
MILLI WEZIPELER
11.1. 2030-njy ýyla çenli, ýeterlik, ygtybarly we elýeterli ýaşaýyş jaýlaryna we esasy hyzmatlara we harabalygy döwrebaplaşdyrmaga ähliumumy elýeterliligi üpjün etmek
11.2. 2030-njy ýyla çenli ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmagyň, hususan-da, jemgyýetçilik ulagyndan peýdalanmagy giňeltmegiň esasynda, ynjyk ýagdaýdakylaryň, aýallaryň, çagalaryň, maýyplaryň we gartaşan adamlaryň zerurlyklaryna aýratyn üns bermek bilen, hemmeleriň howpsuz, arzan, elýeter we ekologiýa taýdan durnukly ulag ulgamlaryndan peýdalanyp bilmeklerini üpjün etmek
11.3. 2030-njy ýyla çenli ähli ýurtlarda giňden gatnaşmagyň esasynda hemmeler üçin açyk we ekologiýa taýdan durnukly urbanizasiýanyň we ilatly ýerleri toplumlaýyn we durnukly meýilleşdirmek we olary dolandyrmak üçin mümkinçilikleriň gerimini giňeltmek
11.4. Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak we saklap galmak boýunça tagallalary işjeňleşdirmek
11.5. 2030-njy ýyla çenli ilatyň üpjünçiligi pes we ynjyk toparlaryny goramaga aýratyn üns bermek bilen, betbagtçylyklaryň, aýratyn hem suw bilen baglanyşykly heläkçilikleriň netijesinde aradan çykýanlaryň we zyýan çekýänleriň sanyny düýpli azaltmak we jemi içeri önümiň ýitgileri görnüşinde göni ykdysady zyýany ep-esli peseltmek
11.6. 2030-njy ýyla çenli ilatyň jan başyna hasaplanyňda şäherleriň ekologiýa edýän ýaramaz täsirini azaltmak, şol sanda howanyň hiline we şäher galyndylarynyň we beýleki galyndylaryň aýrylmagyna aýratyn üns bermek bilen
11.7. 2030-njy ýyla çenli howpsuz, elýeter we hemmeler üçin açyk ýaşyl zolaklaryň we jemgyýetçilik ýerleriniň ählumymy, aýratyn hem aýallar we çagalar, gartaşan adamlar we maýyplar üçin elýeterligini üpjün etmek
11.а. Milli we sebitleriň ösüşini meýilleşdirmegiň hilini ýokarlandyrmagyň esasynda şäherleriň, şäherýaka etraplaryň we oba etraplarynyň arasynda oňyn ykdysady, durmuş we ekologiýa arabaglanyşyklary saklamak
11.b. 2030-njy ýyla çenli durmuş päsgelçiliklerini aradan aýyrmaga, serişdeleri peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, howanyň üýtgemeginiň netijelerini gowşatmaga, onuň üýtgemegine uýgunlaşmaga gönükdirilen toplumlaýyn strategiýalary we meýilnamalary kabul eden we amala aşyrýan şäherleriň we ileri ýerleriň sanyny ep-esli köpeltmek we tebigy betbagtçylyklara garşy durmak ukybyny ýokarlandyrmak we tebigy betbagtçylyklary peseltmek boýunça 2015-2030-njy ýyllar üçin Sendaý çarçuwaly maksatnamasyna laýyklykda betbagtçylyklar bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri toplumlaýyn dolandyrmak boýunça çäreleri işläp taýýarlamak we ähli derejelerde ornaşdyrmak 11.b. 2030-njy ýyla çenli durmuş päsgelçiliklerini aradan aýyrmaga, serişdeleri peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, howanyň üýtgemeginiň netijelerini gowşatmaga, onuň üýtgemegine uýgunlaşmaga gönükdirilen toplumlaýyn strategiýalary we meýilnamalary kabul eden we amala aşyrýan şäherleriň we ileri ýerleriň sanyny ep-esli köpeltmek we tebigy betbagtçylyklara garşy durmak ukybyny ýokarlandyrmak we tebigy betbagtçylyklary peseltmek boýunça 2015-2030-njy ýyllar üçin Sendaý çarçuwaly maksatnamasyna laýyklykda betbagtçylyklar bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri toplumlaýyn dolandyrmak boýunça çäreleri işläp taýýarlamak we ähli derejelerde ornaşdyrmak