Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Merjen paýtagtymyz binagärlik keşbi, sazlaşykly ösüşi we ajaýyplygy bilen haýran galdyrýar. Aşgabat dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriň hatarynda eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar.
Dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp möçberde jemlenen şäheri hökmünde Aşgabadyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi türkmen paýtagtynyň şan-şöhratyny artdyrdy. Munuň özi paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň nyşany bolup durýar.
Üstümizdäki şanly ýylda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň we «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy. Öňdebaryjy tehnologiýalar we döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen bu binalar ýurdumyzda bank işini kämilleşdirmekde we müşderilere edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda örän uly ähmiýete eýedir.
Ak mermerli paýtagtymyzyň keşbi, tutuş türkmen topragyny gurşap alýan özgertmeleriň depginleri hem-de hormatly Prezidentimiziň ösüşlere beslenen özgertmeler syýasatynyň beýik netijeleri gündelik durmuşymyzda aýdyň görünýär. Bu bolsa, bütin dünýäniň parahatçylygyň we döredijiligiň ýurdy hökmünde Türkmenistana ynamly garaýşyny pugtalandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň giň gerimli we möhüm ähmiýetli beýik işleri milli bilim ulgamynda özgertmeleri durmuşa geçirmekden başlap, bu ugry beýik maksatlary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň binýadyna, ýurdumyzyň innowasion ösüşiniň esasyna öwrüldi.
Soňky ýyllarda ak mermerli paýtagtymyzda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze, döwrebap umumybilim berýän mekdepler, ýokary okuw mekdepler, çagalar baglary, sport toplumlary, dynç alyş merkezleri gurulýar.
Paýtagtymyzda ýaşlaryň oňat bilim almak, geljekki hünärini saýlap bilmekleri hem-de zehinlerinden, ukyplaryndan netijeli peýdalanmaklary üçin giň mümkinçilikler bar. Türkmen ýaşlarynyň üstünligi döwletimiziň guwanjy bolmak bilen, ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri ýaşlaryň buýsanjyna, watançylygyň belent nusgasyna öwrülýär. Şoňa görä-de, paýtagtymyzyň ýeten belent sepgitleri, gülläp ösmegi hem-de üstünlikleriň halkara derejede ykrar edilmegi Aşgabadyň mundan beýläk-de ösmegine, ýaş nesilleriň geljegine uly goşantdyr.
Jeren AKMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.