Halkymyzyň milli ýörelgelerinden gözbaş alýan gymmatlykdyr
Her ýyly özboluşly, halkymyzyň milli aýratynlygyna, ruhy dünýäsine, durmuşyna laýyk döwrebap şygar bilen atlandyrmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asylly däpleriň birine öwrüldi. Ine, belent maksatlary kalbymyzda besläp, ajaýyp arzuwlar bilen garşy alan 2021-nji ýylymyz hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi.
Parahatçylyk, ynanyşmak halkymyzyň milli ýörelgelerinden gözbaş alýan gymmatlyklardyr. Häzirki ajaýyp zamanamyzda bu düşünjeler has çuňňur many-mazmuna eýe bolup, ata-baba dost-doganlyga sarpa goýup gelýän halkymyzyň ruhy dünýäsini şöhlelendirýär. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň netijesinde bu gün halkara bileleşigi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy gorap saklamak we
birek-birege hormat goýmak hem-de ynanyşmak esasynda ygtybarly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alyp barýan ägirt uly işleriniň şaýady bolýar. 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan etmek hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararynda bellenilişi ýaly, taryhy taýdan gysga möhletiň içinde Garaşsyz ýurdumyz özüniň Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, Ýer ýüzüniň köp döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmagyň gymmatly tejribesini toplady. Türkmenistanyň teklibi esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dabaralanýandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.
Parahatçylyk söýüjilik diýen düşünje örän köp zady öz içine alýar. Ilkinji nobatda, ol dünýädäki gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, Ýer ýüzünde parahatçylygy gorap saklamaga, durnuklylygy pugtalandyrmaga maksada okgunly hereketler we anyk işler bilen mynasyp goşant goşmakdyr. 2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynda eden çuň manyly çykyşynda hormatly Prezidentimiz ýokarda agzalyp geçilen taryhy Kararnamanyň kabul edilmeginiň wajyplygyna we zerurlygyna ünsi çekip: «Dünýä bileleşiginiň tagallalaryna garamazdan, Ýer togalagynyň birnäçe sebitlerinde ýagdaýyň çylşyrymly bolmagynda galýandygyny, gapma-garşylyklaryň artýandygyny we ählumumy ösüşiň ýoluna hem-de onuň geljekki ugurlaryna bolan garaýyşlarda ynanyşmagyň, özara düşünişmegiň umumy derejesiniň pese düşýändigini nazara alanyňda, munuň özi has-da ähmiýetlidir» diýip, aýratyn belläp geçdi.
Parahatçylygyň gadyr-gymmatyna çuňňur düşünişi ýaly, türkmen halky ynam diýlen belent hem mukaddes duýga, ynanyşmak diýlen ajaýyp ýörelgä hem aýratyn sarpa goýýar. Kimdir birine «janyňy ynanmak”, «malyňy ynanmak” ýa-da onuň «sözüne ynanmak” ýaly jümleleri näçe mysal getirseň getirip oturmaly. Hut şeýle ynamdan gözbaş alýan ynanyşmak düşünjesi bu gün many ýaýrawyny has giňeldip, dünýä derejeli ähmiýete eýe bolýar. Ilkinji nobatda bolsa, ol ynsanperwer türkmen halkynyň, dost-doganlyk ýurdy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryndaky, onuň çäklerinde bolsa dünýä ykdysadyýetindäki ornuny aýdyň kesgitleýär. Diňe bir halkymyzyň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň hem bähbitlerini nazarda tutup durmuşa geçirilýän halkara ähmiýetli taslamalaryň ilkinji nobatda özara ynanyşmak ýörelgelerinden ugur alýandygyny aýratyn bellemek gerek. Ata Watanymyzyň başlangyjy hem-de göreldesi bilen şu esaslarda energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmeginiň, durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak maksady bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygynyň berkidilmeginiň üstünlikli ýola goýulmagy we beýleki ugurlardaky ygtybarly hyzmatdaşlyklar biziň her birimiz üçin buýsandyryjy ýagdaýdyr.
Parahatçylyk we ynanyşmak biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly düşünjelerdir. Parahatçylygy gorap saklamak wezipesi, ozaly bilen, halklaryň we döwletleriň birek-birege ynanyşmagy esasynda amala aşyrylýar. Şol ynanyşmak hem soňlugy bilen dost-doganlygy berkidýär, ykdysady üstünliklere giň ýol açýar. «Biz alyp barýan netijeli işlerimiz bilen sebitde durnuklylygy we parahatçylygy berkitmäge, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk ýagdaýyny döretmäge uly goşant goşmagy dowam edýäris” diýip, milli Liderimiz nygtaýar. Hawa, parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany bolan Türkmenistan döwletimiziň hyzmatdaşlary barha artýar, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklar yzygiderli berkidilýär. Abadan, asuda ýurtda özara ynanyşmak esasynda halkara hyzmatdaşlygynyň barha ýaýbaňlanmagy deňiz, awtomobil, demir ýol, howa hem-de turba geçiriji halkara multimodal logistik taslamalary amala aşyrmaga, ýangyç-energetika toplumynda we beýleki ugurlarda ägirt uly üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman we Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgeleri hakyndaky ylalaşyklaryň gazanylmagy, hereket edýän Türkmenistan — Hytaý hem-de gurluşygy dowam edýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijileri, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy we beýleki iri desgalar munuň aýdyň subutnamasydyr.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda biz ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny giňden belläris. Garaşsyz Diýarymyzyň durmuş-ykdysady we daşary syýasat ugry, ilkinji nobatda, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýar. Şonuň üçinem 2021-nji ýylyň şygarynyň bu ajaýyp taryhy sene bilen gabatlaşmagynda uly many bar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da artmagy, şan-şöhratynyň belende göterilmegi üçin il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Döwletmämmet GARAKLYÝEW,
“Balkan”.