TOPH: energetika howpsuzlygynda möhüm çözgüt

Geografik ýerleşişine, ykdysady kuwwatyna, demografiýasyna, syýasy täsirine we harby güýjüne garamazdan, döwletleriň ählisi üçin energetika howpsuzlygynyň milli, sebit we ählumumy derejede üpjün edilmegi derwaýys häsiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň howpsuzlygy we durnuklylygy köp babatda dünýä ösüşiniň uzak möhletleýin geljeginiň umumy ugruny kesgitleýär. «British Petroleum Corporation» kompaniýasynyň 2040-njy ýyla çenli dünýä energetikasynyň ösüşi babatdaky çaklamasyna görä, dünýäde tebigy gaza bolan islegiň yzygiderli artmagyna garaşylýar.

Halkara hyzmatdaşlykda energetika ulgamy Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, ol ýurdumyzyň ählumumy meseleleri çözmekdäki ornunyň ýokary ähmiýetini hem kesgitleýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ätiýaçlyk gaz gory boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. OPEC halkara guramasynyň her ýylda çap edýän statistiki maglumatlaryna görä, ýurdumyz tebigy gazy çykarmagyň möçberi boýunça Ýewropada we GDA-da 3-nji orny eýeleýär.

Milli Liderimiziň «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda belleýşi ýaly, şu günki gün Türkmenistanyň energetika toplumynyň geljekki ösüşiniň möhüm wezipesi energiýa çeşmelerini eksport etmegiň diwersifikasiýasy we köpşahaly, dürli ugurlara gönükdirilen turbageçirijiler ulgamyny döretmekdir. Häzirki wagta çenli Türkmenistan — Eýran, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijileri gurlup, ulanylmaga berildi. Energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmagyň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini görkezmek bolar. Ýeri gelende bellesek, bu halkara gaz geçirijiniň gurluşygyny amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk milli Liderimiziň daşary syýasatynyň energetika çygryndaky halkara başlangyçlary öňe sürmekde we amala aşyrmakda yzygiderliliginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

Halkara bileleşigiň energetika meselesi boýunça tagallalaryna ýardam bermek we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglylykda, energetika howpsuzlygyna daşary syýasatda esasy ugurlaryň biri hökmünde garaýan Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagynda TOPH taslamasy bilen bagly guramaçylyk-hukuk çäreleri yzygiderli esasda amala aşyryldy. Bu möhüm taslama bilen bagly käbir maglumatlary ýatlap geçmek ýerlikli bolar.

Geçen döwürde Türkmenistan tarapyndan syýasy-diplomatik çäreleriň uly toplumy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki duşuşyklary, ara alyp maslahatlaşmalary, geňeşmeleri, gepleşikleri yzygiderli esasda alyp barmak ýola goýuldy. Olaryň netijesinde taryhy ähmiýetli, esas goýujy resminamalar kabul edildi.

Resminamalar hökümetara we pudagara ylalaşyklar we şertnamalar görnüşinde bolup, olaryň hatarynda tebigy gaz geçiriji boýunça çarçuwaly ylalaşygy, tebigy gazy satmak we satyn almak boýunça ylalaşygy, gaz geçirijiniň işini alyp barmak boýunça ylalaşygy, maýa goýum ylalaşygyny, paýdarlaryň ylalaşygyny, şeýle-de taslama gatnaşyjy taraplaryň arasynda gol çekilen tebigy gazy ýerlemek boýunça ylalaşygy görkezmek bolar. Ýurdumyzda geçirilýän halkara maslahatlardyr konferensiýalarda iri halkara taslamanyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly gurşawyň döredilendigini hem aýratyn bellemek gerek.

Taslama degişli möhüm resminamalaryň hatarynda «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyna maýa goýumlary çekmek maksady bilen, milli Liderimiz tarapyndan gol çekilen Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň Hökümetiniň — Karz alyjynyň adyndan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny maliýeleşdirmek üçin Saud ösüş gaznasy bilen degişli maliýeleşdiriliş ylalaşygyny baglaşmaga we onuň güýje girmegi bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berilmegi hakyndaky Karary görkezmek bolar. Galyberse-de, TOPH taslamasyny maliýeleşdirmek babatda ýurdumyz bilen TOPH transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň Tranzaksion Geňeşçisi hökmünde çykyş edýän Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda hyzmatdaşlygyň dowam edýändigi bellärliklidir. Taraplaryň arasynda maýa goýumlar boýunça hyzmatdaşlygyň 2019 — 2021-nji ýyllar üçin iş Meýilnamasyna energetika ugry hem goşuldy.

