Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda ulag-logistika düzümini ösdürmek we kämilleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, hereket edýän ulag-aragatnaşyk ulgamyny giňeltmek we täzelerini döretmek boýunça giň möçberli maksatnamalar amala aşyrylýar. Türkmenistan ýük daşamalaryň halkara ulgamynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, öz çäginde ygtybarly üstaşyr ulag gatnawlaryny üpjün edýär. Ulaglaryň ähli görnüşleriniň — awtoulag, demir ýol, howa, deňiz ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine uly üns berýär. Ýurdumyzda halkara ülňülere laýyk gelýän täze howa menzilleri bina edilýär, demir ýollar, ýokary tizlikli awtoulag ýollary, demir ýol we awtomobil köprüleri gurulýar. Demir ýol, deňiz we howa ulaglarynyň üsti täze, döwrebap gämiler, wagonlar, uçarlar bilen ýetirilip, ulag hyzmatlarynyň gerimi barha giňeýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Türkmen logistika assosiasiýasy» hojalyk jemgyýetiniň döredilmegi bolsa bu ugurda alnyp barylýan işleriň barha ilerlemegine getirdi.
Ulag-logistika geljegi uly ulgamlaryň biri hökmünde döwlet syýasatynda esasy orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 6-njy iýulynda Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynda hem bu sebitde ulag-logistika düzüminiň ösüşine aýratyn ähmiýet berildi. Döwlet Baştutanymyz iş saparynyň çäginde Garabogaz aýlagynyň üstünden çekilen köprä baryp görmek bilen, degişli ýolbaşçylara ol ýerde täze köprini gurmak we oňa barýan ýoluň durkuny täzelemek boýunça halkara bäsleşigi yglan etmegi tabşyrdy. Garabogaz aýlagyny Hazar deňzi bilen birleşdirýän awtomobil köprüsi ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr ulag düzümini giňeltmäge hem-de goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam eder.
Milli Liderimiziň Balkan welaýatyna iş saparynyň dowamynda bolup geçen ýene-de bir buýsançly waka — şol günlerde Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna gelen «Rahat» atly täze ýolagçy gämisiniň ilkinji ýüzüşine ak pata berilmegidir. Mälim bolşy ýaly, gojaman Hazar gadymy söwda ýollarynyň merkezinde ýerleşip, Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi bolupdyr. Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda açylyp, ulanylmaga berlen ýurdumyzyň “deňiz derwezesi” hem sanlyja ýyllaryň içinde Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda iri halkara üstaşyr ulag merkezine öwrüldi. Ol goňşy ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanyna sepleşmegi bilen, ýük awtoulaglaryna bu Halkara deňiz portuna we şol ýerden deňiz ýoly arkaly dünýä ýurtlaryna çykmaga mümkinçilik dörär.
Döwlet Baştutanymyzyň 14-nji iýulda Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynda ýol-ulag bilen bagly ýene-de bir taryhy wakanyň şaýady bolduk. Hormatly Prezidentimiz Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüniň tutulmagyna ak pata berdi. Munuň özi günbatar sebitiň halkara derejeli üstaşyr ulag geçelgesi hökmünde ornunyň pugtalanmagyna, ýurdumyzyň daşary döwletler bilen işjeň gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam eder. Milli Liderimiziň tagallasy bilen Balkanabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň hem-de 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň açylmagy bolsa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda uludan bellenilýän şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna ajaýyp sowgatdyr.
Ýazgeldi ANNAMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/34563