Milli Liderimiziň giň okyjylar köpçüligine gowşan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly meşhur edebi-filosofik eseri italýan diline terjime edildi we çapdan çykdy. Bu kitapda umumydünýä ösüşine goşant goşan türkmen halkynyň örän baý ruhy-ahlak mirasy wagyz edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu edebi eseri halk parasatlylygynyň özboluşly jemlenmesi bolmak bilen, milli däp-dessurlaryň hem-de ahlak ýörelgeleriniň dowamatlydygynyň subutnamasydyr.
Halkymyzyň milli urp-adatlarynda öz aýdyň beýanyny tapan ýokary ynsanperwerlik ýörelgeleri dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Muňa 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda neşir edilen «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň eýýäm dünýäniň köp dillerine, şol sanda hytaý, ýapon, rus, gruzin, ukrain we azerbaýjan dillerine terjime edilendigi hem şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiziň folkloryň, şol sanda nakyllaryň, atalar sözleriniň parasatly pähimlerini döredijilikli, ussatlarça peýdalanmagy bu edebi eseriň ähmiýetini has-da artdyrýar. Ol häzirki wagtda asyrlaryň dowamynda dünýäniň beýleki halklary bilen dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny ýola goýan türkmen halkynyň ruhy dünýäsine göz ýetirmegiň ygtybarly çeşmesi bolup hyzmat edýär.
«Bereketli toprak».
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/31306