2018-nji ýylyň martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde kabul edilen Kararnama TOPH taslamasynyň uly ähmiýetini tassyklaýan halkara hukuk namasydyr. Resminamada şeýle taslamalaryň sebit derejesinde söwda we ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmekdäki, täze üstaşyr geçelgeleri döretmekdäki ornunyň nygtalmagy taslamanyň halkara ähmiýetini şöhlelendirdi.

2020-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň, «TAPI Pipeline Limited» we «Afghan Gas Enterprise» edaralarynyň arasynda Owganystan Yslam Respublikasynda tebigy gaz bazaryny emele getirmek we ösdürmek babatda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi TOPH taslamasynyň hukuk esaslarynyň üstüni ýetirýän möhüm resminamalaryň biri bolup, taraplaryň arasynda energetika babatda hyzmatdaşlygy mazmun taýdan çuňlaşdyrmaga şert döretdi.

Geçen döwürde bu iri taslama boýunça dünýäniň aýry-aýry künjeklerinde, has takygy, Singapur, Nýu-Ýork, London, Dubaý ýaly iri söwda, ykdysady we senagat merkezlerinde biznes-turlar, duşuşyklar, tanyşdyryş dabaralary, roud-şüweleňler hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu çäreler dünýäniň iri energetiki subýektlerinde, iri maliýe toparlarynda taslama bolan gyzyklanmany has-da artdyrdy.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarynyň «Taliban» hereketiniň syýasy edarasynyň wekilleri bilen ýakynda, 6-njy fewralda paýtagtymyzda geçiren duşuşyklary milli Liderimiziň daşary syýasy strategiýasynyň täze bir ýeňşi hökmünde taryha girdi. TOPH taslamasyna ilki-ilkiler Owganystandaky syýasy durnuksyzlygy göz öňünde tutup, hyýaly taslama hökmünde baha beren dürli halkara neşirler, gürrüňi edilýän duşuşykdan we «Taliban» hereketiniň syýasy wekilleriniň Türkmenistanyň Owganystan bilen baglanyşykly taslamalaryny goldaýandyklary hem-de olaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge taýýardyklary baradaky beýanatlaryndan soňra, bu wakany netijeli birleşdiriji hereket hökmünde häsiýetlendirdiler. Elbetde, bu ýagdaý türkmen diplomatiýasy üçin uly üstünlik we goňşy ýurduň syýasy, ykdysady-durmuş ulgamlaryny ösdürmekde täze sepgitdir.

Häzirki wagtda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşyk-gurnama işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar. Has takygy, turbageçirijiler doly kebşirlenip, türkmen-owgan serhedine eltildi. Taslamanyň türkmen böleginde turbageçirijiniň hem-de gaz gysyjy desgalaryň gurluşyk işlerine tehniki gözegçiligi amala aşyrmak barada «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Gonkongyň degişli kompaniýasynyň arasynda Şertnama baglaşylmagy alnyp barylýan işleriň ýokary hil görkezijilerini üpjün etmäge ýardam berer. Gaz geçirijiniň türkmen böleginde kömekçi enjamlary we serişdeleri üpjün etmek boýunça baglaşylan şertnama onuň ugrunda uly göwrümli açyp-ýapyjylaryň hem gurnalmagyna mümkinçilik berer.

TOPH gaz geçirijisi birek-birege hormat goýmak ýörelgesine esaslanýan, özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegiň aýdyň mysalydyr. Munuň özi şeýle hem sebitde energiýa bolan islegi kanagatlandyrmaga gönükdirilen gaz geçiriji bolup, oňa gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda sebitleýin hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasydyr.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy syýasy, ykdysady, ynsanperwer we ekologik nukdaýnazardan ýokary ähmiýete eýedir. Munuň özi döwletleriň arasynda parahatçylyga, düşünişmäge, özara bähbitlere esaslanýan gatnaşyklar üçin amatly syýasy gurşawy döretmäge ýardam berer. Şol sanda milli, sebit we ählumumy derejelerde energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde möhümdir.

Gylyçmuhammet JORAÝEW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20400