Ähli babatda dünýäniň ösüşleri bilen deň gadam urýan ýurdumyzda akyl-paýhas işiniň önümlerini goramak boýunça-da zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Aň-paýhas işjeňliginiň goragy barada gürrüň edilende, köplenç, «intellektual eýeçilik» diýen düşünje bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Eýsem-de, bu düşünje haçan, nähili ýüze çykdy we ýurdumyzda aň-paýhas işiniň önümlerini goramak boýunça nähili işler amala aşyrylýar?
1967-nji ýylda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasynyň döredilmegi baradaky Konwensiýa gol çekilýär. Guramanyň esaslandyryjy resminamalaryna laýyklykda, intellektual eýeçilik düşünjesi edebi, çeperçilik we ylmy eserlere (şol sanda kompýuterleriň maksatnama üpjünçiliklerine), sungat ussatlarynyň çykyşlaryna, ses ýazgylaryna, radio we telewideniýede ýaýlyma goýberilýän gepleşiklere, adam işiniň ähli çygyrlaryndaky oýlap tapyşlara, senagat nusgalaryna, haryt nyşanlaryna, hyzmat ediş nyşanlaryna, firma atlaryna we söwda belgilerine, önümçilik, ylmy, edebi we çeperçilik çygrynda intellektual eýeçilige degişli bolan beýleki hukuklary öz içine alýar.
Ýurt Garaşsyzlygymyzy gazanmagymyz bilen Türkmenistanda hem intellektual eýeçiligiň goragy kanunçylyk taýdan berkidildi. 1992-nji ýylda kabul edilen «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ylmy intellektual (akyl) eýeçilik – munuň özi ylmy barlag, proýektirleýiş, gözleg tejribe-konstruktorçylyk we tejribe-tehnologik işleriň netijelerine bolan eýeçilikdir.
«Algoritmleriň, elektron hasaplaýjy maşynlar (EHM) üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiýasynyň hukuk taýdan goralyşy hakynda», «Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda», «Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda», «Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň nyşanlaryny peýdalanmak we goramak hakynda», «Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda», «Senagat nusgalarynyň hukuk goragy hakynda», «Haryt nyşanlary hakynda», «Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakynda», «Firma atlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary ýurdumyzda intellektual eýeçilik hukugynyň goragyny üpjün edýän resminamalardyr.
Intellektual eýeçilik nazaryýetiniň esasy düşünjesi adamzadyň zähmetiniň ähli miweleriniň (maddy obýektler ýa-da döredijilikli zähmetiň netijeleri) onuň öz eýeçiligi bolup durýandygyny aňladýar. Şunlukda, döredijilikli zähmetiň netijelerini döredijiniň olardan peýdalanmaga aýratyn hukugy bardyr. Ýöne şu ýerde döredijiniň maddy obýektiň özüne däl-de, diňe maddy obýekti döretmekde ulanylan pikire bolan hukugynyň bardygyny hakykatyň hatyrasy üçin bellemek gerek.
Garaşsyz Watanymyzda ylym-bilimi, medeniýeti, sungaty ösdürmek, adamyň akyl zähmetiniň netijelerini goramak, raýatlarymyzy döredijilik üstünliklerine ruhlandyrmak ugrunda dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, beýik işleri rowaç bolsun!
Batyr GUTLYMYRADOW,