«Waspy dünýäni jadylan...»

Sözbaşymyzdan gürrüňiň näme hakynda boljakdygyny aňansyňyz, megerem. Hawa, gürrüňimiz şu günler ulus-il bolup, ilkinji gezek milli senenamamyza laýyklykda şanyna toý tutulýan türkmen alabaýy barada. Aslynda, indi «türkmen alabaýy» diýen düşünje diňe bir ynsanyň wepaly dosty hasaplanýan jandar baradaky gürrüňleriň çäginden has giňedi diýsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolmasa gerek. Bu gün türkmen milliligini, milli gymmatlyklarymyzy sarpalamagyň nusgalyk göreldesini görkezýän hormatly Prezidentimiziň üns-aladasy hem irginsiz tagallalary bilen türkmen alabaýlary hakdaky alada döwlet syýasaty derejesine çykaryldy. Şanyna gymmatly eser ýazyp, waspyny şygyr setirlerinde beýan edýän milli Liderimiz türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek bilen bagly meseleleri alabaý itleriniň gymmatly tohumyny saklamak, itşynaslyk medeniýetini ýokarlandyrmak we ony ösdürip ýetişdirmegiň täzeçil usullaryny kemala getirmek ýaly wezipeler bilen utgaşdyrýar.

Taryh ähli eýýamlaryň, ähli döwürleriň wakadyr hadysalaryny öz sahypalarynda saklaýar. Alymlaryň çaklaýyşlary ýaly, miladydan öňki III-II müňýyllykda kemala gelen türkmen alabaý itleri hemişe-de halkymyzyň wepaly dosty, gaýduwsyzlyk, mertlik, batyrgaýlyk ýaly asylly häsiýetleri özünde jemleýän ynamdar goragçysy hasaplanypdyr. Ýöne alabaýlaryň milli gymmatlyklaryň iň naýbaşylarynyň biri hökmünde häzirki ýaly arzylanan hem sarpalanan döwri, meger, taryh gatlarynda duş gelmese gerek. Hormatly Prezidentimiz bu gün türkmen alabaýyny asyrlaryň sungatyna deňäp, olaryň ösdürilip ýetişdirilmegine, mynasyp derejede taýýarlanylmagyna we dünýä derejesinde şan-şöhratyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Alabaýlary mundan beýläk-de wagyz etmek maksady bilen, «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilip, oňa halkara derejäniň berilmegi, Ak bugdaý etrabynda «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynyň, Änew şäherinde weterinariýa bejeriş hanasynyňdyr öý haýwanlaryny saklaýan toplumyň, Ahal welaýatynda türkmen alabaý itleriniň Karantin merkeziniň, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabatda türkmen alabaý itleriniň Tohumçylyk merkezleriniň hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň gurluşyklary, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde täze kinologiýa hünäriniň açylmagy, Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyryndaky köçeleriň çatrygynda ojagyň wepaly goragçysy hökmünde alabaý itiniň heýkeliniň oturdylmagy we ýene-de kän-kän işler örän gysga döwrüň dowamynda amal edilen tutumly başlangyçlaryň anyk mysallarydyr...

Türkmen alabaýy özboluşly milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegidir. Şoňa görä-de, olaryň jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuny pugtalandyrmak, itşynaslyk medeniýetini ýokarlandyrmak üçin bu ugurdaky dünýä tejribesini içgin öwrenmek we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek zerur bolup durýar. Ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy hut şu ugurlarda alnyp barylýan işleri utgaşdyrmakda hem-de alabaýlaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda ähmiýetli orun eýeleýär. Milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini aýawly saklamagy we artdyrmagy baş maksat edinýän bu assosiasiýanyň döredilen wagtynda oňa dünýäniň 11 döwletinden 25 adamyň agzalyga kabul edilip, häzirki günde fiziki we ýuridik agzalarynyň sanynyň 191-e ýetmegi bolsa türkmen alabaýlaryna bolan gyzyklanmanyň näderejede ýokarydygyny görkezýär.

