Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzda giňden bellenilýän şanly seneler, milli baýramçylyklar, halkara derejeli çäreler medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Türkmen halkynyň taryhda baý medeniýetiniň bolandygyny görkezýän, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarynyň bardygyny bellemek gerek. Olar dünýäde giňden ykrar edilýär. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy hem munuň anyk mysalydyr. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Gündogaryň beýik akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli maslahatlar, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, döredijilik duşuşyklary, sergilerdir konsertler geçirilýär. Olaryň esasy maksady dana Pyragynyň edebi mirasynyň mundan beýläk-de wagyz edilmegine ýardam bermekden, bu ugurda ylmy barlaglary çuňlaşdyrmakdan, türkmen nusgawy şahyrynyň şahyrana-filosofik dünýäsine halkara jemgyýetçiligiň ünsüni çekmekden ybaratdyr. Şahyryň goşgularynda beýan edilýän ynsanperwer garaýyşlar XVIII-XIX asyrlarda diňe bir türkmen halkynyň durmuşyna däl, eýsem, Gündogaryň ähli halklaryna-da uly täsirini ýetiripdir.
18-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly halkara maslahat geçirildi. Onda çykyş edenler Magtymgulynyň garaýyşlarynyň beýleki halklara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, watansöýüjilige esaslanýandygyny bellediler. Hut şu ýörelgeler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň mazmunyny emele getirip, ýurdumyzyň diplomatiýasynyň parasatlylygynyň, dowamatlylygynyň üpjün edilmegini şertlendirýär. Häzirki wagtda Magtymgulynyň döredijiliginiň halkara derejede dost-doganlygy pugtalandyrmaga hyzmat edýändigini nygtamak zerur. Çünki ýurdumyzyň daşary syýasaty beýik şahyryň pikirleriniň, türkmenleriň we dünýä halklarynyň Ýer ýüzündäki orny baradaky garaýyşlarynyň dowamatydyr. Diplomatlaryň belleýişleri ýaly, şu ýyl Magtymgulynyň doglan güni mynasybetli birnäçe halkara çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunda dostlukly ýurtlaryň bu çäreleriň guramaçylykly geçirilmegine öz goşantlaryny goşmaga we olara işjeň gatnaşmaga taýýardyklary tassyklanyldy.
Maý aýynda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda medeniýet ministrleri derejesinde Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň esasy çäreleriniň birine öwrülen bu foruma abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG), Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary, daşary ýurtlaryň birnäçesinden, şol sanda Azerbaýjandan, Ermenistandan, Gruziýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Özbegistandan, Hindistandan, Eýrandan, Katardan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Malaýziýadan, Türkiýeden, Ýaponiýadan wekiliýetler gatnaşdy.
17-nji maýda paýtagtymyzyň günorta böleginde Magtymgulynyň ýadygärliginiň hem-de “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy boldy. Bu şanly waka 2024-nji ýylda nusgawy şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän çäreleriň özboluşly dowamyna öwrüldi. Görnükli söz ussady öz ady, baý döredijiligi bilen indi üç asyr bäri türkmen halkynyň şan-şöhratyny dabaralandyryp gelýär. Köpetdagyň eteginde türkmen edebiýatynyň meşhur wekiliniň heýkeli bina edilen medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjy dana Pyragynyň halkymyzyň taryhy, jemgyýetçilik-syýasy, medeni durmuşyndaky ornuna möhüm ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyza degişlidir.
Giň gerimli çäreleriň hatarynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadag şäherinde geçirilen Medeniýet hepdeligi aýratyn ähmiýete eýedir. Diýarymyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän bu medeni forum döredijilik işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine, täze zehinleri ýüze çykarmaga, milli medeniýetimizi ösdürmäge ýardam edýär.
Şanly senä bagyşlanyp, 5-nji awgustda paýtagtymyzda “Söz ussady Magtymguly Pyragy” atly “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik guraldy. Bu çäre Magtymgulynyň ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň edebiýaty, medeniýeti öwrenijileri, taryhçy alymlary üçin özüne çekiji şahsyýetleriň biridigini tassyklady. Şunda beýik söz ussadynyň Gündogar halklarynyň milli edebiýatlarynyň ösüşine ýetiren täsirini öwrenmek ýaly ugra aýratyn üns berildi. Magtymguly Pyragynyň şygryýeti halk çeperçilik usullary, öz döwrüniň öňdebaryjy pikirleri bilen baýlaşdyrandygy nygtaldy. Maslahata gatnaşyjylar Magtymgulynyň şol döwrüň gaýry dillerinden gelip çykýan hem-de kabul edilen edebi ýörelgelerinden saplanyp, öz şygryýetini halkyň gepleşik dilinde düzendigine aýratyn ünsi çekdiler. Onuň goşgulary halk döredijiliginiň ruhuna, çeperçiligine çuňňur aralaşýar. Şonuň üçin-de şahyryň şygyrlary halk tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolupdyr.
7-nji awgustda geçirilen “Beýik Pyragynyň köňül isläni — synlaň, bagt boýlaýan Türkmenistany!” atly maslahatda çykyş edenler Pyragynyň türkmen halkynyň öňündäki iň uly hyzmatynyň agzybirlige we jebislige çagyryşdygyny nygtadylar. Wagt berkarar döwleti arzuwlan şahyryň belent taglymynyň möhümdigini subut etdi. Häzirki günde Magtymgulynyň arzuw eden bagtyýar geljegi hakykata öwrüldi. Täze taryhy döwürde parahatçylygyň we ylalaşygyň ýurdy hökmünde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň at-abraýy barha ýokarlanýar. Parahat, bagtyýar durmuşyň diňe agzybirlikdedigine ynanýan halkymyz beýik Pyragynyň öwüt-ündewlerine berk eýerýär.
Magtymguly nesillere çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp şahyrana mirasyny galdyrdy. Onuň geljege gönükdirilen ajaýyp goşgularyndaky aýdyň, çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, halkara jemgyýetçiligiň hem ruhy isleglerine laýyk gelýär. Magtymgulynyň döredijilik mirasynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, adamzadyň aň-paýhas hazynasyna mynasyp goşant boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Pyragynyň döredijiliginiň umumadamzat derejesindäki ähmiýeti barha belende göterilýär. Onuň durmuş tejribesine ýugrulan pikirleri, filosofik garaýyşlary häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ruhy binýadyny düzýär.
Türkmen edebiýatynyň görnükli şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 8-nji awgustda geçirilen “Magtymguly Pyragy — dünýäniň akyldary” atly konsert Daşoguz welaýatynda guralan ajaýyp wakalaryň birine öwrüldi. Şu aýyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeginde köp sanly çäreler, şol sanda “Kalplara ruhy siňen Pyragy”, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy”, “Änew medeniýetiniň sungatdaky keşbi” atly “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler, “Bagtyýar zamana buýsan, Pyragy!”, “Döwrebap eserleriň sazlaşygy”, “Magtymguly Pyragy — türkmeniň ruhy dünýäsiniň çeper keşbi” atly döredijilik duşuşyklary we sergiler geçirildi.
Türkmen halkynyň görnükli oglunyň eserlerinde Watana söýgi, ynsanperwerlige, parahatçylyk söýüjilige, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş ýaly hiç haçan ähmiýetini ýitirmejek umumadamzat gymmatlyklary öz aýdyň beýanyny tapýar. Magtymgulynyň dürli halklaryň dillerine terjime edilen goşgulary dünýäniň ähli künjeginde ýaşaýan ynsanlaryň kalbynda seslenme döredýär. Russiýada, Türkiýede, Eýranda, Özbegistanda, Ukrainada we beýleki ýurtlarda türkmeniň beýik nusgawy şahyrynyň hormatyna ýadygärlikler dikildi.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan oňyn syýasaty netijesinde Türkmenistan durnukly, parahatçylyk söýüji, okgunly ösýän döwlet hökmünde halkara abraýyny barha artdyrýar. Ýurdumyz baý milli taryhy-medeni gymmatlyklary bilen tutuş halkara bileleşige giňden açylýar. Şu ýylyň baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän dabaralary hem öz içine alýar.
Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda özboluşly orny eýeleýän Änew milli medeni we taryhy ýadygärlikleri özünde jemleýän gadymy şäherleriň biridir. 1904-nji ýylda Änewiň arheologik depelerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri bu ýerde eneolit döwründe ýaýran ekerançylyk medeniýeti barada köp sanly gymmatly maglumatlary ýüze çykardy. Şol gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda ýadygärligiň bu döwre degişli medeni gatlaklarynda gadymy desgalaryň diwar galyndylary, zähmet gurallary, keramika önümleri bilen bir hatarda, ak bugdaýyň däneleri hem tapyldy. Türkmenistanyň Milli “Ak bugdaý” muzeýiniň Änew şäherinde bina edilmegi-de şunuň bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu açyşlardan soňra, sebitiň eneolit döwrüniň arheologik medeniýeti “Änew medeniýeti” ady bilen dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine ýaň saldy. XX asyryň ortalarynda Änew medeniýetine degişli başga-da birnäçe ýadygärlikler ýüze çykaryldy. Orta asyrlarda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Änew galasy gülläp ösen şäherçe bolupdyr. Häzirki wagtda Änew şäheri barha pajarlap ösýär, bu ýerde medeni-durmuş maksatly binalar yzygiderli gurulýar.
Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýyly “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly”, gadymy Änew şäherini bolsa şol ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýip yglan etmek baradaky çözgüt Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde kabul edilipdi. Munuň özi halkara ynsanperwer başlangyçlary öňe sürýän döwlet hökmünde Türkmenistanyň tagallalarynyň we bar bolan ägirt uly medeni mümkinçilikleriniň ykrar edilmeginiň nobatdaky güwäsidir. 26-njy martda Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda dabaraly çäre geçirildi we Änew şäherine berlen bu abraýly dereje mynasybetli guralmagy meýilleşdirilýän çärelere badalga berildi.
“Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” taslamasy türki halklaryň medeni mümkinçiliklerini açyp görkezmäge we olaryň mirasy bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi her ýylda türki dilli ýurtlaryň dürli şäherleriniň döredijilik taryhyna ünsi çekmegi, şonuň netijesinde-de medeni çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýar hem-de halklarymyzyň taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklaryna, medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlyga esaslanýar.
Meşhur şäherlerimiziň eýýäm ikinji gezek “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi bilen, Türkmenistanyň öz gadymy taryhyna, baý milli medeniýetine ylmy we döredijilik intelligensiýanyň ünsüni çekmäge, häzirki zaman gazananlary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik alandygy guwandyryjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda TÜRKSOÝ bilen ýola goýlan ýakyn gatnaşyklaryň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli ilerledilýändigini bellemek möhümdir. Şu ýylyň martynda Aşgabatda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisiniň geçirilmegi hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigine şaýatlyk edýär.
27-nji martdaky “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahat baýramçylyk medeni maksatnamanyň çäklerinde guralan esasy çäreleriň biri boldy. Mundan başga-da, 28-nji martda paýtagtymyzda Änew şäherine berlen bu abraýly dereje hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde “Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi” atly halkara metbugat maslahaty geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Beýik Britaniýanyň, Wengriýanyň, Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom-çäk düzüminiň, Gruziýanyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Makedoniýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleriniň, teleradiokompaniýalarynyň, kino birleşikleriniň, internet portallarynyň, gazet-žurnallarynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ), Ýewropa ýurtlarynyň Teleradioýaýlymlar birleşigi (EBU), Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Radio we telewideniýe birleşigi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Habarlar agentlikleriniň birleşigi (UNA) ýaly abraýly düzümleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Wekilleriň hatarynda Kanadanyň “HEC Montreal” we Türkiýäniň Bahçeşehir uniwersitetleriniň professorlary hem bar.
29-njy martda Arkadag şäherinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Döwlet Baştutanymyzyň bu eseri Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlanýar. Bu bolsa Watanymyzyň belent halkara abraýa eýediginiň, türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşan uly goşandynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň güwäsidir.
16-njy maýda Aşgabatda Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Çäräniň esasy maksady türki döwletleriň taryhy, medeni, tebigy we golýazma ýadygärliklerini gorap saklamakda ÝUNESKO bilen TÜRKSOÝ-nyň bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçiliklerini kesgitlemekden, milli mirasyň gymmatlyklarynyň halkara sanawlara işjeň girizilmegini üpjün etmek üçin tagallalary birleşdirmekden ybaratdyr. Mundan başga-da, şu aýda “Taryhyň köklerine siňen gadymy mekan” atly sergi guralar. Şeýle medeni çäreler umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna uly goşant goşan halkymyzyň medeniýetini, taryhy-medeni mirasyny köpöwüşginliligi bilen açyp görkezmäge mümkinçilik berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, milli mirasymyzy düýpli öwrenmek, aýawly saklamak we dünýäde wagyz etmek, şol sanda taryhy-medeni ýadygärliklerimizi gorap saklamak boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli giňden ýaýbaňlandyrylýan dabaralar milli medeniýetimiziň döredijilik kuwwatyny aýdyň şöhlelendirýär.