2024-nji ýyl üçin Maksatnama: köpugurly ösüşiň aýdyň ýoly bilen

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň asudalygyny, halkymyzyň agzybirligini, döwletimiziň esasyny, jemgyýetimiziň jebisligini pugtalandyrmakda gazanylýan üstünlikler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmeginiň ygtybarly kepiline öwrülýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň her bir raýatynyň ösen döwletleriňkä kybap ýaşaýyş derejesini üpjün etmek ugrunda düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Öňdebaryjy dünýä tejribesine, ylma, bilime we iň täze tehnologiýalara daýanmak ýörelgesi Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň ilkibaşdan saýlap alan içeri we daşary syýasatynyň düýp özeninde goýlandyr. Milli agzybirlige, syýasy durnuklylyga bil baglamak bilen, ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudaklaryny, şol sanda oba hojalygyny, gurluşyk materiallary senagatyny, nebitgaz, dokma, himiýa toplumlaryny düýpli döwrebaplaşdyrmak, durmuş-medeni ugurly şähergurluşyk ulgamyny, sagdyn durmuş ýörelgelerine esaslanýan bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ileri tutulýan maksatlaryň hatarynda durýar. Milli syýahatçylyk pudagy pajarlap ösýär. Ýurdumyza iri möçberli daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek hem-de olary netijeli özleşdirmek maksady bilen, döwletimizde milli we daşary ýurtly maýadarlaryň netijeli iş alyp barmaklary üçin ýokary amatlyklar döredilýär.

Ministrler Kabinetiniň 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetiň pudaklarynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda öňde goýlan maksatlaryň ýerine ýetirilişiniň netijeleri seljerildi. Berlen hasabatlara laýyklykda, 2023-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň binýatlaýyn makroykdysady görkezijisi, ýagny jemi içerki önüminiň ösüşi 6,3 göterim derejede üpjün edildi. Bu görkeziji senagatda 4,3 göterime, gurluşykda 2,0 göterime, ulag we aragatnaşykda 8,4 göterime, söwda ulgamynda 12,8 göterime, oba hojalygynda 4,4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 5,1 göterime deň boldy. Geçen ýyl, 2022-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 7,8 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 109,4 göterim, çykdajy bölegi 99,8 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp hem-de diňleýji haklarynyň möçberi 9,9 göterim ýokarlandy.

Ýylyň dowamynda milli ykdysadyýetiň hususy böleginde iş alyp barýan ýerli maýadarlaryň girdejileri artyp, goşmaça önümçilikleri gurmak we ýola goýmak işleriniň gerimi giňedi. Iri taslamalary amala aşyrmak maksady bilen daşary ýurt banklaryndan çekilen karzlaryň öz wagtynda gaýtarylmagy, şeýle-de önümi paýlaşmak şertinde iş alyp barýan ýangyç-energetika ugurly daşary ýurt kompaniýalaryň öz serişdeleriniň hasabyna maýa goýmak işiniň depgininiň güýçlenmegi umumy ýylyň ahyryna özleşdirilen maýa goýum görkezijisiniň ýokary depginde ösmegine getirdi.

Döwletimizde iri möçberli, kämil ylym-tehnologiýaly, ýokary sygymly senagat toplumlaryny gurmak işleri hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürlen döwrebap ykdysady strategiýa laýyklykda amala aşyrylýar. Milli ykdysady ösüşiň ähli ugurlarynda geljegi nazarlaýan her bir başlangyçda, tutumly işlerde, ägirt uly taslamalary amala aşyrmakda berk jogapkärçilik, işi hökmany tertipnama laýyk ýerine ýetirmek hem hasabatlylyk ýörelgesi pugta ileri tutulýar. Döwlet dolandyryş düzümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça bellenen çäreler hut şu maksada gönükdirilendir.

Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz agrosenagat toplumynyň işini döwrebap guramak barada karara gelendigini belläp, toplumda Oba hojalyk ministrliginden bölünip aýrylan täze düzümleriň döredilýändigi hakyndaky resminama gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň agrosenagat toplumynyň işini düýpli özgertmek boýunça kabul eden çözgüdi ykdysady netijeliligi, oba ilatynyň abadançylygyny has-da artdyrmaga, pudagy düýpli döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilenligi bilen tapawutlanýar. Täze düzümleriň öňünde, ilkinji nobatda, oba hojalyk önümçiliginiň sebitleýin ýöriteleşdirilmegini, pudaga «ýaşyl» energiýa, serişde we suwy tygşytlaýjy tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyny, maldarçylygyň ot-iýmlik binýadynyň kämilleşdirilmegini üpjün etmek maksatlary bellenilýär.