Ýeri gelende, hormatly Prezidentimiziň türkmen alabaýlaryny yzygiderli köpeltmek, halk seçgiçilik usulyny hem-de dünýä ylmynyň häzirki gazananlaryny peýdalanmak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, döwletimiziň daşary ýurtlarda hereket edýän diplomatik wekilhanalary tarapyndan hem netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtmak gerek. Daşary ýurtlarda wekilçilik edýän diplomatlarymyz Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalarynyň geografiýasyny has-da giňeltmäge goşant goşmak üçin daşary ýurtly itşynaslardyr ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri bilen duşuşyklary, tanyşdyrylyş çärelerini geçirýärler, degişli guramalardyr federasiýalar bilen ýygjam gatnaşyklary ýola goýýarlar. Sözümiz gury bolmaz ýaly, Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky ilçihanasy tarapyndan Beýik Britaniýada ýaşap, tohum itleriň seçgiçiligi bilen meşgullanýan italýan raýaty Antonino Lo Raso bilen golaýda geçirilen duşuşykdan käbir mysallara ýüzleneliň.

Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky doly ygtyýarly wekiliniň Antonino Lo Rasonyň Bedfordşir graflygynda ýerleşýän fermasynda bolup, alabaý itleriniň saklanylyşy we aýratynlyklary bilen gyzyklanmagy itşynasa Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň alyp barýan işleri dogrusynda anyk maglumatlary ýetirmäge hem-de ony assosiasiýanyň agzalygyna çagyrmaga amatly mümkinçilik boldy. Duşuşygyň dowamynda Antonino Lo Raso bu teklibi uly höwes bilen kabul edýändigini aýdyp, öz itleri barada gürrüň berdi.

Itşynasyň aýtmagyna görä, ol Italiýanyň Sisiliýa sebitinden bolup, çagalygyndan itler bilen gyzyklanýar. Merkezi Aziýa ýurtlaryna, şol sanda Türkmenistana-da gelip gören, tohum itleriň seçgiçiligi bilen meşgullanýan italýan raýaty Ezio Maria Romanodan itleri saklamak we terbiýelemek meselelerini içgin öwrenen Antonino 15 ýyldan bäri bu ugurda iş alyp barýar. Onuň fermasynda alabaýlar, kangallar, kawkaz we german goýun itleri saklanýar. Itşynas Merkezi Aziýa goýun iti diýlip atlandyrylýan itleriň Türkiýede meşhur bolan kangal, Anatoliýada duş gelýän akbaş we garabaş tohum itleri bilen bir maşgaladandygyny, olaryň Türkmenistanyň çäginden orta asyrlarda Türkiýä göçüp gaýdan türkmenleriň ýany bilen getirilendigini tassyklaýan maglumatlaryň bardygyny aýtdy. Munuň özi türkmen alabaýlarynyň gadymy nesil ugurlaryny içgin öwrenmekde mümkinçilikleriň köpdügine hem şaýatlyk edýär.

...Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, alabaý — biziň Watanymyzyň baýlygy, ol ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy, ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyzdyr. Millet milliligi, milli ýörelgeleridir milli gymmatlyklary bilen tanalýar. Häzirki wagtda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň halkara kadalaryna laýyklykda, halkymyzyň milli gymmatlygy bolan türkmen alabaýlaryny köpeltmek sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Medeniýetleriň özara gatnaşyklarynyň barha we barha çuňlaşýan häzirki şertlerinde halkyň buýsanjy, bahasyz baýlygy hökmünde milli gymmatlyklaryňy aýap saklamagyň, dünýäde wagyz etmegiň hem geljek nesillere miras galdyrmagyň özboluşly çemeleşmeleri-de hut şeýle tutumly başlangyçlardan badalga alýar.

Aýgül RAHYMOWA.

«Türkmenistan».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/26734