Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik

1. LOT № 23.

Ministrligiň mobil programma üpjünçiligini gurnamak üçin gerek bolan enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

2. LOT № 25.

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetini hem-de garamagyndaky kazyýet edaralaryny we degişli edara-kärhanalary sanly ulgam arkaly sazlaşykly işletmek üçin zerur bolan enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti.

3. LOT № 33.

Görogly etrabynyň Aksaraý geňeşliginiň Ilaman obasynda kuwwatlylygy 10/0,04 kW bolan elektrik howa geçiriji ulgamynyň gurluşyk gurnama işleri üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

4. LOT № 37.

Lebap welaýat gümrükhanasyna degişli bolan umumy ýaşaýyş jaýynyň binasynyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy.

5. LOT № 43.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli 2024-nji ýylyň maý aýynda Aşgabat şäherindäki «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde (amfiteatr) gurnaljak sahna üçin zerur bolan gurnama enjamlary, LED ekranlary, ses ýaýyjy hem-de yşyklandyryjy enjamlary kärendesine almak, baner bezegleri bilen üpjün etmek hyzmatlaryny ýerine ýetirmek.

Buýrujy: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi.

6. LOT № 51.

Daşoguz welaýatynyň Jemagat hojalygy birleşiginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň hasabyndaky bar bolan ýyladyş desgalaryna gaz hasaplaýjy enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

7. LOT № 52.

«Daşoguzwelaýatagyzsuw» birleşiginiň garamagyndaky etrap agyz suw bölümlerine gerekli çuňluk we konsol nasoslaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

8. LOT № 55.

Gullugyň zerurlygy üçin kompýuter enjamlaryny we çap ediji serişdeleri, onuň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

9. LOT № 57.

Daşoguz şäheriniň käbir seýilgählerini, ýörite meýdançalaryny, seýilbaglaryny düýpli abatlamak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

10. LOT № 58.

Daşoguz şäheriniň Bitaraplyk şaýolunyň ugrunda ýerleşýän, 4 gatly, 16 öýli 1 sany hem-de 4 gatly, 32 öýli 2 sany ýaşaýyş jaýlarynyň daşky inžener ulgamlaryny gurmak, olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

11. LOT № 66.

Ministrligiň degişli edaralaryna zerur bolan daşky yşyklandyryjylary (prožektorlary) satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

12. LOT № 69.

«Aşgabatagyzsuw» birleşiginiň önümçiliginde zerur bolan ätiýaçlyk şaýlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

13. LOT № 81.

Aşgabat şäheriniň arassalanan lagym suwlary bilen suwarymly ýerleri suwarmak üçin täze ýerleri özleşdirmek (I tapgyr), Ahal welaýatyndaky suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak (II tapgyr), Balkan welaýatyndaky suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak (II tapgyr) hem-de Daşoguz welaýatyndaky suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak (II tapgyr) üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi.

14. LOT № 84.

Zergär şäherçesinde Zelili, Mollanepes, Magtymguly, Gurbansoltan eje, Bitaraplyk seýilgähleriniň yşyklandyryş ulgamynyň durkuny täzelemek üçin enjamlary we gurluşyk harytlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

15. LOT № 85.

Aşgabat şäherindäki köprüleriň nasoslarynda we ýagyş suw ulgamlarynda abatlaýyş işlerini geçirmek üçin gerek enjamlary hem-de harytlary satyn almak.

Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

16. LOT № 86.

«Zeýsuw we suwaryş» müdirligine gerek bolan akkumulýator batareýalaryny we tekerleri satyn almak.

Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

17. LOT № 88.

Polisiýanyň ýol gözegçilik müdirligine Ahal welaýatynyň Gökdepe — Bäherden etraplarynyň aralygynda awtoulaglaryň tizligini matematiki usulda ölçeýjini gurnamak üçin enjamlary we programma üpjünçiligini satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

18. LOT № 91.

«Daşoguzwelaýatagyzsuw» birleşiginiň garamagyndaky etrap agyz suw bölümlerine hem-de «Köneürgençagyzsuw» müdirligine gerekli awtoulag tekerlerini satyn almak.

Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

19. LOT № 96.

Ministrligiň garamagyndaky edara kärhanalara gerek bolan harytlary we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

20. LOT № 97.

Gullugyň serhet birikmelerine hem-de harby bölümlerine suw sorujy we kowujy nasoslary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

21. LOT № 103.

Ýol çyzgylaryny çyzmak üçin boýaglary satyn almak.

Satyn alyjy: Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi.

22. LOT № 104.

Türkmenabat şäheriniň käbir köçeleriniň yşyklandyryş ulgamynyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

23. LOT № 105.

Kerki şäheriniň Täze ýol köçesiniň yşyklandyryş ulgamynyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

24. LOT № 106.

Degişli çäkleriň yşyklandyryş ulgamynyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

25. LOT № 107.

Gullugyň şahsy düzüminiň zerurlyklary üçin kir ýuwujy serişdeleri satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

26. LOT № 122.

Jemagat hojalygy birleşigine degişli jemagat ýaşaýyş jaýlary üçin gerek bolan zir-zibil atylýan gutulary satyn almak.

Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

27. LOT № 128.

Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrundaky yşyklandyryş ulgamlaryny LED çyralaryna geçirmek üçin enjamlary we gurluşyk harytlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

28. LOT № 130.

Gullugyň gämilerine we katerlerine akkumulýator batareýalaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

29. LOT № 139.

Gullugyň zerurlygy üçin awtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlaryny, tekerlerini, akkumulýator batareýalaryny, elektrik habar beriş toplumlarynyň enjamlaryny hem-de gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

30. LOT № 142.

Lebap welaýatynyň elektrik üpjünçiligini gowulandyrmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

31. LOT № 145.

Gökdepe şäheriniň Gündogar köçesiniň (1-nji görnüş 40 km) kesişýän ýerinde ýol hereketiniň gatnawyny kadalaşdyryjyny (swetafory) gurmak hem-de Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň geçýän böleginde, ilatly ýerlere sowulmalara magistral ýoly kesip geçmeleriň gurluşy boýunça işleriň alnyp barylýan desgasyna gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

32. LOT № 153.

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň 2 sany geňeşliginiň we etrabyň şäherçesiniň köçeleriniň ýaşaýyş jaýlarynyň elektrik üpjünçiligi hem-de elektrik geçiriji howa ulgamynyň gurluşyk-gurnama işleri üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

33. LOT № 154.

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginde 4 gatly, 24 öýli 2 sany ýaşaýyş jaýynyň daşky inžener ulgamlary we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryş işleri üçin gurluşyk harytlaryny hem-de enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

34. LOT № 155.

Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesiniň Garagöl obasynyň suw geçirijisiniň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

35. LOT № 156.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çägindäki täze, döwrebap obanyň suw arassalaýjy desgasynyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

36. LOT № 169.

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesiniň günbatar tarapynda 4 gatly, 32 öýli 2 sany hem-de 48 öýli ýaşaýyş jaýlaryny daşarky we içerki inžener ulgamlary bilen bilelikde gurmak üçin enjamlary, gurluşyk harytlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

37. LOT № 170.

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Altyn nesil köçesiniň ugrunda mümkinçilikleri çäkli we durmuş goldawyna aýratyn mätäçlik çekýän raýatlar üçin 4 gatly, 48 öýli 1 sany ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin enjamlary hem-de gurluşyk harytlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

38. LOT № 171.

Dürli görnüşdäki we ölçegdäki ýol belgilerini satyn almak.

Satyn alyjy: Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi.

39. LOT № 172.

Daşoguz welaýatynda suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak (II tapgyr) üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi.

40. LOT № 174.

Gap-gaç ýuwujy serişdeleri satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

41. LOT № 178.

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky suw howdanynyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi.

42. LOT № 179.

Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň hem-de S.Türkmenbaşy şäheriniň elektrik geçiriji howa ulgamynyň gurluşygy, ýaşaýyş jaýlarynyň elektrik üpjünçiligi (jemi 6 desga) üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

43. LOT № 180.

Daşoguz şäheriniň A.Nyýazow köçesiniň ugrundaky 4 gatly, 16 öýli 2 sany ýaşaýyş jaýynyň daşky inžener ulgamlary we abadanlaşdyryş işleri hem-de gurulýan 2 girelgeli 4 gatly, 16 öýli 2 sany (3 we 4 belgili) ýaşaýyş jaýynyň daşky inžener ulgamlary, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryş işleri üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

44. LOT № 181.

Köneürgenç etrabynda täze, döwrebap şäherçä barýan awtomobil ýolunyň ugrundaky «Han ýap» hem-de «Zeý» kanallaryny kesip geçýän köprüleriň gurluşyk işleri üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

45. LOT № 182.

Daşoguz şäherinde gurulýan ýaşaýyş jaý we desgalar toplumyna barýan hem-de onuň içerki agyz suw, lagym geçiriji ulgamlaryny №1 we №2 suw sorujy desgalary suw eltiji ulgamy bilen bilelikde, daşky agyz suw we lagym geçiriji ulgamlary, 1-nji we 2-nji LSD-nyň howdanyň lagym geçirijileri, toplumyň basyşly lagym geçirijileri, toplumyň tehniki binalary, transformator beketleri we ýylylyk geçiriji ulgamlary, topluma barýan elektrik geçiriji ulgamlaryň (10kW-ly we 110 kW-ly) gurluşyk-gurnama işleri üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

46. LOT № 186.

Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň suw saklaýjy howuzlarynyň we içerki suw geçirijileriniň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny hem-de enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

47. LOT № 187.

Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliklerini gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

48. LOT № 194.

Bäherden etrabynyň Bamy obasyndaky suw saklaýjy desga we içki agyz suwuny geçiriji ulgam (I tapgyr) üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

Bäsleşik 2024-nji ýylyň 25-nji aprelinde geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary şu salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmalar esasynda alyp bilersiňiz:

Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy — Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.

Telefon belgileri: 39-46-39; 39-46-38; 39-46-32.

Maglumatlar e.fineconomic.gov.tm internet sahypasynda hem ýerleşdirildi.