Parahatçylygyň we ösüşiň ýoly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň daşary syýasatynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde we umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda alnyp barylýan işler dünýäde uly goldawa eýe bolýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde öňe sürülýän netijeli başlangyçlaryň ählumumy ykrarnama eýe bolýandygyny şertlendirýär. Bu bolsa eziz Diýarymyzyň baky Bitaraplyk taglymatyna uly hormat goýulýandygyny görkezýär. Şeýle hem dünýäniň syýasy giňişliginde Garaşsyz döwletimize täze sepgitlere ynamly ýetmäge ýardam berýär.

Eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy biziň gündelik durmuşymyzda öz beýanyny tapyp, eşretli durmuşymyzy bezeýär. Baky Bitaraplygymyzyň esasynda parahatçylyk söýüjilik ýörelgämiz has-da ösdürilýär, dünýä ýaýylýar. Baky Bitaraplygymyz şöhlelendirilen zeýtun pudaklary şekillendirilen Döwlet tugumyz asuda asmanymyzda, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň binasynyň öňünde buýsançly pasyrdaýar. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy mundan beýläk-de parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdiriler. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygyna we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň ýörelgelerine esaslanýan, bütin adamzadyň bähbitlerine we aýdyň maksatlaryna hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňeldilmegine gönükdirilen durnukly daşary syýasaty we diplomatiýasy diňe bir Orta Aziýa sebitinde däl, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň dabaralanmagyna hyzmat edýär» diýip parasatly belleýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri, dünýäniň döwletleri bilen giň gerimli we yzygiderli ösdürilýän syýasy diplomatik we ykdysady hyzmatdaşlyklar alnyp barylýar. Milli Liderimiziň pähim-parasaty netijesinde, ýurdumyz tarapyndan parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmäge we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen täze başlangyçlaryň öňe sürülmegi dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, halkara möçberinde wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň we olary çözmegiň möhüm serişdesi hökmünde garalýar. Paýtagtymyz Aşgabat ylalaşdyryjy merkez, halkara ähmiýetli ençeme duşuşyklaryň geçirilýän ýeri hökmünde giňden tanalýar.

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde türkmen halkynyň asuda ýurtda bagtyýar ýaşap, yhlasly zähmet çekmek bagtynyň hem-de gülläp ösýän Watanymyzyň eýeleýän belent sepgitlerine guwanmagynyň özeni baky Bitaraplyga esaslanýan parahatçylyk söýüjilik ýörelgämizdedir. Baky Bitaraplyk ýurdumyzyň her bir raýaty üçin parahat durmuşyň beýanydyr we ertirki güne ynamly garamagydyr, bagtly nesli terbiýeläp ýetişdirmek ýaly manyly ýaşaýşyň binýadydyr.

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygyny uly dabara bilen bellemek üçin yhlasly zähmet çekýän halkymyz her bir güni zähmet üstünlikleri bilen garşy alýar we mundan beýläk hem milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyza diňe üstünlikleriň, ösüşleriň, abraý-mertebäniň ýaran boljakdygyna tüýs ýürekden ynanýar.

Gözel UZBEKOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/29006