Özüň bolmak ýa-da 30 ýyllyk maksatnama hakynda kelam

(«Döwür we biz» atly makalalar toplumyndan)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 7-nji ýanwarynda geçirilen ilkinji mejlisinde hormatly Prezidentimiz geljek otuz ýyl üçin ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamasyny düzmegi we ony Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde tassyklamagy tabşyrdy. Biz şu gürrüňimizde eýýäm ýakyn geljekde kabul ediljek 30 ýyllyk maksatnamanyň halkymyza hem döwletimize berjek peýdasy hakynda siziň bilen pikir alyşmakçy bolýarys. Esasy gürrüňe geçmezden öň, şeýle uzak möhletli maksatnamany kabul etmegiň zerurlygy hem-de şertleri hakynda biraz söhbet edeliň! Umuman-a, olar hakynda Arkadag Prezidentimiz ady agzalan Hökümet mejlisinde gürrüň etdi, ýöne olary ýene bir gezek ýatlamak artykmaçlyk etmese gerek.

Biz geçen ýylda döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny, hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygyny belledik. Hormatly Prezidentimiz agzalan Hökümet mejlisinde erkin ýaşalan 30 ýyla gysgaça baha berip, şeýle diýdi: «...bize demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşyny döretmek we kämilleşdirmek başartdy. Şu döwürde biz döwlet häkimiýetiniň netijeli gurluşyny döretdik. Ýyllarboýy toplan tejribämize daýanyp, döwlet institutlaryny kämil ýagdaýa getirdik. Milli ykdysadyýetimizi yzygiderli döwrebaplaşdyryp, dünýä bileleşiginde Garaşsyz döwletimiziň tutýan ornuny berkitdik».

Türkmende «Guş ganatsyz bolmaz, adam — arzuwsyz» diýen bir atalar sözi bar. Munuň hakyky manysy, guşuň goşa ganaty bolmasa göge galyp bilmeýşi ýaly, adamyň hem öňünde maksady bolmasa, öňe hereket edip bilmejekdigi, şol bir duran ýerinde durjakdygy hakyndadyr. Diýmek, adama maksat, etsem-goýsam gerek. Bu onuň durmuşyny gyzykly etmek, many-mazmuna beslemek bilen bir hatarda, gün-güzeranynyň barha we barha gowulanmagyny üpjün edýär. «Herekete — bereket» diýleni-dä! Görşümiz ýaly, könekilerde aýdylmadyk söz ýok. Halkyň könesini gowy bilýän, milli mirasymyza ýokary baha berýän döwlet Baştutanymyz 30 ýylda geçen ýolumyza seljerme berip, indiden beýläk has uzaklara niýetlenen, uzak möhletli maksatlary öňümizde goýup, şolary amala aşyrmak üçin ýyl-ýyldan oýlanyşykly, bir uly maksada gönükdirilen beýik işleri tapgyrma-tapgyr, özem üstünlik hem abraý bilen durmuşa geçirmäge wagtyň ýetendigine ünsi çekýär.

30 ýylyň badalgasy — geljekki 30 ýyla! Geçen 30 ýylda gazananlarymyz geljekki 30 ýylda gazanmaly üstünliklerimize, ýetmeli sepgitlerimize gönezlikdir.

Hormatly Prezidentimiziň 30 ýyllyk maksatnamany düzmeli diýmegi Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ýaşan durmuş hakykatyndan alnan, müň bir gezek ölçerilip görlen netijedir. Bu maksatnamanyň kabul edilen ýagdaýynda, onuň hiç bir kemçiliksiz ýerine ýetiriljekdigini, gaýtam, 30 ýyldan soň biziň döwletimiziň hem halkymyzyň ösüp-özgerip, kuwwatlanyp hem kämilleşip, köpimiziň şu wagt doly göz öňüne-de getirip bilmeýän belentliklerimize çykjakdygyny aýdyp bolar. Munuň şeýle boljakdygyna hiç bir şek-şübhe bolup bilmez. Soňky ýyllarda, esasan-da, 15 ýyl çemesi wagt bäri, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady gazananlaryna birlaý göz aýlasaň, aýdylýanlaryň dogrudygyna göz ýetirmek kyn däl.

30 ýyllyk maksatnamany kabul etmek üçin syýasy-ykdysady şertleriň üpjün edilmelidigi düşnükli zat. Biziň ýurdumyzda bolsa olaryň eýýäm üpjündigini aýratyn bellemeli. Olar, biziň pikirimizçe, şulardan ybaratdyr:

1. Jemgyýetimizde dowamly durnuklylyk bar, ýagny halk köpçüligi öz içindäki agzybirligi ähli zatdan ileri tutýar. Bu halkymyzyň, gözüňe söweýin, beýik taraplarynyň biridir. Soňky 30 ýylyň dowamynda agzybirlige gol ýapyp ýetilen derejeler allanämedir. Halkymyzyň agzybirligi, edil şonuň ýaly-da, özüniň milli Lideri bilen jebisligi nusgalyk derejededir.

2. Hemmeler üçin kanunyň birligi, adalatlylyk, şeýle-de jogapkärçilik ýurduň ähli ýerinde, jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň wekilleri üçin birmeňzeşdir. Döwletimiz ähli ýerde, ähli işde hemmeler üçin deňhukuklylygy üpjün edýär.