Türkmenistanyň umumy ilatynyň 52,9 göterimi oba ýaşaýjylarydyr, ýagny zähmete ukyply ildeşlerimiziň aglaba bölegi oba ýerlerinde ýaşaýar. Bu görkeziji oba ilatynyň zähmet üpjünçiligi bilen bagly meseleleriň ähmiýetini artdyrýar. Agrar toplumda gazanylýan düýpli öňegidişlikler oba hojalygyna, topraga öz ykbalyny baglan ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmaga giň ýol açýar. Bu pudakda işleri toplumlaýyn guramagyň we dolandyrmagyň täze, öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagy, kämil ylmyň, oňyn dünýä tejribesiniň naýbaşy nusgalarynyň önümçilige netijeli çekilmegi ýerleriň hasyllylygynyň ýokarlanmagyna, ýokary hilli sarp ediş önümleriniň üznüksiz esasda öndürilmegine ýardam berýär. Jepakeş daýhanlaryň ýadawsyz zähmeti bilen abadan ýaşamagy, netijeli işlemegi, ekologik taýdan arassa azyk önümlerini boldan öndürmegi üçin zerur şertler döredilýär. Eýeçiligiň görnüşine garamazdan, azyklyk oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin berilýän maliýe goldawynyň önümçilik çäreleriniň netijesinde, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2023-nji ýylda öndürilen gök önümleriň möçberi 9,4 göterim, azyklyk bakja önümleri 4,0 göterim, miweler, ir-iýmişler 1,1 göterim, ýeralma 5,5 göterim, et (diri agramda) 0,8 göterim, şöhlat önümleri 7,7 göterim, süýt we süýtturşy önümleri 1,7 göterim, gaplanan miwedir gök önümler 5,5 göterim, mesge ýagy 6,8 göterim möçberde artdy.

Agrar ugurly täze, döwrebap birleşikleriň, konserniň döredilmeginiň asyl maksady agrosenagat pudagynyň işini ösen talaplara laýyk ýola goýmaga, önüm öndürijileriň gyzyklanmalaryny we kanuny bähbitlerini goramaga gönükdirilendir. Bu çäreler ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak, tehniki hyzmatlara, ýere, suwa, dökünlere we beýleki önümçilik harajatlaryna bolan hajatlary öz wagtynda, dolulygyna kanagatlandyrmak ýörelgelerine esaslanýar. Ekerançylyk we maldarçylyk maksatly ýerleriň netijeli peýdalanylmagyny gazanmak, täze kuwwatly oba hojalyk tehnikalaryny, döwrebap tehnologiýalary işe ornaşdyrmak, netijeli maliýe goldawyny bermek, önümçilik gorlarynyň rejeli peýdalanylmagy üçin jogapkärçiligi ýokarlandyrmak, mülkdarlaryň, kärendeçileriň, hususy ýer eýeleriniň, oba hojalygynda iş alyp barýan kiçi we orta telekeçileriň hukuklaryny hem borçlaryny kanuny esasda berkitmek wezipeleriniň ähmiýeti ýokary bolmagynda galýar. Oba zähmetkeşlerine berilýän döwlet goldawyny has-da kämilleşdirmek, meýdan işlerini, ylaýta-da, suw gorlarynyň sarp edilişini berk gözegçilikde saklamak, oba ýerlerinde gaýtadan işleýän senagat önümçiliginiň gerimini giňeltmek, oba hojalyk ylmyny ösdürmek bu toplumyň öňünde durýan möhüm wezipelerdir. Hormatly Prezidentimiz giňişleýin mejlisiň barşynda zähmete ukyply oba ilaty babatynda zähmet bazarynyň iň ýokary çeýeliginiň üpjün edilmelidigini, oba adamlarynyň maddy zerurlyklarynyň, mümkin boldugyça, doly kanagatlandyrylmalydygyny nygtady. Toplumyň işinde oba ýerlerinde ýaşaýan ildeşlerimiziň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, oba hojalyk pudagynda zähmet çekýänleriň bilim we hünär taýýarlygyny yzygiderli kämilleşdirmek meseleleri ileri tutulýar.

Bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, daýhanlaryň ýere bolan höwesini artdyryp, yhlasly zähmet çekmekleri üçin ähli şertleri döretmek, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen kabul edilen täze resminama oba ilatynda uly seslenme döretdi. Türkmenistanda 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş bahasy 2 müň manat möçberde; nah pagtanyň bir tonnasy üçin döwlet satyn alyş bahalary ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra çenli 5 müň manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 4 müň 770 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 4 müň 550 manat möçberde; ýüpek pagtanyň bir tonnasy üçin döwlet satyn alyş bahalary ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra çenli 6 müň 700 manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 6 müň 400 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 6 müň 100 manat möçberde bellenildi. Döwletimizde agrar önümçiligiň gerimini giňeltmek, möwsümleýin işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýerleriň hakyky eýelerini tapmak, hususy önüm öndürijilere kepillendirilen goldawy bermek ýörelgesi ýurt derejesinde azyk bolçulygyny maksatnamalaýyn esasda durnukly pugtalandyrmagyň aýrylmaz şertidir. Bu çäreler ilatyň gündelik sarp edýän önümleriniň öndürilişini, agrosenagat önümleriniň senagat taýdan gaýtadan işlenilişini ýokarlandyrmak, ter we gaplanan miweleriň, gök önümleriň ýylyň dört paslynda satyn alyjylara elýeter bolmagyny gazanmak wezipelerini üstünlikli çözmäge ýardam berýär.

Ykdysady ösüş ilatyň ýaşaýyş-durmuş abadançylygyny ýokarlandyrmagyň, maşgala ösüşini goldamagyň maddy binýadyny üpjün edýär. Ýurdumyzda 2023-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 78 sany önümçilik, medeni-durmuş ugurly binadyr desgalar açylyp ulanyşa berildi. Önümçiligiň gerimini artdyrmagyň hasabyna öndürilen önümleriň eksportyndan döwletimiziň hazynasyna 11,4 milliard amerikan dollary möçberinde walýuta girdejisi üpjün edildi. Bu netijeler ýurdumyzyň ilatynyň jan başyna düşýän hakyky JIÖ paýynyň artýandygyna şaýatlyk edýär. 2023-nji ýylda «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň binalar toplumynyň birinji tapgyrynyň, şeýle-de okuw, önümçilik we ýaşaýyş-durmuş maksatly ençeme binalardyr desgalaryň açylyş dabaralary uludan toýlanyldy.

Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna Türkmenistanda durmuş-ykdysady ösüş we maýa goýumlar boýunça ýyllyk Maksatnamanyň kämilleşdirilen taslamasy hödürlenildi hem-de tassyklanyldy. Ol ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýedi ýyllyk Prezident Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri hem-de 2024-nji ýylyň Döwlet býujetinde göz öňünde tutulan taslamalary ýokary hilli, öz wagtynda amala aşyrmaga gönükdirilendir. Döwlet syýasatynda ileri tutulýan durmuş ugurlaryny ösdürmek çärelerini nazarlaýan Maksatnama 2024-nji ýylyň hasabaty üçin meýilnamalaşdyryş döwrüniň çaklamasyny öz içine alyp, onuň çäklerinde maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 38,5 milliard manat möçberde maýa goýumlaryň özleşdirilmegi nazarda tutulýar. Şol sanda onuň önümçilik böleginde 26,1 milliard manatlyk maýalyk serişdeleri özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu ýylda özleşdirilmegi göz öňünde tutulan düýpli maýalaryň döwlete degişli böleginiň paýy 59,6 göterime ýa-da 22,9 milliard manada, döwlete dahylsyz böleginiň paýy 30,2 göterime ýa-da 11,6 milliard manada, daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy hem 10,2 göterime ýa-da 3,9 milliard manada deň bolar. Üstümizdäki ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdiriljek maýa goýumlaryň düzüminde kärhanalaryň we guramalaryň öz serişdeleriniň paýy 53,0 göterim, karz ugurly çekilen serişdeler 12,1 göterim, döwletiň býujet serişdeleri 5,4 göterim, döwlet serişdeleri 11,3 göterim, daşary ýurt maýa goýumlary 10,2 göterim, gaýry serişdeler 8,0 göterim möçberden ybaratdyr. Diýmek, 2024-nji ýylda hem milli we daşary ýurt pulunda özleşdiriljek maýa goýumlar ösüşiň esasy hereketlendiriji güýji bolmagynda galar. Şol nukdaýnazardan, şu ýylda Döwlet býujeti maýa goýumlaryň özleşdirilişiniň ýokary derejede saklanmagy meýilleşdirildi, şeýle netije, esasan-da, kärhanalaryň öz serişdelerinden goýjak hususy maýasynyň hasabyna gazanylar. 2024-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 6,3 göterim derejede ýa-da 231,0 milliard manat möçberde bolar diýlip çaklanylýar.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, 2024-nji ýylda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde jemi 53 sany iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň, desgalaryň gurluşygynyň tamamlanmagy hem-de ulanmaga berilmegi maksat edinilýär. Olardan saglygy goraýyş, bilim, sport we medeniýet ojaklaryny, inženerçilik ulgamlaryna degişli desgalaryň taslamalarynyň jemi 26-syny döwletiň býujet serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmek meýilleşdirilýär. Maksatnama laýyklykda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak üçin ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabatda esasy meýdany 430 müň inedördül metre deň bolan ýaşaýyş jaýlary, 5360 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň, 1200 orunlyk mekdebe çenli çagalar terbiýeçilik edaralarynyň taslamalary, başga-da birnäçe medeni-durmuş, ýaşaýyş jaý-jemagat, hyzmatlar, bezeg-seýilgäh ugurly taslamalar amala aşyrylar. Paýtagtymyzda bir gije-gündiziň dowamynda 50 müň kub metr agyz suwuny arassalaýan desganyň, «Dokmaçylar» medeni merkeziniň, Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerasty awtoduralgaly söwda, medeni-dynç alyş, işewürlik merkeziniň, Aşgabat şäheriniň gulluklarynyň binasynyň, Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de bagy-bossanlyk toplumynyň, «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 13 sany döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, seýilgäh toplumynyň, 400 orunlyk Halkara sagaldyş we dikeldiş, 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň gurluşygyny tamamlap, açmak meýilleşdirilýär. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde täze, döwrebap uly obalaryň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň, Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýaşaýyş jaýlar toplumynyň, Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň çäginde täze ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynyň, Köneürgenç etrabynyň Täzeýol geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäniň, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda iri sement zawodynyň ikinji tapgyry, Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň, Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan awtomobil ýolunyň ugrunda 40 sany 4 gatly, 32 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň daşky basyşly lagym ulgamynyň, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň Bitaraplyk köçesiniň ugrunda 500 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň, Tagtabazar etrabynyň Saryýazy geňeşliginiň Saryýazy obasynda 160 orunlyk täze çagalar bakja-bagynyň, başga-da birnäçe binalardyr desgalaryň gurluşyklary bar. Bu Maksatnamanyň eýýäm üstünlikli amala aşyrylyp başlanandygy guwandyryjydyr.

Gysga möhletli döwre niýetlenen bu Maksatnama laýyklykda, gurulmagy göz öňünde tutulýan täze, döwrebap desgalaryň ählisi diýen ýaly, ýerli kompaniýalar, ýagny milli potratçylar tarapyndan ýokary hilli gurlup, bellenen wagtynda ulanyşa giriziler. Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň sebitlerinde gurlup ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş maksatly desgalaryň, önümçilik ugurly maldarçylyk we guşçulyk toplumlarynyň, balykçylyk hojalygynyň, däne saklanylýan elewatoryň, ýyladyşhanalaryň, sowadyjy ammarlaryň gurluşygynyň hem bu meýilnamada orun alandygyny bellemek gerek. Eýýäm iki aýy jemlenen hasabat ýylynyň çaklamalaryna girizilen häzirki hereket edýän nyrh, pul-karz syýasatynyň kämilleşdirilen görnüşi döwletiň býujet we karz ýagdaýynyň hem bu ýylda gowy netijeleri görkezjekdigine, maliýe durnuklylygynyň oňyn dowam etjekdigine, ýokarda ady agzalan binadyr desgalaryň öz wagtynda, ýokary hilli gurlup ulanyşa tabşyryljakdygyna ynamy artdyrýar. 1-nji martda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ykdysady düzümiň ýolbaşçysynyň ýanwar-fewral aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada beren hasabaty munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Hasabatdan görnüşi ýaly, üstümizdäki ýylyň iki aýynda maksatnama laýyklykda göz öňünde tutulan çäreleriň öz wagtynda, üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji senagatda 5,6 göterime, gurluşykda 0,2 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 6,6 göterime, söwdada 8,1 göterime, oba hojalygynda 3,9 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,4 göterime deň boldy.

