Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça BÄSLEŞIK

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça

BÄSLEŞIK

1. LOT № 369.

Aşgabat şäheriniň Bilim müdirliginiň garamagyndaky 39-njy, 67-nji orta mekdepleriň we 6-njy, 24-nji, 31-nji, 40-njy, 125-nji, 177-nji, 178-nji, 186-njy çagalar baglarynyň daşky yşyklandyryş we tok ulgamlarynyň abatlaýyş işleri üçin harytlary we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.


2. LOT № 466.

Lebap welaýatynyň çäginde geçirilýän gurluşyk gurnama işleri üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak..

Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi


3. LOT № 468.

Gyzylarbat etrabynyň Gyzylarbat şäheriniň suw arassalaýjy desgalara 30 müň kub metr suw bermek üçin äkidijisi bolan 1-nji we 2-nji göterim suw göteriji beketli suw alyjy desgasynyň gurluşyk işlerine gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi


4. LOT № 476.

Esenguly etrabynyň Esenguly şäherçesindäki kuwwatlygy bir gije-gündizde 20 müň kub metr bolan deňiz suwyny arassalaýjy desgasynyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi


Bäsleşik 2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda sagat 10:00 geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary aşakdaky salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmalar esasynda alyp bilersiňiz. Resminamalar 2024-nji ýylyň 26-njy awgustda, sagat 17:00 çenli kabul edilýär we resminamalar sanly ulgam arkaly Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we ykdysa­dy­ýet mi­nistr­li­giniň e.fineconomic.gov.tm internet sahypasyna tabşyrylmaly.


Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Ar­ça­bil şa­ýo­lu­nyň 156-njy ja­ýy - Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi. Te­le­fon bel­gi­le­ri: 39-46-39; 39-46-38.

Maglumatlar e.fineconomic.gov.tm internet sahypasynda hem ýerleşdirildi.