Ýurdumyzyň gaz pudagynyň kuwwatyny artdyrmagyň ýolunda möhüm ädim

15-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Bu ýerde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Köpsanly dabara gatnaşyjylar eziz Diýarymyzyň iň täze taryhyna altyn sahypalar bilen ýazyljak bu waka sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary täze desganyň öňündäki meýdança gonýar. Ýygnananlar milli Liderimizi ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň Başlygy, Lebap welaýatynyň häkimi mübärekleýärler.

Döwlet Baştutanymyz haly ýodajygy boýunça ýöräp, dabaranyň geçirilýän ýerine tarap ugrady.

Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär: ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz toý bagyny kesýär — täze möhüm senagat desgasy açylýar.

Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylaryň hem-de myhmanlaryň ýygnanan binasyna tarap ugraýar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, pudagyň işgärleri bar. Olaryň ählisi ör turup, şowhunly el çarpyşmalary bilen milli Liderimizi mübärekleýärler.

Hormatly Prezidentimiz çykyş edip, ýygnananlary hem-de tutuş türkmen halkyny täze, 2021-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde şu günki taryhy ähmiýetli waka — «Malaý» käninde gurlan döwrebap gaz gysyjy desganyň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmagy we daşary ýurt maýadarlar üçin hyzmatdaşlyga amatly şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň dünýäde iri energetika döwlet hökmünde ykrar edilmegine getirdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen tebigy gazyny halkara bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda bu hyzmatdaşlyk oýlanyşykly, işjeň we maksada okgunly alnyp barylýar. Netijede, gymmatly çig mal bolan tebigy gazy özara bähbitli esasda ýerlemegiň hem-de girdeji gazanmagyň täze bazarlary peýda bolýar.

Biziň syýasatymyz ýurdumyzyň uly baýlygy bolan uglewodorod serişdelerini dünýäde parahatçylygy berkitmegiň, abadan ýaşaýşyň we gülläp ösüşiň bähbidine ulanmakdyr. Öňde goýlan bu belent maksatlara ýetmek ugrunda gysga wagtyň içinde möhüm ähmiýetli taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Häzirki döwürde dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, durnukly ösýän ýurdumyzda durmuşa geçirilýän şeýle taslamalar, ulanmaga berilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalardyr binalar hem-de önümçilikler milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Biz eziz Diýarymyzda şular ýaly iri desgalaryň gurluşygynda ekologiýa talaplaryna, döwrebap innowasiýalara, ösen tehnologiýalara möhüm ähmiýet berýäris. Hut şonuň netijesinde hem daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde gurýan iri senagat, nebitgaz we himiýa önümçiliklerimiz abraýly halkara guramalaryň ýokary hil derejesine, innowasion çözgütlerine hem-de ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýändigi baradaky güwänamalaryna mynasyp bolýar. Munuň özi, elbetde, buýsandyryjy ýagdaýdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz şu gün açylyp, ulanmaga berilýän iri senagat desgasynyň hem diňe bir biziň häzirki ösüşlerimize mynasyp goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem, geljekki nesillerimize hem uzak ýyllaryň dowamynda ygtybarly hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz ýygnananlary şu günki taryhy waka — «Malaý» käninde gurlan gaz gysyjy desganyň ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy dabara gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik döretdi hem-de şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra «CNPC International Turkmenistan» kompaniýasynyň baş direktory jenap Li Şulýana söz berildi. Ol Hytaýyň milli nebit-gaz korporasiýasynyň işgärleriniň adyndan ýygnananlary «Malaý» gaz käninde täze gaz gysyjy desganyň üstünlikli ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi bilen amala aşyrylan bu iri taslama şol gaz käniniň ikinji tapgyryna täze mümkinçilikleri açýar. Munuň özi gaz pudagynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga we degişlilikde, Türkmenistanyň dünýäniň nebitgaz bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam eder.

Myhman şu ajaýyp waka bilen dabara gatnaşyjylary ýene-de bir gezek gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de tutuş türkmen halkyna berk jan saglyk, bagtyýar we abadan durmuş arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz HHR-iň wekillerine geçirýän uly işleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň özlerini ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşlar hökmünde görkezen daşary ýurtlaryň nebitgaz kompaniýalary bilen uzak möhletli özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belledi.

Soňra ýygnananlara Türkmenistana bagyşlanan hem-de ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň kuwwatly ösüşiniň esasy ugurlary, gaz gysyjy desga barada gürrüň berýän wideofilm hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tutuş halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmaga gönükdirilen ykdysady strategiýasyna laýyklykda, soňky ýyllaryň dowamynda uglewodorod çig malyny düýpli gaýtadan işlemäge ýöriteleşen örän iri döwrebap senagat desgalary ulanylmaga tabşyryldy.

Hususan-da, bular ýokary dykyzlykly polietilen hem-de dürli görnüşli polipropilen çykarýan Gyýanlydaky polimer zawodydyr, şeýle hem Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän dünýädäki ilkinji zawoddyr. Bu desgalar Ýaponiýanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň esasy kompaniýalarynyň we banklarynyň gatnaşmagynda guruldy.

Geljekde täze gazhimiýa toplumlaryny ýurdumyzyň her welaýatynda, şol sanda polietilen we polipropilen, kauçuk we polistirol, poliwinilasetat, metanol we beýlekileri öndürjek toplumlary gurmak meýilleşdirilýär.

Umuman, ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we enjamlaryň işjeň ulanylmagy pudagyň kuwwatyny artdyrmagy üpjün edýär, dünýäniň energetika döwleti hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrýar.

Ine-de, esasy pursat ýetip gelýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmagynda sensor panelindäki ýörite goýberiş düwmesine basyp, gaz gysyjy bekedi ulanyşa girizýär.

Zalda oturdylan uly monitorda şol pursatda görkezilip duran tehnologiki gurluşda bu ýerden ugradylan harytlyk gazyň magistral gaz geçiriji ulgama baryp gowşandygyny aňladýan görkezijiniň yşygy işläp başlaýar.

Bu taslama «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar — «Petro Gas LLP» (Beýik Britaniýa) bilen bilelikde amala aşyryldy. Gaz gysyjy enjamlar dünýäde meşhur «Dresser-Rand S.A.» kompaniýasy (Fransiýa) tarapyndan getirildi.

Gije-gündiziň dowamynda 45 million kub metr gazy akdyrmaga niýetlenen enjamlaryň her biriniň kuwwaty 32 MWt barabardyr. Açylyş dabarasynyň barşynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gaz gysyjy desganyň gurluşygyna türkmen hünärmenleri-de gatnaşdylar. Olar ähli gurluşyk-gurnama işleriniň 80 göterimden gowragyny ýerine ýetirdiler.

Soňra milli Liderimiz şu günki wakadan ýadygärlik hökmünde Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrýar.

Bekediň hünärmenleri işgärleriň zähmet çekmegine amatly şertler döredilen gazhimiýa pudagynyň döwrebap önümçilik desgasynyň bina edilendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanymyzyň bähbidi üçin ak ýürekden zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

Döwlet Baştutanymyz toplumyň işgärlerine işlerinde üstünlikleri arzuw edip, olara täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Dabara tamamlanandan soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, dikuçara mündi. Dikuçar Türkmenabat şäheriniň howa menziline tarap ugur aldy. Şol ýerden milli Liderimiz Aşgabada ugrady.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18307