Şu ýylyň hasabat döwründe, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 7,9 göterim artyp, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýalaryň möçberi 2,5 milliard manada, bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 19,1 milliard manada deň bolup, degişlilikde, 24,6 we 10,5 göterim ösüş gazanyldy. Şeýle-de ýurdumyz boýunça ortaça aýlyk zähmet haklary 10,3 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 6 milliard manat möçberinde, 103,3 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 4 milliard manat möçberinde, 97,5 göterim ýerine ýetirildi. Täzeçe düzülen ýyllyk maksatnamanyň düzümini «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» amala aşyrylmagy meýilleşdirilen işleriň şertleri bilen deňeşdireniňde, onda täze, köp sanly oňyn üýtgeşmeleriň orun alýandygyny görmek bolýar.

Aýratyn-da, maksatnamada gysga döwürde ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň köpugurlylygyny gazanmaga, Döwlet býujetiniň girdejilerini gaýry çeşmeleriň hasabyna artdyrmaga, çykdajy bölegini maksatlaýyn ulanmaga, şeýle-de milli ykdysadyýetiň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň düýbünden başgaça usullaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler göz öňünde tutulýar. Netijede, ýurt möçberinde jemi önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,4 göterime çenli ýokarlandyrmak, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 20,7 milliard amerikan dollaryna ýetirmek, iri senagat kärhanalaryny gurmagyň hasabyna jemi 3000-e golaý täze iş orunlaryny döretmek maksat edinilýär. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň birinji we ikinji derejeli karz edaralary resmi hasabatlaýyn döwürde milli ykdysadyýete daşarky şertleriň ýetirýän täsiriniň öňüni almak, durnuklylaşdyryş gaznasynyň serişdelerini netijeli ulanmak, hususy kärhanalary, telekeçilik önümçiliklerini ösdürmek, töleg ödeýjilik bilen bagly karzlary yzygiderli bermek, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalara berilýän maliýe goldawyny, çekilýän erkin serişdeleri ýokarlandyrmak, nagt däl hasaplaşyklaryň göwrümini giňeltmek, milli puluň hümmetini saklamak, bank hyzmatlarynyň ilata elýeterliligini artdyrmak, hyzmatlaryň döwrebap sanly hem-de şol derejede goragly usullaryny ornaşdyrmak, maliýe ulgamynda ynsapsyz iş emelleriniň öňüni almak ýaly çäreler işlenip düzüldi.

Bu sepgitleriň üstünlikli amal edilmegi ýylyň ahyryna çenli döwletiň esasy makroykdysady görkezijilerinde özüniň aýdyň beýanyny tapar hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga saldamly goşant goşar. Maksatnama ykdysady ösüşiň möhüm guraly hasaplanylýan iri möçberli önümçilikleriň yzygiderli artdyrylmagyny şertlendirmek bilen, ilatyň jan başyna düşýän milli harytlyk önümleriň möçberiniň köpelmegine, şeýle-de eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyna getirer. Milli ykdysadyýetiň häzirki ösüşine ýurdumyzda işsizligiň pes derejede saklanýandygy nukdaýnazaryndan seretsek, ol her ýylda aýlyk zähmet hakynyň ösüşini ähli çaklama gözýetiminden has ýokarda kesgitlemäge mümkinçilik berýär. 2023-nji ýylda milli puluň hümmeti zähmet haklarynyň hem-de beýleki durmuş ugurly tölegleriň milli manadyň hakyky hümmetiniň derejesine indekslenmeginiň hasabyna has-da artyp başlady. Şeýle ýagdaý milli manadyň hümmetiniň şu ýylda-da belli bir derejede ýokarlanjakdygyny çaklamaga esas döredýär. Diýmek, 2025-nji ýylda milli puluň hümmetiniň has ýokary derejä ýetmegine garaşyp bolar. Milli hasaplamalara görä, ilkinji nobatda, döwlet Baştutanymyz tarapyndan kesgitlenen, köp sanly ileri tutulýan ugurlary ösdürmekde, daşarky şertlere hakyky baha bermekde durmuşa geçirilýän ykdysady syýasata laýyklykda, milli puluň Maksatnamada görkezilen hümmeti býujetiň girdeji we çykdajy çaklamalary üçin ulanmaga amatly hasaplanyldy. Munuň özi Maksatnamada berlen çaklamalary ulanyp, geljek üç ýyl üçin orta möhletli Döwlet býujetini düzmäge mümkinçilik berýär.

