamynda özgertmeler dowam eder. Düýpli ylmy gözlegler esasynda pudaklaýyn işler alnyp barlar. Tehnologiýalar merkeziniň binýadynda amaly ylmy işleriň geçirilmegine, ylym bilen önümçiligi utgaşdyrýan, önümçiligiň ylmy esasda ösdürilmegine we usuly kadalaryň kämilleşdirilmegine içgin gatnaşýan ylmy-önümçilik binýady dörediler. Ylmy barlaglary we innowasion işläp düzmeleri täjirleşdirmek we tehnologik auditi geçirmek işleri dowam etdiriler. Milli innowasiýanyň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertleri döretmek bilen, degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak hem dowam etdiriler. Ylmyň innowasiýa ykdysadyýeti ugry boýunça aspiranturany we doktoranturany açmak, ýaş alymlary taýýarlamak, ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleri döretmek boýunça işler alnyp barlar.
Milli intellektual eýeçilik ulgamy döredileli bäri, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda uly işler amala aşyryldy. Bu bolsa Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ugrunda halkara ulgama utgaşdyrylmagyna ýardam berdi. Adam maýasyny ösdürmek, onuň intellektual derejesini ýokarlandyrmak ugrunda degişli işleri geçirmek esasy strategik wezipe hasaplanýar. Munuň üçin maglumat-aragatnaşyk, şol sanda internet ulgamynyň hyzmatlarynyň hilini we elýeterliligini ösen döwletleriň derejesine ýetirmek, adam maýasyny we onuň intellektual derejesini ösüşiň öňde goýlan maksatlaryna laýyk getirmegi has-da kämilleşdirmek boýunça döwrebap çäreler dowam etdiriler.
Maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ýurduň jemi içerki önüminiň durnukly ösüş depgini üpjün ediler. Milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy we ähli pudaklaryň senagat-innowasion taýdan durnukly ösüşi boýunça işler dowam eder. Ýurduň eksportynyň we importynyň düzümini kämilleşdirmek, eksportyň düzüminde ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önüm öndürijileriň paýyny ýokarlandyrmak boýunça degişli işler alnyp barlar. Maýa goýum işjeňligini artdyrmak boýunça işler güýçlendiriler. Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça tagallalar dowam etdiriler.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ýyllyk maksatnamasynyň amala aşyrylmagy ykdysadyýetiň pudaklarynda giň gerimli özgertmeleri dowam etdirmäge, önümçilikleri kämilleşdirmäge, ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge, önümçiligiň ähli ugurlaryna innowasion we sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna, zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna, harytlaryň we hyzmatlaryň içerki bazarlarynyň giňelmegine, eksport edilýän harytlaryň sanawynyň artmagyna ýardam eder. Bu bolsa döwletiň maliýe binýadyny we önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmaga, raýatlaryň ýerli önümler bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Mahlasy, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» esasynda alnyp baryljak giň gerimli işler, amala aşyryljak özgertmeler, ilkinji nobatda, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň: «Biziň alyp barýan işlerimizde diňe bir ykdysady ösüşi üpjün etmek däl-de, eýsem, ösüşiň uzak möhletleýin we durnukly depgininiň saklanylmagy hem möhüm wezipe bolup durýar» diýip belleýşi ýaly, bu resminama laýyklykda durmuşa geçiriljek özgertmeler uzak geljek üçin kesgitlenen belent maksatlary hem nazarlaýar.
Orazmuhammet AŞYROW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Strategik we durnukly ösüş müdirliginiň başlygynyň orunbasary, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty.