Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden soňky oýlanmalar
Gatbar-gatbar taryh dürli döwürlerden, döwür bolsa biri-birini üznüksiz täzeläp duran hatar ýyllardan binýat tutýar. «Kerwen ýolda düzüler» diýlişi ýaly, säginmän-sagynman, öňe ümzük atyp barýan goja heňňam hut ýyllardan äheň-ähmiýet, öwüşgin alýar...
Biz öz döwrümizi düzýän ýyllar hakynda söz açanymyzda, olaryň hem-ä bir daragtyň miweleri deýin biri-birine örän meňzeşliginde, hem-de biriniň beýlekisinden juda parhlylygynda ünsümiz eglenýär. Meňzeşligi — bu ýyllaryň ählisiniň bir kökden, bir örkden gaýdyp, il-halkyň abadan durmuşy babatdaky asylly maksatlardan gözbaş-gönezlik alýanlygynda. Parhlylygy — olaryň hersinde düýpgöter täze ösüşleriň gazanylyp, ozal görlüp-eşidilmedik taryhy wakalaryň bolup geçýänliginde. Daglar daglara çykyp beýgelýär. Ýyllar ýyllara ulaşyp, gözümiziň öňünde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň röwşen keşbini wysal edýär.
...Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi bu hakykaty iň uly hasapda, şeksiz tassyklan döwletli mejlis boldy. Onda arka atylan 2023-nji ýylda ýurdumyzda ösüşiň dürli ugurlarynda amal edilen işleriň jemleri ölçerilip, ýaňy ýüzüni açan 2024-nji ýylda öňde duran wajyp wezipeler seljerildi. Garalan meseleler, beýan edilen hasabatlar, orta atylan başlangyçlardyr öňde goýlan maksatlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky täze döwrümiziň aýgytly gadamlaryna, döwletli tutumlaryna, möhüm talaplaryna göz ýetirmegiň, bu barada pikir öwürmegiň, söhbet etmegiň täze giňişliklerini açýar.
Hasabatlardan görnüşi ýaly, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçen 2023-nji ýylda ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime barabar bolupdyr. Maýa goýumlar 7,5 göterim artypdyr. Öndürilen önümleriň eksport edilen möçberiniň umumy bahasy 11,4 milliard amerikan dollaryna ýetipdir. Gurmak — gurplulykdan nyşan. Ýurtda önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň 80-e golaýy açylyp, ulanyşa berlipdir.
Gurlan desgalaryň ykdysady ösüşi, durmuş abadançylygyny ilerletmekdäki ähmiýeti barada-da näçe aýtsaň aýdybermeli. Ýöne şol bir wagtyň özünde olaryň açylmagy bilen, ilat üçin 12 müň 274 sany täze iş ornunyň döredilmeginiň özi nämä degmeýär! Il-halkyň bagtyýar durmuşy öý-ojaklaryň abadançylygyndan başlanýar. Geçen ýyl ýurtda umumy meýdany 1 million 897 müň inedördül metre deň bolan hatar-hatar, syrgyn-syrgyn ýaşaýyş jaýlarynyň açylyp, maşgalalaryň müňlerçesiniň jaý toýuny toýlandyklaryna hem guwanman-buýsanman bolmaýar.
Arkadag şäheri! Köpetdagyň eteginde eýýamyň täze hem täsin gudraty bolup dörän, ýurtda ilkinji “akylly” şäher! Diňe geçen ýylyň däl, eýsem, tükel täze taryhy döwrüň taryhy taslamasy! Bu gün ýurdumyzyň döwrebap ösüş ugurlarynyň haýsy birini yzlasaň, ynha, şu şäherden çykarýar. Döwrüň syýasy-ykdysady, durmuş-medeni jähetleri, gurmak-gurulmak kuwwaty bu ýerde kämil sazlaşyga eýe bolýar. Geçen ýylyň tomsunda birinji tapgyry açylan Arkadag şäherinde ikinji tapgyryň işlerine badalga berildi. Bu gün ol ýaýraw alyp, barha giňemek bilen! Özüni tutan daragt kimin pür-pudak ýaýmak bilen!
