Ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak işinde Türkmenistan iri, abraýly halkara guramalar, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasy, onuň düzüm bölekleri bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän ajaýyp özgertmeler, ilkinji nobatda, halkymyzyň jebisligini berkitmek, agzybirligi, ynanyşmagy, ýurt parahatçylygy rowaçlandyrmak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, umumadamzat meselelerini gozgaýan başlangyçlar bilen eden çykyşlarynyň, sebit we dünýä syýasatynyň möhüm ugurlary barada öňe sürýän teklipleriniň halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredip, gyzgyn goldawa eýe bolýandygyna dünýä halklary ençeme gezek şaýat boldular.
Türkmenistan Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, şeýle hem sebitde we bütin dünýäde emele gelen ýagdaýy nazara almak bilen, giň göwrümli we aýdyň maksatly beýik işleri amala aşyrýar. Bu bolsa, Türkmenistana goňşy we beýleki döwletler bilen syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlar boýunça alyp barýan gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge mümkinçilik berýär. Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň bütin dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy rowaçlandyrmak ugrunda durmuşa geçirýän tagallalaryna aýdyň şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan şanly taryhy we asyrlaryň dowamynda toplan baý medeni mirasy bilen şertlendirilýär. Iňňän gadymy döwürlerden bäri kämil medeniýete eýe bolan Türkmenistan hemişe dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine uly goşant goşup geldi. Eziz Diýarymyz Garaşsyzlyga eýe bolan ilkinji ýyllarynda parahatçylyk ýörelgelerine uly ähmiýet berdi. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan onuň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy iki gezek ykrar edildi. 1995-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Kararnama şol döwürde gurama agza 185 döwlet tarapyndan biragyzdan goldanylan bolsa, 2015-nji ýylda 193 döwlet tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Şeýle hem Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyny resmi taýdan Esasy Kanunynyň birinji maddasyna girizip, konstitusion taýdan kanunlaşdyran döwletdir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralyndaky 71-nji mejlisinde hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilen gününi, ýagny 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň kabul edilmegi Watanymyzyň dünýä giňişligindäki ýokary abraýynyň, sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde saldamly goşandynyň ählumumy ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Sözüň doly manysynda agzybirlik hem-de bitewilik ýörelgesi ýurdumyzda durnukly ösüşiň ygtybarly ýoly hökmünde kesgitlenendir. Eziz Diýarymyzda hereket edýän kanunlaryň ählisi bolsa halkymyzyň ruhy-ahlak köklerinden, halkymyzyň erk-isleglerinden, jemgyýetiň sagdyn ösüşi bilen bagly möhüm talaplardan ugur alýar we ýurdumyzyň gülläp ösmegine, halkyň bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilendir.
Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň bagtyýar durmuş derejesiniň üpjün edilmegine, ýurdumyzyň gülläp ösmegine, parahatçylygyň we
ählumumy howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna, bütin dünýäde hoşniýetli gatnaşyklaryň kemala gelmegine gönükdirilen beýik başlangyçlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Jahan GURBANOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.