Golaýda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyna, bu ugurda iş alyp barýan telekeçilere dünýä belli «John Deere» kompaniýasynyň oba hojalyk tehnikalarynyň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy.
Täze gelip gowşan tehnikalar 8-nji sentýabrda ýurdumyzda badalga berlen pagta ýygymy möwsüminde daýhanlar, bu ugurda iş alyp barýan telekeçiler üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Milli Liderimiz tarapyndan döredilýän amatly iş şertleri, täze tehnikalaryň, olaryň tirkeg gurallarynyň hem-de beýleki zerur enjamlarynyň gelip gowuşmagy daýhanlaryň, telekeçileriň zähmete höwesini artdyryp, göwünlerini galkyndyrýar.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde täze tehnikalaryň gelip gowuşmagy mynasybetli geçirilen dabaranyň dowamynda «Gündogar akymy» hojalyk jemgyýetiniň hünärmeni Aman Myradow bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle diýdi:
— Kuwwatlylygy ýylda 18 müň tonna çigidi gaýtadan işläp, 7 müň 200 tonna arassalanan ösümlik ýagyny hem-de günde 60 tonna un öndürmäge mümkinçilik berýän «Gündogar akymy» hojalyk jemgyýeti paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýär. Bize geçen ýyl Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň çäginde oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmek üçin 6 müň gektar ýer bölünip berildi. Bu ýerde ekin dolanyşygy esasynda 900 gektara günebakar, 2 müň 550 gektara bugdaý ekmegi, şeýle-de soýa, raps, künji ekinlerini ösdürip ýetişdirip, bol hasyl almagy maksat edinýäris.
Häzirki wagtda bölünip berlen ýere suw we beýleki üpjünçilik ulgamlaryny eltmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hususan-da, tygşytlaýjy tehnologiýalar esasynda suwy turbalar arkaly eltmek, suw göteriji beketleri, ýörite suw howdanlaryny gurmak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, ýetişdirilen hasyly saklamak we ony zawoda ugratmak üçin Tejen — Sarahs awtomobil ýolunyň hem-de Tejen — Sarahs demir ýolunyň aralygynda ammarlary, tehniki önümçilik desgalaryny gurmagy göz öňünde tutýarys.

Hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýatlary bilen, hojalyk jemgyýetimize oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak üçin 5 ýyl möhletli karz pul serişdeleri berildi. Şeýlelikde, «John Deere» kysymly traktorlaryň 40-sy, kombaýnlaryň 8-si, ekiji hem-de ideg ediji tehnikalaryň 37-si satyn alyndy. Telekeçileri ýurdumyzyň altyn gaznasyna deňäp, yhlasly hem öndürijilikli zähmet çekmegimiz üçin döwlet tarapyndan ähli mümkinçilikleri, ýeňillikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.
Ýeri gelende bellesek, 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazaryň türkmen kenarynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde «John Deere» kompaniýasy bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň arasynda hususy we telekeçilik ulgamlarynda oba hojalygyny ösdürmegiň hem-de daşky gurşawy goramagyň meseleleri boýunça özara düşünişmek hakynda strategik Ylalaşyga gol çekildi. Şoňa laýyklykda, geçen ýylyň dowamynda bu kompaniýanyň dürli tehnikalarynyň birinji tapgyry ýurdumyza getirildi. Täze tehnikalar Watanymyzyň toprak-howa şertlerinde üstünlikli synag edildi hem-de önümçilik şertlerinde oňyn netijeleri görkezdi. «John Deere» kompaniýasynyň dünýäniň öňdebaryjy gazananlary bilen enjamlaşdyrylan kämil tehnikalarynda ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr. Olaryň içinde sowadyş-ýyladyş ulgamlary hem işledilýär. Bu döwrebap tehnikalar daýhanlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdiren ýokary hilli we bereketli hasylyny öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap almaga şert döredýär. Munuň özi möwsümleýin oba hojalyk işlerini ylmy esasda, bellenilen möhletlerde, agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde alnyp berlen täze tehnikalary uly buýsanç bilen kabul etdiler. Türkmen telekeçileri üçin dünýä ölçeglerine laýyk gelýän «John Deere» kysymly täze traktorlaryň, tirkeg gurallarynyň we derman serişdelerini sepiji enjamlaryň ýurdumyza getirilmegi oba hojalyk işlerini gysga möhletde tamamlamaga amatly şertleri döreder.
Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren awtor.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/40136