Ýokary görkezijiler ugrunda

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Derweze döwlet elektrik stansiýasy ýurdumyzyň energetika pudagynyň ösüşine önjeýli goşant goşýan kärhanalaryň hataryndaky ornuny barha pugtalandyrýar. Ol ýerde göz öňüne tutulan meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilip, guwandyryjy görkezijileriň gazanylmagy şeýle diýmäge esas berýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň birinji ýarymynda gürrüňi edilýän döwlet elektrik stansiýasynda 1 million 291 müň 651 kilowatt-sagat elektrik energiýasy öndürildi. Munuň özi stansiýasynyň ruhubelent işçi-hünärmenleriniň tutanýerli zähmeti netijesinde, şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçilik işinde 150,44 göterim ösüşiň üpjün edilendigini görkezýär.

Kuwwatly gazturbina desgalarynyň birnäçesini öz içine alýan bu kärhanada degişli döwürde öndürilen elektrik energiýasy paýtagtymyzyň we welaýatyň sarp edijilerine bökdençsiz iberildi. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň uludan toýlanylýan şanly ýylyny ýokary görkezijileri bilen jemlemegi maksat edinýän kärhananyň işçi-hünärmenleri iş gadamlaryny barha batlandyrýarlar.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz).

Azyk berekedi

Ilata elýeterli nyrhlarda hödürlenýän ýokary hilli azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek babatda «Balkanazyk» önümçilik birleşiginiň Serdar şäherindäki azyk önümleri kärhanasynda hem mynasyp işler bitirilýär. Şu ýylyň birinji ýarymynda bu ýerde gaýtadan işlenen 7 müň 938 tonna pagta çigidinden 1 müň 230 tonna ýokary hilli azyklyk ýag taýýarlanylyp, meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Şeýle hem kärhanada taýýarlanylýan ýokary hilli et we süýt önümlerine bolan isleg barha artýar. Muňa şu döwürde söwda nokatlaryna ýaraşykly gaplara gaplanylyp, 192 tonna et we 252 tonna süýt önümleriniň ugradylmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu görkezijiler, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ep-esli köpdür.

Gürrüňi edilýän döwürde kärhanada pul hasabynda bitirilen işleriň umumy möçberi 9 million 164 müň manatlykdan hem köp bolup, meýilnama 116 göterim berjaý edildi.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz).



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/35619