Ýyllyk hasabat mejlisiniň barşynda abraýly halkara guramalar we dünýäniň ykdysady taýdan kuwwatly döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmekde, çuňlaşdyrmakda Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigi bellenildi. Milli strategiýa laýyklykda, Türkmenistan sebitde we tutuş dünýäde halklaryň arasynda dostlugy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýörelgelerine berk eýerýän, özüniň hoşniýetli Bitaraplyk derejesiniň hukuk gurallaryny umumadamzat bähbitlerine gönükdirýän döwlet hökmünde halkara abraýdan peýdalanýar. Bu ugurda ädilen parahatçylyk söýüjilikli ädimler sebitde syýasy durnuklylygyň ygtybarly kepili bolup çykyş edýär. Aýratyn-da, döwrebap, howpsuz, ykjam we amatly halkara ulag-logistika ulgamyny kemala getirmekde döwletimiziň öňe sürýän asylly başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Dünýä ösüşiniň häzirki çylşyrymly döwründe bu çäreleriň zerurlygy, öz wagtyndadygy diplomatik pikir-garaýyşlarda, düýpli ykdysady we syýasy seljermelerde doly ykrar edilýär, goldanylýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen kabul edilýän, durmuşa geçirilýän toplumlaýyn ösüş maksatnamalarynyň, sebitleri we tutuş ýurdumyzy ykdysady taýdan pugtalandyrmaga gönükdirilen gysga hem uzak möhletli meýilnamalaryň, köpugurly konsepsiýalaryň bellenen wagtynda amala aşyrylmagy ýetilen sepgitlere dürs baha bermäge, gazanylan netijeleri takyk kesgitlemäge, düýpli seljermelere, ylma esaslanýan çaklamalara daýanmak bilen, ykdysady ösüşi has-da ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Ýurdumyzyň erkin bazar gatnaşyklaryna geçmeginiň häzirki möhüm tapgyrynda milli ykdysadyýetimiziň öňünde hil taýdan täze wezipeler durýar. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda pudak ýolbaşçylarynyň öňünde milli ykdysadyýetimizi gysga, orta we uzak möhletleýin ösdürmegiň çäklerinde ýerine ýetirilmeli işleriň tutuş bir toplumyny kesgitledi. Milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň ýagdaýyny häsiýetlendirýän maglumatlara esaslanyp, döwletiň berýän maliýe mümkinçiliginden ýerlikli peýdalanmak tabşyryldy, şol bir wagtda söwda hem hyzmatlar ulgamynda iri maýa goýum işjeňligini artdyrmak, önümleriň täze görnüşlerini kemala getirmek, importyň möçberini azaltmak, dünýäniň ösen döwletleriniň erkin bazarlarynda açyk söwdany guramak, eksporty ýokarlandyrmak wezipesi şol işleriň esasy ugurlary bolup durýar diýlip bellenildi. Milli ykdysadyýetiň garyşyk eýeçilikli modelini kemala getirjek erkin ykdysady zolaklaryň döredilmegi, olaryň çäklerinde ilatyň gündelik sarp edýän önümleriniň täze önümçiliklerini ýola goýmak, ykdysady özgertmeleri ýerine ýetirmegiň barşynda amatly maýa goýum taslamalaryny çekmek boýunça amala aşyrylýan oňyn başlangyçlar ýurdumyza gelýän daşary ýurtly işewürlere giň mümkinçilikleri açýar.

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň «Fitch Ratings» halkara reýting agentligi tarapyndan Türkmenistanyň ykdysadyýetine «B» derejede gysga möhletli we «B+durnukly» derejede uzak möhletleýin oňyn görkezijileriň gaýtadan berilmegi daşary ýurtly maýadarlar üçin türkmen ykdysadyýetiniň durnukly bolmagynda galýandygyny aýtmaga mümkinçilik berýär.

Belent maksatlar, buýsançly sepgitler agzybir, zähmetsöýer halkymyzy täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Üstümizdäki ýylda maksatnamalaýyn çäreleriň giň gerimde, strategik esasda durmuşa geçirilmegi, ilki bilen, Döwlet býujetine gelip gowuşýan salgytlardan gaýry girdejileri artdyrmak, bazar gatnaşyklaryna, sanly ykdysadyýete doly geçişi üpjün etmek, döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyny tizleşdirmek, başga-da köp sanly oňyn ykdysady ädimleriň ädilmegi bilen aýrylmaz baglydyr. Binýady berkden tutulan kuwwatly döwletimiziň milli ykdysadyýetini pugtalandyrmakda ak ýürekden, halal zähmet çekmek her birimiziň jana-jan borjumyzdyr. Bize bu ugurda ajaýyp mümkinçilikleri döredýän hem-de nusgalyk görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

Hangeldi GURBANGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň Ykdysady töwekgelçilikleri seljeriş müdirliginiň başlygy.