Toýly günleriň, şanly seneleriň ýakymy ýüregimizden hiç haçan çykmaýar. Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza şu gezekki sapary hem millionlarça ýürekde şeýle ýakymy oýardy. Bu saparyň çägindäki taryhy wakalara şaýat bolanlaryň ýürek joşgunyny diňlemek bolsa has-da ýakymly. Şonuň üçin hem gazetimiziň şu sanynda kalby joşgunly watandaşlarymyzyň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny paýlaşýarys.
Kalandar KLYÇÝEW,
Türkmenabat Halkara howa menziliniň dispetçeri:
― Türkmenabatdaky «Ruhyýet» köşgünde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen dabaraly maslahata gatnaşmak biziň ykbalymyzdaky iň ýakymly wakalaryň birine öwrüldi. Milli Liderimiziň taryhy çykyşyny diňlän we halkara bähbitli täze desgalaryň açylyş dabaralaryna wideoaragatnaşyk arkaly şaýatlyk eden pursatlarymyz ýakymy-ýaraşygy bilen hakydamyzda uzak wagtlap galar.
Halkara jemgyýetçiliginde abraý-mertebesi barha beýgelýän ýurdumyz halklary begendirýän tutumlary bilen göwünlere gül ekmegini dowam etdirýär. Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza şu gezekki iş saparynyň çäginde şaýat bolan taryhy wakalarymyz bu hakykaty ýene bir gezek tassyklady. Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň şeýle taryhy wakalar bilen başlanmagy ýylyň belent badyna buýsanjymyzy artdyrdy. Nesip bolsa, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk dabaralaryna beslenjek ýylda şeýle uly wakalara ýene birnäçe ýola şaýat bolarys.
Biz — taryhy maslahata gatnaşyjylar özümize döredilen bu ajaýyp mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. Taryhy günlerde işe girizilen täze desgalar doganlyk döwletlere dostluk salamymyzy äkidip, olardan hem ýürekdeşlik getirsin! Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri mundan beýläk hem beýik tutumlaryň eýýamy bolsun!
Jemşit BAZAROW,
«Lebapenergo» önümçilik birleşiginiň mehanizasiýa we awtoulaglar gullugynyň ussasy:
― Bu gün türkmen topragynyň we türkmen ýüreginiň ýalkymy nobatdaky gezek goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna çyrag bolup uzaýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen gurlan gaz turbinaly elektrik stansiýasy, güýjenmesi 500 kilowolt bolan Kerki elektrik bekedi, şeýle-de türkmen-owgan serhedine uzaýan howa elektrik geçirijisi ýürekdeş gatnaşyklaryň täze sahypasyna öwrüler.
Kerki elektrik bekedindäki dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasion tehnologiýalar, myhmanhana we edara, dolandyryş binalary, ammarlardyr barlaghanalar, ussahana döwrebap mümkinçilikleriň gurşawynda işlemek üçin giň şertleri hödürleýär. Bu bina mundan beýläk hem welaýatymyzyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiligini düýpli gowulandyrmaga ýardam berer. Şol bir wagtyň özünde-de Türkmenistandan goňşy ýurtlara elektrik energiýasyny ibermek üçin tehniki şertleri döreder. Munuň ilkinji miwesini eýýäm şu gün görüp başladyk. Hut şu beketden Owganystanyň Şibirgan şäherine elektrik energiýasy iberiler.
Bu taryhy günde açylan täze desgalar bilen ähli kärdeşlerimizi tüýs ýürekden gutlaýarys. Türkmen elektrik energiýasyny mundan beýläk hem dünýä çykarmakda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik bolmagyny, işleriniň hemişe rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Pälwan ÝAÝLANOW,
«Lebaptelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň hünärmeni:
― Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän we «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylyň başynda birbada halkara ähmiýetli taslamalaryň birnäçesiniň durmuşa geçirilmegi we olaryň işe girizilmegi aýratyn ähmiýetli wakadyr. Şol taryhy wakalaryň şaýady hem-de olara dahylly bolmak bagty bu gün başymyzy Göge direýär.
