Türkmenistanyda intellektual eýeçilik hukugyny kämilleşdirmegiň ugurlary

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz “Halkyň Arkadagly zamanasy” atly şygar astynda geçýän 2022-nji ýyla – Berkarar döwletimiziň täz eýýamyna aýdyň maksatlar, uly ruhubelentlikbilen gadam basdy.

Her bir adamyň medeni durmuşa gatnaşmaga, çeper, ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligine hukugynyň bardygy, ylmy, tehniki döredijilikde, şeýle hem çeperçilik, edebiýat we medeniýet işinde awtorlyk hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň kanun bilen goralýandygy kesgitlenilýär. Ykdysadyýetde we söwdada bazar gatnaşyklarynyň ösüşi, ýurduň senagat eýeçiliginiň goragy, haryt nyşanlary, hyzmat ediş nyşanlary ulgamynda halkara ylalaşyklaryň we şertnamalaryň birnäçesine goşulmagy hereket edýän kanunçylygy düýpli kämilleşdirmegi talap etdi. Milli parlament tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň Kanunlary intellektual eýeçilik boýunça hukuk giňişligini döretmäge mümkinçilik berdi.

Hormatly Prezidentimiziň çykyşlarynda oýlap tapyşlary we beýleki ylmy-tehniki gazananlary peýdalanmagyň möhüm ähmiýeti, ylmyň önümçilik bilen ýakyndan arabaglanyşygyny ýola goýmagyň zerurlygy barada yzygiderli nygtalýar. Intellektual iş hem-de onuň netijelerini ornaşdyrmagyň meselelerini çözmekde möhüm serişdeleriň biri-de intellektual eýeçilik hakynda kanunçylygyň kemala getirilmegi we yzygiderli kämilleşdirilmegi bolup durýar.

Täze eýýamda Watanymyzy geljek 30 ýyldaky syýasaty, soňky wagtlarda eýeçiligiň beýleki görnüşleriniň içinde intellektual eýeçilik has uly ähmiýete eýe bolýar. Biziň döwrüminde ony goramak we peýdalanmak meselesi ähli görnüşli eýeçilik kärhanalarynyň täjirçilik, önümçilik, telekeçilik we daşary ykdysady işinde wajyp rol oýnaýar. Intellektual eýeçilik bütin dünýäde gorag obýekti bolup durýar.

“Intellektual eýeçilik” adalgasy XVIII we XIX asyrlarda ykdysadyýet we hukuk ylmynyň käbir wekilleri tarapyndan agzalyp gelnendigine garamazdan, onuň giňden dolanyşyga girizilmegi diňe 1967-nji ýylda Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň döredilmegi barada Konwensiýanyň kabul edilmeginden soň bolup geçdi. Bu guramanyň esaslandyryjy resminamalaryna laýyklykda, “intellektual eýeçilik” – bu senagat, ylmy, edebiýat we çeperçilik çygyrlarynda intellektual işiň netijelerine berkidilen kanuny hukukladyr.

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 11-nji fewralynda bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde 30 ýyllyk döwür üçin taryhy çözgüt kabul edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” tassyklanyldy.

Ady agzalan Milli maksatnamada ýurdumyzyň ykdysadyýetini senagat we innowasion taýdan ösdürmegiň çäklerinde aň-bilim we intellektual eýeçiligini goramagy üpjün etmek işine aýratyn üns bermek hem göz öňünde tutulandyr.

Türkmenistan intellektual eýeçilik ulgamynyň kuwwatyny artdyrylmagy, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün edýän çäreleriň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda zähmet gatnaşyklarynyň döwrebap derejede ösdürilýändiginiň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň Raýat Kodeksi, “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda”, “Algoritmleriň, elektron hasaplaýjy maşynlar (EHM) üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiýasynyň hukuk taýdan goralyşy hakynda”, “Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda”, Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda”, “Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň nyşanlaryny peýdalanmak we goramak hakynda”, “Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda”, “Senagat nusgalarynyň hukuk goragy hakynda”, “Haryt nyşanlary hakynda”, “Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakynda”, “Firma atlary hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy namalar intellektual eýeçiligi goramakda esasy kanunçylyk binýat bolup durýar.

Türkmenistan halkara gatnaşyklarynyň subýekti hökmünde Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýar. Biziň ýurdumyz Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasyna 1995-nji ýylda girip, degişli konwensiýa goşuldy. Milli intellektual eýeçilik ulgamy döredilenden bäri senagat eýeçiligi ugrunda Türkmenistanyň halkara patent ulgamyna goşulmagyna mümkinçilik berýän halkara hyzmatdaşlygy esasynda möhüm ädim ädildi. Häzirki wagtda Türkmenistan intellektual eýeçilik hukugyny goramak çygrynda birnäçe halkara konwensiýalaryna, şertnamalaryna we ylalaşyklaryna goşuldy.

Häzirki wagtda ýurdumyzda intellektual eýeçilik hukugynyň goraglylygyny berkitmek boýunça işler hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy» esasynda durmuşa geçirilýär.

“Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak boýunça alnyp barylýan işleri utgaşdyrmak, ulgamyň obýektlerini goramak babatda hukuk bozulmalaryň öňüni almak boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmek, şeýle hem bu ugry halkara kadalara laýyklykda has-da ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň 2021-nji ýylyň maý aýynyň 21-ine geçirilen nobatdaky mejlisinde intellektual eýeçiligiň obýektlerini goramak boýunça Pudagara topary döretmek hakynda Karara gol çekdi we onuň düzümini hem-de düzgünnamasyny tassyklady. Topar intellektual eýeçiligiň hukuklaryny goramakda kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek, bu ugurda halkara şertnamalardan gelip çykýan borçlar babatda alnyp barylýan işleri utgaşdyrmak, ynsapsyz bäsdeşligiň öňüni almak we intellektual eýeçiligiň obýektleriniň medeniýetli bazaryny döretmek boýunça degişli işleri durmuşa geçirer.


Orazjemal MYRADOWA, 

Türkmen döwlet maliýe institutynyň

Maliýe kafedrasynyň mugallymy