Taryhy kökleriň beýany

Garaşsyzlyk — döwletiň hem halkyň agzybirliginiň we bitewüliginiň berk esasydyr. Ol Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň gerimli özgertmelerini, bagtyýar halkymyzyň dörediji ruhuny özünde jemleýän milli gymmatlygymyzdyr.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň bosagasynda hormatly Prezidentimiz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly täze kitabyny ýazyp gutarandygyny mälim edip, ony giň okyjylar köpçüligine, tutuş halkymyza sowgat etdi. Bu ajaýyp kitap şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanan özboluşly edebi eser, ajaýyp sowgat boldy. Halkymyzyň bagtyýarlygynyň mundan beýläk-de artmagyna, ýurdumyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen ägirt uly işleri bitirýän hem-de diňe bir türkmen okyjylary üçin däl, eýsem, dünýä okyjylary üçin-de ähmiýetli kitaplary döredýän hormatly Prezidentimiziň galamyndan çykan bu kitap Türkmenistanyň häzirki döwürde ýeten beýik sepgitleri, öňe sürýän oňyn başlangyçlary we halkara derejede eýeleýän orny bilen tanyşmakda ajaýyp mümkinçilikdir.

Milli Liderimiz döwletimiziň köpugurly daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakda binýat bolup hyzmat edýän Garaşsyzlygymyzyň ýurdumyzyň ykdysady ösüşini we abadançylygyny, halkymyzyň bagtly durmuşyny üpjün etmegiň esasy şerti bolup durýandygyny nygtaýar. Türkmenistanyň geljekde hem saýlap alan ugruna ygrarly bolup, dünýäniň ähli ýurtlary bilen ikitaraplaýyn, şonuň ýaly-da ählumumy parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüşe ýardam edýän halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlyga, ata-babalarymyzyň wesýet eden hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarly bolup galjakdygy baradaky pikir kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Döwlet Baştutanymyz kitapda Garaşsyzlygymyzyň milli köklerini, taryhy ähmiýetini giňişleýin we bütin aýdyňlygy bilen açyp görkezipdir. Gahryman Arkadagymyz kitapda ýaşaýan zamanamyzyň juda möhüm wezipelerini çözmekde, barha umumylaşýan dünýäniň abadançylygyny, asudalygyny goramakda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň halkara hukuk ýagdaýynyň eýeleýän ornuny juda çuňňur paýhaslylyk bilen giňişleýin beýan edýär.

Geçen 30 ýylyň dowamynda halkymyzyň aňynda, medeni we ruhy dünýäsinde uly özgerişler, täzelenişler, galkynyşlar bolup geçdi. Ýurdumyzda düýbünden täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi. Munuň özi türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda arzuwlap ýeten Garaşsyz döwletiniň beren eşretleridir. Döwlet Garaşsyzlygy halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan we nesillerden-nesillere geçirip gelýän maddy hem ruhy gymmatlyklaryny, kämil ynsanperwer däplerini gaýtaryp berdi. Döwletimiz Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ugurlarda, şol sanda daşary syýasatda, senagatda, innowasion hem-de durmuş ösüşinde uly üstünlikler gazandy. Halkymyz demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakda, milli tejribe bilen birlikde, ösen döwletleriň tejribesinden peýdalandy. Bu bolsa adalatly, asuda, agzybir hem-de geljege ynamly jemgyýetiň emele gelmegine mümkinçilik berdi. Hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly täze kitabynda bular barada giňişleýin söhbet açylýar. Milli Liderimiziň bu kitaby okyjyny asyrlaryň dowamynda ençeme beýik döwletleri döreden türkmen halkynyň iň täze taryhyna özboluşly syýahata alyp gidýär. Kitapda Garaşsyzlyk hem-de onuň gözbaşlary barada çuň pikir ýöredilip, gazanylan beýik ýeňişleriň, üstünlikleriň we Türkmenistanyň barha artýan halkara abraýynyň özeninde hut döwlet Garaşsyzlygynyň durýandygy aýdylýar. Şeýle-de halkymyzyň baky bagtyny gazanmak, berkitmek, Watanymyzy ösüşleriň ýoly bilen öňe, diňe öňe äkitmek ugrunda amala aşyrylan we aşyrylýan işler il-halkymyzyň egsilmez gaýratynyň, joşgunly zähmetiniň netijesidigi baradaky pikir kitabyň özeninde ornaşýar.

Ýokary hil derejesinde çap edilip, suratlar bilen bezelen kitap üç dilde bolup, ol «Howpsuz, özerkli ýaşaýşyň galasy», «Türkmen halky — döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk eýesi», «Budur türkmen binasy!», «Galkynyşyň, ösüşiň, bagtyýarlygyň täze taryhy eýýamy», «Gözbaşlar joşly bolsa, bagtyňdan rowaçlyk hem üstünlik çykar», «Türkmen topragy — bereket mekany», «Türkmen halky — dörediji we gurujy halk», «Nusgalyk işler, ilkinjilik, täze önümçilikler, baý tejribe — ösüşiň özeni», «Ýoluňyz ak bolsun!», «Kalbyňyz we ojagyňyz nurly bolsun!», «Ýaşyl ykdysadyýet» — ýaşaýyş ýörelgesi», «Bazary baryň baýlygy bar» hem-de «Garaşsyzlyk bilen geçmişlidiris, şu günlüdiris, geljeklidiris» diýen bölümleri öz içine alýar.

«Türkmen halky — döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk eýesi» diýen bölümde hut milli özboluşlylygyň hem-de türkmenlere mahsus bolan sabyr-kanagatlylygyň netijesinde, ýaş, özbaşdak döwletiň kemala gelýän döwründe hökman we esasly çözülmegini talap edýän ençeme çylşyrymly meseleleri çözmegi başardandygy nygtalýar. Türkmenistanyň Garaşsyz döwlet hökmünde ykrar edilmeginiň, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny özbaşdak kesgitlemek üçin amatly şertleri döredendigi, merdana ata-babalarymyzyň jemgyýetimizi birleşdirýän milli döwleti döretmek baradaky arzuwlarynyň goldanyp, täze demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmak, täze raýat jemgyýetini döretmek, ýurdumyzy dünýäniň durnukly ösýän döwletleriniň birine öwürmek boýunça amala aşyrylan tapgyrlaýyn işler barada giňişleýin düşünje berýän täze kitap geçen döwürde raýatlarymyzyň durmuşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmak, bäsleşige ukyply milli ykdysadyýeti döretmek boýunça hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi göz öňünde tutýan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilişini giň okyjylar köpçüligine ýetirýär.

Soňky ýyllarda ähli ugurlary gurşap alýan özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyz uly ösüşler gazandy. Munuň şeýle bolmagyna hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň iri möçberli strategiýasy gönüden-göni ýardam etdi. Şol strategiýa, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagyny hem-de ony sanly ulgama geçirmegi, täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny, kiçi we orta telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagyny, häzirki zaman önümçilikleriň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Milli Liderimiziň ýurdumyzyň Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli öz halkyna eden ajaýyp sowgady, mazmuny boýunça, juda gymmatly kitaby Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň, gazanylan üstünlikleriň, Garaşsyz Watanymyzyň okgunly ösüşiniň aýdyň beýanydyr. Şeýle ajaýyp kitaby peşgeş berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys. Goý, milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Gülsere KUŞAÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/42224