Şu gün halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy we onuň birikmeleri açylyp, ulanylmaga berilýär. Onuň işe girizilmegi, ýurdumyzdan geçýän üstaşyr aragatnaşyk akymlarynyň sanyny artdyrmaga, Türkmenistanyň serhedinden Owganystan Yslam Respublikasy bilen Pakistan Yslam Respublikasyna çenli üstaşyr aragatnaşyk akymlaryny geçirmäge mümkinçilik berer. Ýurdumyz bilen goňşy döwletleriň arasynda maglumat geçirijilik birikmesi artar. Şeýlelikde Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda aragatnaşyk geçirijiligi ygtybarly ätiýaçlandyrylar. Ýewropa, Aziýa, Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň arasynda maglumat geçirijilik tizligini sekuntda 100 Gigabite çenli, geljekde bolsa bu tizligi sekuntda 6 Terrabite çenli artdyrmaga mümkinçilik berer.
Biz ― aragatnaşyk pudagynyň hünärmenleri şeýle iri halkara taslamalary durmuşa geçirmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. Bu gün açylan täze ulgamlar bilen türkmen we owgan halklaryny tüýs ýürekden gutlaýarys. Goňşy halklaryň nurana geljegine gönükdirilen taryhy tutumlar mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin! Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, maksatlary myrat tapsyn!
Atabaý DURDYKULOW,
«Malaý» gaz gysyjy desgasynyň esasy inženeri:
― «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda Lebap welaýatynda-da ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Welaýatymyzda 2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ýene-de bir täze desga gurlup, ulanylmaga berildi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Çärjew etrabynyň çägindäki «Malaý» gaz käninde ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metr bolan «Malaý» gaz gysyjy desgasynyň gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirildi.
Gaz gysyjy desgada «A» we «B» önümçilik sehleri işlär. Bekediň «A» sehi «Malaý» gaz känini gutarnykly we doly özleşdirmäge ýardam eder. «B» sehi kuwwatly gaz turbinalaryň kömegi bilen «Malaý — Bagtyýarlyk» gaz geçirijisiniň üsti bilen «Bagtyýarlyk» gaz gysyjy desgasyna «Üçajy», «Galkynyş» we «Döwletabat» gaz känlerinden gelýän gazyň basyşyny geljekde hem kadaly saklamaga ýardam eder. Desgada Fransiýanyň «Dresser-Rand S.A.» kompaniýasy tarapyndan üpjün edilen 6 sany gaz gysyjy enjamlar toplumy oturdyldy. Olar häzirkizaman kämil awtomatlaşdyrylan ulgamy we kompýuterler arkaly dolandyrylýar.
Şeýle kuwwatly desganyň hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen işe girizilmegi bizde uly buýsanç döredýär. Nesip bolsa, bu desga «Malaý – Bagtyýarlyk» gaz geçirijisiniň mümkinçiliklerini has-da artdyrar. Bu bolsa, şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerine uly goşant bolar.
Biz — gazçylar bu kuwwatly desgany gurduryp, ulanmaga berendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Iň döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze desgada işlemek döwrümiziň we ömrümiziň uly peşgeşidir. Arkadag Prezidentimiziň tutuş adamzadyň bähbidine alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Merdan Allanazarow,
«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 25-nji şahamçasynyň hünärmeni:
― Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýylynyň ilkinji günlerinde Türkmenistan ― Owganystan ― Täjigistan demir ýolunyň Akina ― Andhoý şahasynyň açylmagy iki dostlukly halkyň ýürekdeş gatnaşyklarynda täze sahypa öwrüldi. Täze şahanyň işine teleköpri arkaly hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bolsa ählimizde çäksiz şatlyk döretdi.
Ýurdumyzyň serişdeleriniň hasabyna gurlan 30 kilometrlik demir ýoluň gurluşygynda «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 29-njy şahamçasynyň gurluşykçylary işlediler. Milli Liderimiziň ak pata bermegi bilen 2019-njy ýylda ýoluň gurluşygyna girişildi we ýaňy-ýakynda ulanmaga bermäge doly taýýar edildi.
Şeýle sogaply işe şaýat bolmak bizde çäksiz buýsanç döredýär. Täze açylan ýol bilen türkmen we owgan halklaryny tüýs ýürekden gutlaýarys. Nesip bolsa, bu ýol iki ýurduň hem ykdysady ösüşlerine ýardam berer. Şeýle belent tutumlaryň sakasynda duran hormatly Prezidentimize ýene bir ýola tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris.
Taýýarlan Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz.