Parahatçylyk we ynanyşmak: döwrebap ýaşaýşy, sagdyn durmuşy döretmek üçin

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» kitabynda: «Döwrebap ýaşaýşy döretmek üçin Zeminiň ýaşaýjylarynyň özleri üçin umumy wezipeleri dogry kesgitläp, möhüm bolan degişli ugurlardaky hyzmatdaşlygy ýola goýmaklary zerurdyr» diýip ýazýar. Ine, şu pikiri külterläberseň, Zeminiň üstünde döwrebap ýaşaýşyň döredilmegi üçin ilkinji nobatda gazanylmaly gymmatlyklar — her bir adamyň gatnaşmagyndan döredilýän parahatçylyk we ynanyşmak duýgusydyr. Ine, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň aňyrsynda-da şu ajaýyp pikirler bardyr. Çünki abadan durmuşy, durnukly ösüşi gazanmagyň esasy şertleri — parahatçylygyň döredilmegi, özara ynanyşmagyň gazanylmagydyr. Galyberse-de hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda belleýşi ýaly, dünýäde parahatçylyk söýüjilikli meýilleri aýan etmek biziň döwlet syýasatymyzda jemlenendir.

Hormatly Prezidentimiz başdaky pikirini şeýle dowam edýär: «Häzirki döwürde aýratyn ähmiýete eýe bolan sagdyn jemgyýeti kemala getirmegiň meseleleri hem şu ählumumy zerurlykdan ugur alýar. Sagdyn jemgyýet — sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgeleriniň kemala gelmeginiň kada-kanunlarynyň netijeliligine esaslanýar. Adamyň saglygyny gorap saklamagyň zerurlygyny göz öňünde tutýar. Öňüni alyş çäreleri tutuşlygyna alnanda, şu maksatlara hem laýyk gelýär». Diýmek, döwrebap ýaşaýşyň döredilmegindäki ählumumy zerurlyklaryň ýene-de biri sagdyn jemgyýetiň kemala getirilmegidir. Munuň üçin her bir raýatyň saglygynyň goralmagy, sagdynlygynyň gazanylmagy möhüm bolup durýar. Çünki hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, sagdyn jemgyýet — döwletiň berk binýadydyr! Bu babatda gazanylan netije beýleki ulgamlaryň ösüşine-de täsir edýär. Döwletimiz bu babatda juda oýlanyşykly düzülen maksatnamalara laýyklykda toplumlaýyn işleri alyp barýar. Milli saglygy goraýyş ulgamymyzyň ösüş derejesini ýokarlandyrmak üçin durmuşa geçirilýän işleriň her biri ilatyň saglygyny, jemgyýetiň sagdynlygyny gazanmak maksadyna gönükdirilendir.

Ýakynda bolup geçen waka, ýagny Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan Russiýanyň göni maýa goýumlary gaznasynyň goldaw bermeginde Gamalei adyndaky ylmy-barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen «Sputnik V» sanjymynyň bellige alynmagy hem şu ynsanperwer işleriň hataryndadyr. Türkmenistan döwletimiziň Merkezi Aziýada bu sanjymy öz çäginde ulanmagy resmi taýdan makullan ilkinji döwlet bolmagy-da, ony hasaba alan döwletleriň birinji onlugyna girmegi hem juda buýsandyryjy maglumatdyr. Döwletimiziň tutuş adamzatda biynjalyk döredýän ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almakda, bu howpa garşy göreşmekde ygtybarly goragyň üpjün edilmegi ugrunda alyp barýan işleri ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdiniň tapylmagyna goşantdyr.

Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hem-de sportuň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, jemgyýetde, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegine uly üns berilýär. Aýratyn-da sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň höweslendirilmegine ähmiýet berilýär. Ýaňy-ýakynda agyr atletikaçy Ýulduz Jumabaýewa bilen bagly bolan waka hem alnyp barylan işleriň netijesidir. Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji jenap Maýkl Iranäniň ýazan hatyndaky 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 45 kilograma çenli agram derejesinde türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň itekläp götermekde altyn medalyň we silterläp götermekde kümüş medalyň eýesi bolandygy baradaky hoş habary milli sport ulgamynda alnyp barylýan anyk işleriň oňyn häsiýetinden habar berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň bu adalatly çözgüt üçin jenap Maýkl Iranä ýollan minnetdarlyk hatynda: «Ildeşimiziň sportuň agyr atletika görnüşi boýunça altyn hem-de kümüş medallara mynasyp bolmagy bizi diýseň begendirdi we guwandyrdy. Mundan başga-da, türgenimiziň itekläp götermekde 104 kilogram agram bilen we jemi 179 kilogram agram bilen ýaşlaryň arasynda dünýä rekordyny täzelemegi bizi has-da buýsandyrdy» diýen sözleri bolsa türkmen türgenlerini has-da yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Sebäbi sport — sagdynlygyň, kämilligiň, gözelligiň we dostlugyň sakasy. Sport bilen meşgullanýan adamyň saglygy berk bolýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Biziň görýän çärelerimiziň ählisi diňe bir ýurdumyzyň geljekki sport üstünliklerine däl-de, ozaly bilen, adamlaryň saglygyna we uzak ýaşamagyna, milletimiziň bagtly geljegine goşantdyr» diýen sözlerini baýdak edinip, ýurdumyzda sport bilen meşgullanmak köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Bu bolsa ilatyň sagdynlygynyň gazanylmagyna oňyn täsirlerini ýetirýär.

Gahryman Arkadagymyzyň hut özi sporty işjeň wagyz edip, şahsy göreldesi bilen sagdyn durmuşyň artykmaçlyklaryny yzygiderli görkezýär. Bu bolsa, ozaly bilen, ýaş nesil üçin nusgalyk mekdepdir.

Goý, ilatymyzyň saglygy, ýurdumyzyň asuda, parahat bolmagy, durmuşymyzyň gözel, ruhubelentlige beslenmegi, ömrümiziň manyly, zähmetimiziň netijeli bolmagy üçin yhlasyny, zehinini, ukyp-başarnygyny gaýgyrmaýan döwlet Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurdy abadan bolsun!

«Türkmen dünýäsi».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19147