«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
2021-nji ýylyň 12-nji martynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňesiniň nobatdaky 89-njy mejlisi geçirildi

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan 2021-nji ýylyň 12-nji martynda ministrligiň edara binasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen GDA-nyň Ykdysady geňesiniň nobatdaky 89-njy mejlisine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysady ministri we ministrligiň wekilleri gatnaşandylar.

Mejlisi GDA-nyň Ykdysady geneşiniň başlygy, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary I.Petrişenkonyň ýolbaşçylygynda geçirildi.

GDA-nyň Ykdysady geneşiniň nobatdaky 89-njy mejlisine Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Ýa.Eýubow, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasar M.Grigorýan, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy A.Owerçuk, Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary D.Said, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Ykdysady ösüş we garyplygy azaltmak boýunça ministri D.Kuçkarow, GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça Komissiýasynyň Gazagystan Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili Ýe.Žanaýew, GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça Komissiýasynyň Gyrgyz Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili A.Ryskulowa, Moldowa Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi W.Golowatýuk, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň orunbasary I.Nematow we D.Terfilow dagylar gatnaşdylar.

Mejlisde GDA-nyň agza döwletleriniň ilatynyň iş üpjünçiligini ösdürmek ugrundaky hyzmatdaşlyk baradaky şertnamanyň taslamasy hakyndaky, GDA-nyň agza döwletleriniň çäklerini arassaçylyk taýdan goramak pudagyndaky hyzmatdaşlyk baradaky şertnamanyň taslamasy hakyndaky hem-de GDA-nyň agza döwletleriniň ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy bilelikdäki hereketleriň orta möhletli meýilnamasynyň taslamasy hakyndaky resminamalaryna seredildi we ara alyp maslahatlaşyldy.

GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň Moskwa şäherinde 2021-nji ýylyň 18-nji iýunynda geçirilmegi meýilleşdirildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň halkara maliýe guramalary we düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde we ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözlerini beýan etdiler. Mähriban Watanymyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň hemişe aman, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagyny arzuw etdiler.



Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi