Türkmenistan — ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar

Uzak ýyllaryň dowamynda akademik Wiktor Sarianidiniň ýolbaşçylygynda Goňurdepe ýadygärlikler toplumynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde adam eliniň aýasyna barabar bolan kiçijik ak keçe bölegi tapyldy. Alym bu keçe böleginiň 4000 ýyllap ýeriň astynda saklanyp galandygy barada öz pikirini öňe sürdi.

Häzirki wagtda ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyny giňeltmek boýunça degişli işler üstünlikli dowam edýär. 2021-nji ýylyň ahyryna «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnamany ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek meýilleşdirildi. Şeýle hem ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklary bolan ahalteke atlarynyň we türkmen alabaýlarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen hödürnamany taýýarlamak hem Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şol bir wagtda «Türkmen keçe sungatyny» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek baradaky hödürnamany taýýarlamak ugrundaky tagallalar halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetiniň has hem ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Keçe sungaty türkmen halkynyň medeni mirasynyň naýbaşy gymmatlyklarynyň arasynda aýratyn orun tutýar. Türkmen zenanlarynyň çeper elleriniň ajaýyp sungaty bolan keçeler biziň ýurdumyzyň taryhynda öçmejek yz galdyrypdyr. Bu sungat halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň gadymy kökleriniň nyşanydyr. Keçe sungatynyň taryhy barada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynda has anyk we baý maglumatlar saklanýar.

Uzak ýyllaryň dowamynda akademik Wiktor Sarianidiniň ýolbaşçylygynda Goňurdepe ýadygärlikler toplumynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde adam eliniň aýasyna barabar bolan kiçijik ak keçe bölegi tapyldy. Alym bu keçe böleginiň 4000 ýyllap ýeriň astynda saklanyp galandygy barada öz pikirini öňe sürdi. Galyberse-de, Altaýdaky Pazyryk depesinden keçe bölekleriniň tapylmagy, 1957 — 1963-nji ýyllarda Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň Mikluho Maklaý adyndaky Etnografiýa instituty tarapyndan geçirilen ylmy ekspedisiýa netijesinde Amyderýanyň orta akymynyň boýunda ýaşaýan türkmenleriň durmuşynda uly orun eýelän keçeçilik sungaty baradaky maglumatlaryň ýüze çykarylmagy keçe önümleriniň taryhynyň alyslara uzandygynyň ylmy subutnamasydyr.

Keçeçilik sungaty we onuň taryhy, il içinde bu medeni mirasymyzyň eýeleýän orny barada Türkmenistanyň taryh we etnografiýa ulgamynda iş alyp barýan alymlarymyzyň hem ençeme ylmy işleriniň bardygyny bellemek gerek. Bu ugurdaky ilkinji ylmy makala 1964-nji ýylda etnograf alym A.N.Pirgulyýewa tarapyndan ylmy-arheologiki maglumatlar esasynda ýazylýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň etnografiýa bölüminiň ylmy işgäri Annagül Babaýewa bolsa keçe sungatynyň taryhyna we etnografiýasyna bagyşlanan düşündiriş sözlügini taýýarlady.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň ekerançylyk sebitleriniň töweregini maldarçylyk hojalygyny ösdürmäge amatly bolan sähralar tutýar. Şu sebäbe görä, biziň ata-babalarymyz, esasan hem, çarwaçylyk hem-de ekerançylyk bilen meşgullanypdyrlar.

Çarwa ilatyň arasynda maldarçylyk has ýörgünli bolupdyr. Olar mallaryny dok saklamak üçin bol otly ýaýlalarda göçüp-gonup ýaşapdyrlar. Çarwalaryň esasy eklenji maldarçylykdan gelýän girdejilere bagly bolupdyr. Mallaryň diňe bir eti däl, eýsem, derisi, ýüňi zaýalanmazdan tygşytly ýygnalyp, eýlenip, daralyp satuwa çykarylypdyr. Bu babatda goýun we düýe ýüňleri çarwalara kän girdeji getiripdir. Şonuň üçin-de çarwa halky goýnuň ýazlyk we güýzlük ýüňünden edilýän ýüň önümlerini taýýarlamak işlerine aýratyn üns beripdir. Çarwa ilaty, köplenç sähralyk, baýyrlyk, jülgelik ýerlerde mesgen tutupdyrlar. Ylaýta-da, türkmen halkynyň arasynda «Altyn ýaýla» saýylan Garagum sährasy ençeme ýüzýyllyklaryň dowamynda çarwa ilatyny gursagynda çoýup, ekläp gelipdir. Çarwalar bu ýerlerde ak öýleri dikip, onuň içini, daşyny bezemekde keçeleri has giňden ulanypdyrlar. Bu bolsa ilatyň arasynda keçe basmak, keçe önümlerini taýýarlamak sungatynyň giň ýaýramagyna we nesilden-nesle geçip ornaşmagyna sebäp bolupdyr. Has irki döwürlerden bäri türkmen keçesi diňe bir haryt däl, eýsem, halkyň gündelik durmuşynda peýdalanan iň möhüm öý goşy bolup hyzmat edipdir. Çarwa maşgalasynda tomus paslynda sowujak saklamak maksady bilen süýt-gatyk saklanýan golçalaryň daşyna öllenen keçäni dolapdyrlar, gyş paslynda olar guragyry, bilagyry, böwrek agyry kesellerini bejermekde giňden ulanylypdyr. Mundan başga-da aýagy ýyly saklamak üçin keçe bölejikleri aýakgaplaryň içine petek edip kesilip goýlupdyr.

Türkmen keçesiniň sähralyk ýerlerde dikilen ak öýlerde, çatmalarda ýaşan ilaty, şol sanda çopan-çolugy üstüne abanýan dürli howplardan goramakda hem ähmiýetiniň uly bolandygyny bellemek gerek. Keçe düşelen ýere ýylan, möý, içýan ýaly zäherli mör-möjekler gelip bilmeýär, sebäbi olar goýun sürüsiniň özlerini depelemeginden we goýun derisiniň ysyndan gorkýarlar.

Halkymyzda keçäniň ýaş çagalary, gelin-gyzlary göz degmekden goramak güýjüniň barlygyna-da ynanylyp gelinýär. Şonuň üçin hem olaryň boýnuna keçe böleklerinden taýýarlanan içi dogaly tumarlar, bagjyklar asylypdyr, owadan gülli bilezikler bolsa goşarlaryna dakylypdyr.

Keçäniň ýene-de bir özboluşly aýratynlygy onuň ýangyndan gorap bilijiligidir. Çarwa ilaty islendik bir ýerde dörän ýangyny üstüne keçe atmak arkaly söndüripdirler. Häzirki wagtda ýangyn söndüriji edaralar hem güýçli ýangynlary keçäniň kömegi bilen söndürmek usulyny giňden peýdalanýarlar.

Türkmen keçesi, ilkinji nobatda, tebigy we ekologiýa taýdan tämiz önümdir. Keçäniň esasyny emele getirýän goýun ýüňüniň düzüminde lanolin (goýun ýagy) saklanýar. Ol köplenç, «goýun mumy» diýlip hem atlandyrylýar. Lanolin, («Lana» latyn dilinde ýüň, «oleum» ýag diýmekdir) esasan, goýun ýüňüniň ýokary gyzgynlykdaky suwda gaýnadylmagy netijesinde alynýar. Onuň düzümindäki baý garyndylar adam bedeninde döreýän dürli sowuklama we ýokanç kesellere garşy göreşmäge ukyplydyr. Halkyň gündelik durmuşynda giňden ulanylan we ruhy dünýäsine siňen keçelerimiz häzirki wagtda-da ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşamagyny dowam etdirýär. Halkymyz oňa hiç wagt ähmiýetini ýitirmejek milli sungat hökmünde garaýar.

Çynar RÜSTEMOWA,

Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparynyň jogapkär sekretary, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/22966