Golaýda, 16-njy fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beýan edilen şu ýylyň ýanwar aýynda gazanylan makroykdysady görkezijiler ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen mynasyp dowam etdirilýän özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Ilkinji aýda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan netijeler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylyň turuwbaşdan zähmet joşgunyna beslenendigini alamatlandyrýar.
Milli ykdysadyýetiň ösüşini häsiýetlendirmekde makroykdysady görkezijilere aýratyn orun degişli bolup, olaryň seljermesi ösüşiň häzirki zaman ýagdaýyna we mazmunyna doly göz ýetirmäge, ýüze çykýan meseleleridir öňde duran wezipeleri aýdyňlaşdyrmaga, täsir edýän şertleri bahalandyrmaga hem-de ösüşiň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Hökümet mejlisinde şu ýylyň ilkinji aýynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşiniň saklanyp, 6,3 göterim artandygy, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň 8,2 göterim köpelendigi bellenildi.
Ylmy taýdan teswirlenende, jemi içerki önüm we jemi öndürilen önüm milli ykdysadyýetiň önümçilik we önümçilik däl pudaklarynyň ykdysady işleriniň ahyrky netijelerini häsiýetlendirýän görkezijilerdir. Şunda jemi içerki önüm ýurdumyzyň giňişliginde ähli öndürijiler tarapyndan maddy önümçilikde we hyzmatlar ulgamynda öndürilen önümleriň jemi gymmatyny aňladýar. Jemi öndürilen önüm bolsa kesgitli döwrüň dowamynda ýerli öndürijiler tarapyndan öndürilen önümleriň we hyzmatlaryň jemi gymmatyndan ybaratdyr. Soňky görkeziji ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerine ýetirilýän işleriň netijeliliginden habar berýär. Mundan başga-da, bu görkezijiniň esasy aýratynlygy milli önümleri öndürmekde ýurdumyzyň çägindäki tebigy, zähmet we maliýe serişdeleriniň ulanylmagy bilen baglanyşyklydyr. Ahyrky netijede, makroykdysady görkezijileriň ikisi hem milli ykdysadyýetiň häzirki zaman ösüşine giňişleýin baha bermäge ýardam edýär.
Hasabat döwründe jemi öndürilen önümiň ösüş meýline eýe bolmagy goşulan gymmata salynýan salgytlary töleýjileriň sanynyň artýandygyna şaýatlyk edýär. Şol bir wagtda ol başga möhüm makroykdysady görkezijiniň gowulanmagynda öz beýanyny tapýar, has anygy, Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň möçberiniň ýokarlanmagyny şertlendirýär. Bu görkezijileriň aýrylmaz baglanyşygyny anyk sanlar bilen tassyklap bolar: ýagny 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 104,8 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,1 göterim ýerine ýetirildi. Bu maglumatlar milli ykdysadyýetimiziň sagdyn ýagdaýyny we durnukly ösüşini häsiýetlendirýär.
Ykdysadyýet — bu, ilkinji nobatda, birnäçe düzüm birlikleriniň arasynda ýüze çykýan gatnaşyklar bolup, olar näçe sazlaşykly guralan bolsa, ykdysady we durmuş netijeliligi şonça-da ýokary bolýar. Hojalyk subýektleriniň özara gatnaşyklary önümçilik, alyş-çalyş, sarp ediş we paýlamak çygyrlarynda täzeden döredilýär. Şunda sarp edişiň derejesi ilatyň girdejileri bilen göni baglanyşykly bolup, ol tölege ukyplylygyň esasy görkezijileriniň biridir. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ilkinji aýynda bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,6 göterim artdy. Bu görkeziji ilatyň pul girdejilerini harytlara çalyşmak arkaly, ýüze çykýan ykdysady gatnaşyklary aňlatmak bilen, ol satylan harytlaryň umumy mukdaryny görkezýär.
Häzirki döwürde önümçiligi höweslendirmek we girdejileri artdyrmak arkaly, durmuş-ykdysady ösüşiň täze derejesini üpjün etmek döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ykdysady taýdan teswirlenende, ilatyň girdejileri halkyň durmuş hal-ýagdaýynyň häzirki zaman derejesini häsiýetlendirmek bilen, ol ykdysadyýetiň hem-de durmuş ulgamynyň arasyndaky göni baglanyşygy üpjün edýär. Girdejileriň esasy böleginiň sarp ediş çykdajylaryna öwrülip, ýene-de ykdysady ulgama dolanyp gelmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Beýleki tarapdan, bu baglanyşyk zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hasabyna girdejileriň möçberi artdyrylan ýagdaýynda ösüşiň üpjün edilýändigini aňladýar. Häzirki döwürde zähmet haklary ilatyň girdejileriniň esasy çeşmesini emele getirýär. Ýanwar aýynyň jemleri boýunça, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet hakynyň 10 göterim ýokarlanmagy ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda döwlet tarapyndan uly tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Ilatyň durmuş derejesiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmeginiň, esasan, milli ykdysadyýetimiziň üstünliklerine we jemi içerki önümiň ösüşine esaslanýandygy aýratyn guwandyryjydyr. Amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler diňe bir ýurduň ykdysadyýetini pugtalandyrmaga däl, eýsem, gazanylýan ykdysady netijeleri döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek arkaly, adamlaryň hal-ýagdaýynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge hem ýardam berýär. Ykdysady ösüşde gazanylýan şeýle oňyn netijeler ykdysady syýasaty durmuşa geçirmekde täzeçil çemeleşmelerden ýerlikli peýdalanylýandygy bilen baglanyşyklydyr. Has takygy, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” durmuşa geçirmek maksady bilen, her ýyl üçin amala aşyrylmaly wezipeleriň bellenilmegi, olary ýerine ýetirmeli düzüm birlikleriň we ýerine ýetirilmeli möhletleriniň anyk kesgitlenilmegi bu ugurda döwlet dolandyryşynyň netijeliligini artdyrmaga itergi berýän usullaryň biridir.
