Parahatçylygyň aýdyň beýany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyz dünýäde belent abraýly döwletleriň biridir. Türkmenistan sebitde durnukly ösüşi hem-de howpsuzlygy üpjün etmekde esasy orunlaryň birini eýeleýär. Baky Bitarap Diýarymyz öz saýlap alan daşary syýasaty bilen bedew batly öňe barýar.

Dünýä parahatçylyk nuruny bolluk bilen eçilýän Türkmenistanyň halkara abraýy, dünýä bileleşiginiň durmuşynda tutýan orny, parahatçylygy, ählumumy abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti barha ýokarlanýar. Ýurdumyz bu ugurlara gönükdirilen hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip, halkara gatnaşyklarynyň çäklerini yzygiderli giňeldýär. Adamzadyň parahat, asuda durmuşda bagtyýar ýaşamagyna gönükdirilen möhüm meseleleriň sazlaşykly çözgütleriniň işlenilip taýýarlanylmagyna örän işeňňir gatnaşýar. Şeýle hem özygtyýarly Bitarap döwlet hökmünde sebit hem-de dünýä ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär. Merkezi Aziýa sebitinde syýasy durnuklylygy saklamak we goldamak, hoşniýetli goňşuçylygy, dostlugy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de ösdürmek babatda netijeli işleri durmuşa geçirýär. Sebitiň we dünýäniň ähli döwletleri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyklarynyň, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň gerimini giňeldýär.

Baky Bitarap Türkmenistan beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarynyň mazmunyna we ugruna hormat goýmak ýörelgesine eýerýär. Türkmenistan “Açyk gapylar” syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, hemmeler üçin düşnükli bolan anyk daşary syýasy ugry alyp barýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy sebitde hem-de bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilik berýär. Bu bolsa özara ynanyşmak we düşünişmek üçin tagallalary birleşdirmek, medeni gatnaşyklary ösdürmek, dünýä derejesinde umumy meseleleri çözmek üçin örän möhümdir. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işleriň netijesinde, ylym, bilim, medeniýet, syýahatçylyk we sport ulgamlarynda uly üstünlikler gazanyldy.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Gurmasynyň Baş Assambleýasy 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Munuň özi ýokary derejedäki hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, durnukly ösüşe goldaw berilmegine, parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna hem-de adam hukuklaryna hormat goýulmagyna gönükdirilen çözgütdir. Häzirki döwürde ähli tagallalaryň utgaşdyrylmagy hem-de agzybirlikde hereket edilmegi aýratyn möhüm bolup durýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da ýokarlandyrýan, umumadamzat ähmiýetli ynsanperwer syýasaty durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, beýik işleri rowaç bolsun!

Maýa ÝALKAPOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/46965