(2021-nji ýylyň 25-nji maýy)
Hormatly Baş sekretar!
Size şunuň ýaly wekilçilikli halkara foruma gatnaşmaga çakylygyňyz üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!
Ozaly bilen Türkmenistanyň daşky gurşawa senagat galyndylarynyň zyňylmagy bilen emele gelýän ýaramaz ýagdaýlar sebäpli alada edýändigini hem-de bar bolan töwekgelçilikleri, wehimleri azaltmaga gönükdirilen halkara tagallalaryň ýygjam utgaşdyrylmagyna we ylalaşykly hereket edilmegine ygrarlydygyny aýratyn bellemek isleýärin.
Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyna gyşarnyksyz we ählumumy ygrarlylygyň bu ugruň möhüm şerti bolup durýandygyna ynanýaryn. Hut şol resminama asyrymyzyň ählumumy ekologiýa we tebigaty goraýyş gün tertibini kesgitlemäge, ony ýerine ýetirmek ugrunda halkara hukuk gurallarynyň ýokary netijeliligini üpjün etmäge gönükdirilendir.
Bu düýpli resminama goşulmak bilen, Türkmenistan BMG we beýleki ýöriteleşdirilen halkara düzümler bilen ony hemmetaraplaýyn utgaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär.
Häzirki döwürde Pariž ylalaşygy boýunça borçnamalara laýyklykda, Türkmenistanda BMG-niň daşky gurşaw boýunça (ÝUNEP) maksatnamasynyň we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň goldaw bermeginde howanyň üýtgemegi hakynda Dördünji milli maglumaty hem-de Birinji ikiýyllyk maglumaty taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Bu resminamalaryň ikisi hem 2023-nji ýylyň başynda BMG-niň sekretariatyna hödürleniler.
Senagaty ösdürmek boýunça Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde, ozon gatlagyny goramak babatda iki iri taslamany amala aşyrmaga taýýarlyk işlerini alyp barýarys.
Şeýle hem bu we beýleki halkara düzümler, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys.
Dünýäde iri serişde öndüriji ýurtlaryň biri bolan we bu ugurda öz jogapkärçiligine doly düşünýän Türkmenistan önümçilik maksatlary bilen daşky gurşawy goramak boýunça wezipeleriň arasynda deňeçerligi saklamak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýar.
Howanyň üýtgemegi hakynda Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Milli strategiýasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi zerur hukuk guramaçylyk we tehnologik şertleri üpjün etdi. Munuň özi ekologiýa wezipelerini ýerine ýetirmek üçin wajypdyr we uýgunlaşma çäreleriniň sanawyny düýpli giňeltmäge hyzmat eder.
Häzirki döwürde bu sanaw döwletimiziň hem-de ykdysadyýetiň hususy pudagynyň ähli ykdysady we önümçilik ulgamyny dolulygyna öz içine alýar.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda öndürilýän önümleriň uglerod göterimi yzygiderli peselýär.
Birnäçe maglumatlary mysal getirmek isleýärin.
Bilermenleriň Türkmenistanyň Üçünji milli maglumatlarynyň çäklerinde beren bahalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli döwürde ykdysadyýetiň ösüşi jemi içerki önümiň birligine görä, energiýa sarp edilişiniň udel agramy peseler. Şeýlelikde, ugleturşy gazyň zyňyndylarynyň möçberini 2025-nji ýylda 122 göterime çenli, 2030-njy ýylda bolsa 118,1 göterime çenli peseltmek göz öňünde tutulýar.
Ýurdumyzda tokaýlary dikeltmek, howa şertleriniň täsirini peseltmek üçin ýerden peýdalanmak usullaryny gowulandyrmak ugrunda uýgunlaşdyryjy çäreler giňden ornaşdyrylýar. “Gök guşak” umumymilli maksatnamasynyň çäklerinde, suwaryşyň oňyn suw tygşytlaýjy usullaryny ulanmak arkaly, şäherleriň töwereklerinde ägirt uly meýdanlary tutýan tokaý zolaklary döredildi. Diňe şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda goşmaça 30 million düýp bag nahallaryny ekmek meýilleşdirilýär.
Bu işler uzak geljegi nazarlamak bilen, maksatnamalaýyn esasda we netijeli, şol sanda döwlet-hususy pudak gatnaşyklary esasynda alnyp barlar.
Hormatly foruma gatnaşyjylar!
Häzirki döwrüň çynlakaý ekologiýa wehimlerine garşy durmakda halkara tagallalaryň birleşdirilmegine we berkidilmegine üýtgewsiz ygrarlylygyny tassyklap, Türkmenistan birnäçe anyk hem-de gaýragoýulmasyz başlangyçlary teklip edýär.
Hususan-da, BMG-niň pes uglerodly energetikany ösdürmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen Strategiýasyny işläp taýýarlamaga girişmegi zerur hasaplaýarys. Biziň ikinji teklibimiz BMG-niň howandarlygynda energetikanyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde wodorody ösdürmek boýunça halkara “Ýol kartasyny” döretmekden ybaratdyr.
Bu teklipleri öňe sürmek bilen, Türkmenistan ýakyn wagtda bilermenleriň derejesinde olary durmuşa geçirmegiň ýollaryny we esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr.
Biz bu babatda hemmeleri hyzmatdaşlyga çagyrýarys.
“Tegelek stola” gatnaşyjylara öňde goýlan maksatlara ýetmekde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/29741