Ýaşlar — Watan kuwwaty

Raýatlary tutumly işlere ruhlandyryp, täze döredijilik joşgunyna badalga bermekde jemgyýetçilik guramalarynyň uly hyzmaty bardyr. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň kuwwatyny artdyrmak, jemgyýetiň agzybirligini gazanyp, sazlaşykly durmuşy üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän işlere ýaşlary ugrukdyrmak, olaryň Watan berkararlygynyň, il-günüň abadançylygynyň, durnukly ösüşiň dowamat-dowam bolmagyna gönükdirilen täze başlangyçlary amala aşyrmaga gatnaşmaklaryny gazanmak ilkinji wezipedir. Çünki umumadamzat we milli ruhy-ahlak gymmatlyklaryna sarpa goýýan, täze bilimlere ymtylýan, döredijilikli işlemäge ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmegi başarýan jemgyýet öz geljegine ynamly seredip bilýär. Ýurduň, döwletiň geljegi, jemgyýetiň täze ösüş tapgyrlary, esasan, ýaş nesliň uly geljek baradaky garaýyşlaryna, bolup geçýän wakalara, özgerişlere bolan gatnaşygyna bagly diýilse dogry bolar. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen jemgyýetiniň taryhy ösüşleriniň gymmatlygyny kalbynda göterýän täze nesil kemala geldi. Mähriban Watanymyzyň mynasyp nesillerini terbiýeläp ýetişdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, ýaşlara ählitaraplaýyn goldaw berilýändigi guwandyryjy ýagdaýdyr.

Türkmenistan öz Garaşsyzlygyny yglan edenden soňra döwletiň ýaşlar syýasatynyň hukuk esaslary düzülip başlandy. Türkmenistanly ýaşlaryň jemgyýetçilik hukuklary we borçlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen. 1991-nji ýylyň noýabr aýynda döredilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýaş raýatlaryň bähbitlerini goraýan iň uly jemgyýetçilik guramasy bolup durýar. Häzirki wagtda düzümine ýüzlerçe ilkinji guramany, müňlerçe agzany jemleýän bu gurama iň bir işjeň, öňdebaryjy jemgyýetçilik birleşigidir. Döwletimiziň ýaşlar barada alyp barýan döwlet syýasaty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işi bilen aýrylmaz baglydyr.

Ýurdumyzyň Ýaşlar guramasynyň esasy wezipesi adamyň we jemgyýetiň ösmegine ýardam etmek, onuň aň-paýhas we zähmet mümkinçiliklerini kemala getirmek bolup durýar. Durmuş ähmiýetli çäreleri geçirmegiň meýilnamalaryna hem-de ýurdumyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalary, döwlet edaralary, şeýle hem ýokary we orta mekdepleri, ylym we medeniýet edaralary bilen hyzmatdaşlykda ösüp gelýän nesil bilen işlemek boýunça dürli taslamalary amala aşyrmagyň ugurlary bu guramanyň baş wezipeleriniň hatarynda durýar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlaryň arasynda olimpiadalar, bäsleşikler, maslahatlar, sergiler, festiwallar, gözden geçirişler we beýleki çäreler yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlarynyň wekilleriniň ençemesi Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri diýlip yglan edilmegi jemgyýetçilik durmuşynda olaryň möhüm orun eýeleýändiklerine şaýatlyk edýär. Orta mekdepde okap ýören aýdyma höwesek çagalaryň, okuwçylaryň arasynda geçirilýän «Eýjejik gyzjagaz», «Merdana nesil», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» ýaly giňden ýaýbaňlandyrylýan bäsleşikler bolsa, uly meşhurlyga eýedir. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gulbaba adyndaky baýragy körpe nesliň zehinli wekillerine gowşurylýar. Ösüp-özgerýän Watanymyzyň bagtly ýaşlary umytlaryň hasyl bolýan, arzuwlara ak ýol açylýan zamanada ýaşaýarlar.

Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan ähli üstünliklerinde, eýeleýän belent sepgitlerinde ýaşlaryň hyzmatynyň aýratyn ornunyň bardygyny, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň güýç-kuwwatyny artdyrmaga, milli ykdysadyýetini ýokary tehnologiýaly senagata esaslanýan, gaýtadan işleýän köpugurly innowasion ulgama öwürmek boýunça alnyp barylýan işlere uly goşant goşýandyklaryny bellemek has-da guwandyryjydyr. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça belent wezipeleri ýerine ýetirmekde, elbetde, ilki bilen, ýaşlaryň aň-düşünjesine, gujur-gaýratyna we netijeli zähmetine daýanylýar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň toplumlaýyn wezipeleri ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge, olaryň arasynda halkymyzyň ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmäge gönükdirilendir. Ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmaga, ýaş nesli watançylyk, raýat jogapkärçiligi, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemäge hem uly üns gönükdirilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy ylym we bilim edaralarynda ýaş alymlaryň geňeşlerini döretmek, ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmek, ýaşlaryň arasynda türkmen halkynyň mirasyny we däp-dessurlaryny wagyz etmek boýunça çäreleriň toplumyny işläp taýýarlamak boýunça wezipelerini alyp barýar. Ylym we tehnologiýalar babatda täze usullary, innowasion tehnologiýalary ulanmak bilen, ylmy-barlag taslamalaryny ýerine ýetirmek boýunça ýaşlaryň halkara ylmy hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem-de bu hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmäge hem gurama ýakyndan ýardam berýär.

Ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi, boş wagtyny gyzykly guramak üçin zerur şertleri döretmek, olarda ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny kemala getirmek, sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek babatda işleri geçirmekde ýaşlar guramasy işjeň hereket edýär. Ýurdumyzyň beýleki jemgyýetçilik düzümleri, döwlet edaralary, ýokary we orta okuw mekdepleri, ylym hem-de medeniýet edaralary bilen bilelikde degişli çäreler yzygiderli geçirilýär.

Taryhy ösüşiň her bir tapgyrynda ösüp gelýän ýaş nesle aýratyn talaplar bildirilýär we ýaşlaryň jemgyýete mynasyp agza hökmünde köpçülige goşulyşmaklary üçin zerur şertler döredilýär. Bu çäreler döwlet tarapyndan alnyp barylýan ýaşlar syýasaty arkaly amala aşyrylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar aýynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu resminamalarda ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge, olaryň arasynda halkymyzyň ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmäge, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen giň çäreler bellenilýär.

Türkmenistan ýaşlaryň we ösüp barýan nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli amatlyklaryň, möhüm şertleriň döredilen ýurdudyr. Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly girýän Türkmenistanda ýaşlaryň hak-hukuklary ygtybarly goralyp, mertebesi belent tutulýar, olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi boýunça alnyp barylýan işlerde ýaşlara aýratyn bil baglanylýar.

Şahyryň «Daglaryň üstünden daglar görünýär» diýen setirinde beýan edilýän pikir ýaly, ýetilen sepgitleriň aňyrsyndan has arzyly sepgitler görünýär, üstünlikleriň aňyrsynda täze üstünlikler bar. Elbetde, olary amal etmek üçin kuwwatly güýje eýe bolan ýaş nesil gerek. Ýaş nesliň şeýle kuwwata eýe bolmagy üçin zerurlyklaryň üpjün edilmegi, öz mümkinçiliklerini ösdürmekleri üçin belli bir şertleriň döredilmegi zerur. Biziň ýurdumyzda ýaşlar üçin ähli şertleriň döredilýändigini bellemek örän buýsandyryjydyr. Sebäbi diňe bu günki gün ýaşlaryň zerurlyklaryny üpjün edip bilýän millet ertir onuň miwelerine garaşyp biler, döredijilik kuwwaty bolan nesil bolsa, Watanyň has-da ösmegini dowam etmäge ukyply täze nesli terbiýeläp, ýetişdirip biler. Şu nukdaýnazardan, nesilleri döredijilikli zähmete ruhlandyrmaga ukyply, olar dogrusynda ähli taraplaýyn alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda öňe sürülýän we durmuşa üstünlikli ornaşdyrylýan maksatnamalaryň örän uly, hiç zat bilen çalşyryp bolmajak ähmiýeti bardyr.

Oguljemal NURMYRADOWA,

«Ahal durmuşy».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/46980