3. «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelge döwlet işinde esasy ugur alynýan ýörelgedir, ýagny her bir adamy durmuş-ykdysady taýdan goldamak, başgaça aýdylanda, adam hakyndaky alada döwletimizde dowamly we gyşarnyksyzdyr.

4. Halkymyz bir maksada gönügip, tutanýerli zähmet çekmäge ukyplydyr. Muny ýylyň-ýylyna ýetýän belent ykdysady sepgitlerimiz görkezýär.

5. Şu wagta çenli ýurdumyzda kabul edilen uzak möhletli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy bu babatda halkymyzda oňat tejribäniň bardygyny görkezýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy» we halk hojalygynyň pudaklaryny ösdürmegiň, mysal üçin, «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasy» we beýlekiler aýdylanlara subutnamadyr. Halkymyz uzak möhletli maksatnamalary hem abraý bilen ýerine ýetirmegi başarýar.

6. Döwletiň oýlanyşykly daşary syýasatynyň bardygyny we ony häzirki zaman dünýä döwletleriniň goldaýandygyny ajaýyp şertleriň biri hökmünde görkezip bolar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan «Açyk gapylar» syýasatyny ýöretmek arkaly, dünýä döwletleriniň hemmesine dostluk goluny uzadýar. Salamlaşylanda ak göwün bilen uzadylan el ak göwün bilenem gysylýar, bu öňden gelýän düzgün. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň adyndan teklip edýän başlangyçlarynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkara jemgyýetçilik tarapyndan heniz goldanylman galan gezegi ýokdur. Diňe şunuň özi-de uzak möhletleýin 30 ýyllyk maksatnamada göz öňünde tutuljak wezipeleri durmuşa geçirmekde ýerine ýetiriljek işleriň halkara goldawa eýe boljakdygyny subut edýär.

7. Halkymyzyň milli Liderimize berk ynamyny hem-de Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzy beýik işlere ruhlandyryp bilmek ukybyny we ýene-de kän-kän zatlary 30 ýyllyk maksatnamanyň kabul edilmeginiň, şonuň ýaly-da, netijeli amala aşyrylmagynyň ykdysady-syýasy şertleriniň hatarynda görkezip bolar. Siziň olary ýene-de uzaltmagyňyz mümkin. Bolup biler, biz şu ýerde şol şertleriň hemmesini birin-birin görkezmegi däl-de, eýsem, siziň, hormatly okyjylar, şu babatda özbaşdak pikir ýöretmegiňizi gazanmak isledik.

Indi 30 ýyllyk maksatnamanyň peýdasy hakynda: maksatnama, gürrüňsiz suratda, tutuş halkymyza, galyberse-de, her birimize durmuşda esasy çelgi bolar. Biz bir bitewi halk bolup, haýsy ýoldan ýöreýäris, durmuşymyzda milli gymmatlyk hökmünde nämäni öň hatara çykarýarys, baş maksada ýetmek üçin şahsy durmuşymyzda nähili sepgitleri eýelemeli bolarys we ýene-de kän-kän zatlar şu maksatnama kabul edilenden soň aýdyň bolar.

«Biz döwletimiziň ykbaly, nesillerimiziň geljegi üçin uly jogapkärçilik çekýäris. Şoňa görä-de, indi biziň öňümizde şeýle uly wezipe durýar: biz döwletimizi we onuň institutlaryny geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemelidiris hem-de düzmelidiris» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 30 ýyllyk maksatnamany abraý bilen durmuşa geçirmegiň iň ygtybarly ýoly hormatly Prezidentimiziň «Öňe, öňe, diňe öňe! — biziň beýik şygarymyz» diýen parasatly sözlerinde jemlenendir.

Durmuşda her 20 ýyldan täze nesil gelýär diýilýär. Diýmek, biziň halk bolup, kabul etmekçi bolýan 30 ýyllyk maksatnamamyz geljekki nesilleri-de gurşap alar. Şonuň bilen birlikde, şu günki nesliň geljegiň öňünde-de borjunyň kiçi-girim däldigini duýmak zerurdyr, ýene 20 — 25 ýyldan dünýä injek nesil biziň kabul etjek maksatnamamyza seredip, bize — şu günki uly ýaşly türkmenistanlylara baha berjekdikleri düşnüklidir. Biziň ýurdumyzda ähli iş oýlanyşykly edilýär. Maksatnama barasynda aýdylanda bolsa, biziň pikirimizçe, ol «dogma», ýagny kabul edilenden soň hiç bir babatda üýtgewsiz, eldegrilmesiz ýagdaýdaky däl-de, eýsem, durmuşyň ýüze çykarýan talaplaryna we mümkinçiliklerine, şeýle hem halkymyzyň islegine görä, örän çeýe we täzeligi özüne siňdirmäge ukyply maksatnama bolar diýip pikir edýäris.

* * *

Uzak geljegi çaklamak, özi-de syýasy taýdan ýalňyşsyz kesgitlemek hemmelere başardyp durýan zat däl. Hormatly Prezidentimize — halkymyzyň Arkadagyna welin, bu başardýar. Muny geçilen menziller, ýaşalan ýyllar subut edýär.

Seýitguly GELDIÝEW.

«Türkmenistan».