Geçen ýyl Türkmenistan halkara giňişlikde-de mertebeli ornuny has-da pugtalandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň ýakyn-alys, dostlukly ýurtlaryň ençemesine amala aşyran saparlary, ýurdumyza guralan ýokary derejeli saparlar netijesinde gazanylan ylalaşyklar, türkmen döwletiniň dünýä bileleşiginde goldaw tapan başlangyçlary hyzmatdaşlygyň, dost-doganlyk köprüleriniň binýadyny berkitdi, “Dialog — parahatçylygyň kepili” filosofiýasyny yzygiderli ilerletdi...
Hawa, 2023-nji ýyl uly ösüşler, her bir ugurdaky netijeli işler bilen taryha ýazyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Hökümetiň giňişleýin mejlisinde eden çuň manyly çykyşynda geçen ýyldaky sepgitlerimize syn bermek bilen, onda uly üstünlikleriň gazanylmagyny, bellenen meýilnamalaryň göwnejaý ýerine ýetirilmegini halkymyzyň tutanýerli zähmetiniň netijesi hökmünde häsiýetlendirdi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň birnäçe ýyl ozal aýdan şu sözlerini ýada saldy: “Men islendik ykdysadyýetiň özgerdilmegine adam ölçegleri nukdaýnazaryndan garalmalydyr diýen pikire eýerýärin. Bu nämäni aňladýar? Bu jemgyýetde yglan edilen özgertmeleriň hiç biriniň adamlaryň olary durmuşa geçirmäge aňly-düşünjeli gatnaşmadyk, olary goldamadyk we adamlaryň durmuş taýdan goralmadyk ýagdaýynda amala aşyrylyp bilinmejekdigini aňladýar...”.
***
Döwletiň durmuş-ykdysady syýasaty we raýatlaryň döwre gatnaşygy biri-biri bilen pugta baglanyşykly. Özi hakynda döwletiň çynlakaý aladasyny her ädimde duýup ýaşaýan adamyň zähmete höwesi, durmuşa yhlasy hem başgaçadyr. Hut şu ýerden hem Milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!”, hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen, biri-biriniň üstüni ýetirýän ynsanperwer ýörelgeleriniň diňe bir halky ruhlandyryjy şygarlar bolman, eýsem, anyk durmuş hakykatyna öwrülmeginiň düýp esaslary açylýar. Biziň ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli güýçleri, mümkinçilikleri diňe önümçiligi ilerletmegiň bähbidine däl-de, öňi bilen, adamlaryň abadan durmuşyny üpjün etmek maksadyna gönükdirilýär.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden äşgär görnüşi ýaly, Diýarymyzda durmuş-ykdysady rowaçlygy has-da pugtalandyrjak işler bu ýylda hem maksatnamalaýyn esasda dowam etdiriler. Mejlisde kabul edilen «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» bu babatda anyk çelgi bolup hyzmat eder. Döwletli maksatnama jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, sebitleri durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý täze iş ornuny döretmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 38,5 milliard manat möçberinde maýa goýumlary gönükdirmek, umumy meýdany 430 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny, 5360 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1200 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermek ýaly asylly maksatlaryňdyr anyk-aýdyň wezipeleriň uly toplumyny nazarlaýar.
Açyljak binalaryň hatarynda Aşgabat şäherinde bir gije-gündizde 150 müň kub metr agyz suwuny arassalaýjy desga, Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärligi we medeni-seýilgäh toplumy, Halkara sagaldyş-dikeldiş hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleri, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda sement zawodynyň ikinji tapgyry, Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde täze, döwrebap obalar, Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi, Jebel şäherçesinde Halkara howa menzili toplumy, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda sement zawodynyň ikinji tapgyry, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi... bu ýylda işe giriziljek köp sanly iri desgalaryň hataryndadyr. Ynha, döwrümiziň ykdysady kuwwaty! Ynha, döwletimiziň il-halk babatdaky aladalarynyň güwäsi!
