Täze gazturbinaly elektrik stansiýasy işe girizildi

3-nji sentýabrda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwaty 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasy boldy. Täze desga ozal hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde bina edildi.

Bu taslama Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar — Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» we «Mitsubishi Power Ltd», Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyryldy.

Bu ýerde her biriniň kuwwaty 144 megawat bolan gazturbinalaryň üçüsi oturdyldy. Energobloklardan başga-da zerur bolan kömekçi desgalar guruldy. Desganyň kömekçi potratçylyk işlerini energetika desgalaryň gurluşygynda uly tejribesi bolan «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi we Tijaret Anonim Şirketi» kompaniýasy ýerine ýetirdi.

Täze desganyň ulanylmaga berilmegi bilen ýurdumyzyň energoulgamynyň bellenen kuwwaty ýene-de 432 megawat artar, öňden hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň kuwwaty bolsa, 581,2 megawata deň bolar. Lebap welaýatynyň sarp edijileriniň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygy artar, täze iş orunlary dörediler. Merkezi Aziýa ýurtlaryna, şol sanda Özbegistana, Gyrgyz Respublikasyna we Owganystana elektrik energiýanyň iberilişiniň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň täze desgasyna «Mitsubishi Power Ltd» kompaniýasy tarapyndan öndürilýän M701DA görnüşli gazturbinalaryň Merkezi Aziýada ilkinji gezek gurnalandygyny tassyklaýan «Sumitomo» korporasiýasynyň güwänamasy hem-de Şweýsariýanyň Federal Tehnologiýa institutynyň «Innowasion täze tehnologiýalar» güwänamasy we Germaniýanyň «Max-Planck» institutynyň «Täsiri ýokary we dowamly bolmagy üçin» güwänamasy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

«Bereketli toprak».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/39470