Ýurdumyzyň sebitleriniň gyradeň ösdürilmegini gazanmakda we olary sazlaşdyrmakda maýa goýum işine aýratyn orun degişlidir. Durmuş-ykdysady ösüşiň kuwwatly iteriji güýçleriniň biri hökmünde maýa goýum syýasaty, bir tarapdan, milli ykdysadyýetiň häzirki makroykdysady ýagdaýy, beýleki tarapdan, maýa goýum serişdeleriniň möçberi bilen şertlendirilendir. Şunda dünýäde we ýurtda kemala gelen şertleriň hemişe seljerilip durulmagy bu syýasatyň ugurlarynyň, möçberleriniň üýtgemegine, olara düzedişleriň girizilmegine getirýär. Has anygy, bu ugurda geçirilen seljermeleriň esasynda alnan netijeler ösüşiň häzirki tapgyrynda ykdysady syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge, maýa goýum serişdelerini önümçiligiň ösüşine ýa-da durmuş maksatly binalardyr desgalary gurmaga gönükdirmegiň maksadalaýykdygyny delillendirmekde esas bolup durýar. Şu ýylyň ýanwar aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 24,6 göterim ýokarlanmagyny şeýle çemeleşmäniň oňyn netijesi hökmünde kabul edip bolar. Maýa goýumlaryň möçberiniň artmagy diňe bir şu ýylyň degişli döwri üçin häsiýetli bolman, eýsem, bu ösüş meýliniň geçen ýyllarda hem durnukly saklanandygyny bellemek zerurdyr.
Ykdysady nukdaýnazardan häsiýetlendirilende, maýa goýumlaryň gönükdirilýän obýektleri hemişe özgerişliklere sezewar bolýar. Bu häsiýet, ilkinji nobatda, olaryň tebigatyna mahsus bolan aýratynlyklar bilen baglanyşyklydyr: ilki bilen gönükdirilýän maliýe serişdeleri maýa goýuma öwrülýär, soňra maýa goýumlary ulanmagyň netijesinde alnan girdeji indiki täze tapgyryň maýa goýum serişdeleriniň çeşmesini emele getirýär. Beýle diýildigi, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda täze kärhanalaryň gurulmagyna ýa-da bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegine gönükdirilen maliýe serişdeleriniň özüni ödemek möhleti tamamlanandan soňra sap girdejisiniň artýandygyny we onuň belli bir möçberiniň maýa goýum maksady üçin ulanylýandygyny aňladýar. Strategik meýilnamalaşdyryşda ykdysadyýetiň inkär edip bolmaýan bu kadasyndan oýlanyşykly peýdalanylanda, onuň ykdysady we durmuş netijeliliginiň ýokary derejesini gazanmak mümkinçiligi artýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň ösüşleriniň mysalynda görmek bolýar.
Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň düzüminde maýa goýumlaryň tutýan paýynyň ep-esli artmagy maýa goýum syýasatynyň işjeň häsiýetinden habar berýär. Şol bir wagtda olaryň düzüminde eýeçiligiň görnüşleri boýunça bolup geçýän özgerişlikleriň ykdysady netijeliligi ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýändigi hem aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Maýa goýum syýasaty milli ykdysadyýetiň diňe bir döwlete degişli böleginde däl, eýsem, döwlete degişli däl böleginde hem, şeýle-de daşary ýurtly maýadarlar üçin hem maýa goýumlary amala aşyrmak işlerinde amatlyklary döretmek zerurlygyndan ugur alýar. Ýurdumyza maýa goýum akymlarynyň uly möçberlerde çekilmegi döwlet tarapyndan maýa goýum işini alyp barmagyň syýasy, ykdysady, hukuk esaslarynyň döredilendigini alamatlandyrýar. Milli ykdysadyýetimiziň düzümleýin özgerdilmegini üpjün etmekde hem geljekki ösüşlere niýetlenen bu serişdeleriň ähmiýeti örän uludyr.
Häzirki döwürde ykdysadyýetiň hususy böleginiň kuwwatyny ýokarlandyrmak, jemi içerki önümde olaryň tutýan paýyny mundan beýläk-de artdyrmak 2024-nji ýyl üçin bellenen wezipeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Mejlisde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk hem-de azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgininiň, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,4 göterime, senagat önümçiliginiň ösüş depgininiň 104,6 göterime barabar bolandygy bellenildi. Bu statistik maglumatlar hususyýetçileriň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, öňde duran gaýragoýulmasyz meseleleri çözmekde ägirt uly öndüriji güýç bolup durýandygyna güwä geçýär.
Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2024-nji ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, pudaklaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, jemi içerki önümiň depginini durnukly saklamak ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigi barada beren tabşyryklary şu ýylda hem il-ýurt bähbitli özgertmeleriň depginli dowam etdiriljekdigini, ykdysadyýetde gazanylýan netijeleriň ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin berk binýat boljakdygyny alamatlandyrýar.
Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.