***
“Dok başa döwlet ýagar” diýýär halkymyz. Ilatyň durmuş abadançylygynda azyk bolçulygynyň şeksiz uly orny bar. Islendik ýurduň azyk berekedi bolsa onuň tebigy mümkinçilikleri bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagynda işleriň guralyşy bilen hem aýrylmaz baglydyr. Netijeli agrosenagat önümçiliginiň ýola goýulmagy ilaty azyk önümleri, senagaty bolsa oba hojalyk çig maly bilen üpjün etmegiň möhüm şerti bolmagynda galýar. Agrosenagat toplumy oba hojalyk önümlerini öndürmäge, olary gaýtadan işlemäge we saklamaga, oba hojalygyny, gaýtadan işleýän senagaty önümçilik serişdeleri bilen üpjün etmäge ýöriteleşdirilen, biri-biri bilen jebis gatnaşykly-galtaşykly pudaklary özünde jemleýär.
Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň işini üýtgedip guramak hakynda gol çeken Permany ulus-iliň rysgal-berekedi bilen bagly döwletli çözgüt boldy. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrliginden bölünip aýrylmagy arkaly, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi, Azyk senagaty döwlet birleşigi, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi, «Türkmenpagta» döwlet konserni hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi döredildi. Munuň özi oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmekde, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçiliklerini döretmekde iňňän möhüm ädimdir.
“Türkmen topragy ýaly baý toprak dünýäniň hiç bir künjeginde-de ýokdur, bu topraga düşsem diýip, ähli ekinleriň tohumy-da, köki-de arzuw edermiş” diýip, aksakal ýaşulular rowaýatpisint gürrüň ederdiler. Şu bereketli topraga eýeçilik gözi bilen garap, der döküp, dür öndürip bilýän jepakeş halkymyz bar.
Döwlet Baştutanymyzyň bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hakynda Karara gol çekmegi ykbalyny topraga baglan watandaşlarymyzyň halal zähmetine mynasyp bahadan, belent hormatdan nyşan. Adamyň kalbyna iň ýakyn ýol — onuň ýüreginde beslän gymmatly zady barada söz açmak. Bu sahawatly Kararyň daýhanlaryň ýüreginde nähili uly alkyş-hoşallyk döredendigini şu günler redaksiýamyza gelýän hatlardyr telefon jaňlary, adaty gürrüňçilikde hökman şu çözgüde ýazýan guwançly söhbetler hem güwälikdir.
***
Üns edýän bolsaňyz, biz döwletimiziň köpugurly özgertmeleri hakynda söz açanymyzda, “döredijilikli syýasat” aňlatmasyny ýygy-ýygjam ulanýarys. Özi-de bu düşünjäniň hut täze taryhy döwrümizde, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amal edýän beýik işleriniň mysalynda ýörgünli bolandygyny bellän ýagşy. Biziň döwrümiz — halkyň döredijilik mümkinçilikleriniň giňden açylýan we onuň bitewi bähbitleriň, umumymilli maksatlaryň rowaçlanmagyna gönükdirilýän döwri. 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýen şygary bolsa döwrümiziň döredijilik ruhuny has-da belende göterýär.
Hormatly Prezidentimiz Hökümetiň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda bu şygaryň ähmiýetine ünsi çekmek bilen: “Munuň özi biziň üstümize uly jogapkärçiligi ýükleýär. Şoňa görä-de, bu şygary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin tutanýerli zähmet çekmelidiris” diýip nygtady. Bu sözler diňe beýik şahyryň ýubileý toýuny ýokary derejede guramak bilen dahylly bolman, eýsem, hezreti Magtymgulynyň arzuwlan berkarar döwletine, ajap eýýamyna tüýs ýürekden buýsanyp ýaşamaga, şol buýsanç bilen döredijilikli işlemäge çagyryşdyr. Mejlisde döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi bolsa söz ussadymyzyň belent sarpasyny has-da beýgeldip, il-halkymyzyň köňlüne kanagat, guwanjyna ganat berdi.
Şol gün şahyryň «Ykballynyň ugran işi oň görner» diýen setirleri zol-zol sere geldi durdy. Eýse näme?! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ugranymyz ugruna, başlanymyz oňuna! Bu ykbal — şu günki türkmeniň ykbaly! Çoh garaşylan ajap eýýamda, aşymyzyň bir suprada taýýar kylnan zamanasynda göterilen ykbalymyz!
Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”.