Ör­ki ba­ryň er­ki bar

Hezreti Magtymguly Pyragynyň ynsan ömrüni teswirleýän belli şygrynda «Otuzymda atlar münüp gezerdim» diýýän setiri bar. At bir arkaly, asylly, häsiýetli janawar, oňa oglanjygam, ýetginjegem mündürip bolýar. Ýöne akyldar şahyrymyz atyň eýerinde oturyp, ony çapdyryp bilmegi göz öňünde tutan däl bolsa gerek. Bu ýerde «atlar münüp gezýän» ýigidiň şu ýaşda ganat-periniň kemsiz ýetip, algyr laçyna dönendigi, süňňi berkäp, ýüregi giňäp, güýjüne gelendigi, otda ýanmaz, suwda sönmez, synagda synmaz, ýagydan gaýtmaz derejä barandygy nazara alynýan bolsa gerek.

Otuz ýaşy arka atyp barýan Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz hem misli ganat gerip uçup barýan Gyrata atlanan, nazary menzillere ýa pellehanalara däl-de, uzak-uzak geljege gönügen pälwan sypatly gerçek ýigide meňzeýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň baýdak bolan ýurdy Türkmenistan öz mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýunyň bosagasynda adam mertebesini has belende galdyrjak, onuň hukuklaryny we azatlyklaryny has ygtybarly gorajak, netijeli, täze kanunçylyk binýada galdy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty döredildi we onuň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Bu döwleti dolandyrýan, ilinde Arkadag diýlip söýülýän Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň täze, kaşaň binasyny açmak bilen, halk baradaky has netijeli, has möçberli aladalarynyň başlanjakdygyny mälim etdi.

Hormatly Prezidentimiziň yhlasy, çäksiz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň abraýdyr at-owazasy dünýäniň çar künjüne ýaň saldy. Onuň pähim-parasatly gadamlary, giň gerimli tutumlary, oňyn maksatlary hemmeler tarapyndan oňlanylýar, goldaw tapýar. Otuz ýaşly Türkmenistan bu gün dünýäde pikiri diňlenilýän, sala salynýan, «Eden işi nusgalyk, geplän gepi güwälik» diýilýän ynamdar ýurda öwrüldi. Halk Maslahaty institutyny döreden pursadynda halkyny begendiren, ynsan hukuklary we azatlyklary, ýaşaýyş derejesi babatda göwünleri galkyndyran hormatly Prezidentimiz taryhy çykyşynda öz maksady bilen birlikde ykdysadyýet, syýasat, demokratiýa babatda dolandyrýan döwletiniň ýeten derejesine we mümkinçiliklerine esaslanandyr: «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyza esaslanýan ynsanperwer hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen ugrumyzy has netijeli durmuşa geçirmäge hemaýat etmelidiris».

Halk Maslahatynyň hukuklarynyň giňligine we onuň hakyky halk häkimiýetliligine arka durjakdygyna döwlet Baştutanymyzyň şu sözleri hem şaýatlyk edýär: «Adalat, içeri işler, prokuratura we beýleki hukuk goraýjy edaralaryň hukugy ulanyş hem-de adalatly kazyýet işiniň halkara kadalara laýyklykda alnyp barylmagy Halk Maslahatynyň agzalarynyň gözegçiliginde bolmalydyr».

Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde onuň komitetleriniň, Halk Maslahatynyň agzalarynyň maksatlary we wezipeleri, işlerinde öňe sürmeli ugurlary baradaky çykyşy hormatly Prezidentimiziň öňden ýöredýän içeri syýasatynyň üýtgewsizdigini, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaklyga gönükdirilen aladalaryň birjik-de gowşamajakdygyny mälim etdi.

Dana Ksenofiliň aýdyşy ýaly, PATYŞASY ADALATLY WE KANUNLARY YNSANPERWER ÝURTDA ýaşamak adamlaryň bagtly bolmagynyň ilkinji we esasy şerti hasaplanýar. Şu nukdaýnazardan alanymyzda, Türkmenistanda — halkyny Gün kimin çoýýan Arkadag Prezidentli, adamlaryň bähbidine ýugrulan kada-kanunly ýurtda dogulýan we ýaşaýan her bir ynsanyň bagtly bolmak mümkinçiligi bar, ýöne doly manydaky bagtlylyk, özem ählumumy bagtlylyk üçin diňe döwletiň döredýän şertleri we mümkinçiligi ýeterlik däl, şahyryň «Biz özümiz özümiziň zergärmiz» diýşi ýaly, öz bagty üçin her kimiň özüniň alada etmegi, göreşmegi-de zerur. Hormatly Prezidentimiz hemişe-de ýurduň parahatçylygy we ykdysadyýeti bilen deň hatarda jemgyýetiň ahlak sagdynlygy, onuň esasy bolan maşgalanyň berkligi barada yzygiderli alada edip gelýär. Döwlet Baştutanymyz bu barada «Biziň halkymyz maşgala ruhy-ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamagy başardy.

Demokratiýanyň we bitewi dolandyryşyň ilkinji sapaklary maşgaladan başlanýar, sebäbi maşgala türkmen jemgyýetiniň binýady bolup durýar... Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça, hemmetaraplaýyn baýdyr.

Biziň wezipämiz türkmen maşgalasynyň esaslaryny goramakdan we berkitmekden, onuň maddy üpjünçiligini gowulandyrmakdan ybaratdyr» diýip belleýär.

Halk Maslahatynyň agzalaryna ýüzlenip aýdan her bir sözünde Arkadag Prezidentimiz olary halkyň saýlandygyny, halkyň ynam we umyt bilen garaýandygyny, ýokary şahsy jogapkärçiliklerini ýatlatdy.

Başga-da kän ýagdaýlar bilen bir hatarda, maddy üpjünçilik hem maşgalanyň sagdynlygynyň we berkliginiň esasy şerti bolup durýar. Adamlaryň öz bilimine, hünärine, ukyp-başarnygyna laýyk iş bilen meşgullanmak islegi uzak arzuw bolup galman, näçe tiz amala aşsa, şonça gowy. Öz işinden süýji lezzet we halal gazanç tapýan adamda bagtyýarlyk bar, ile-güne, Watana edýän hyzmatyna buýsanç bar. Maşgalasyny zada zar etmän, ertirki gününiň gaýgysyna garyşman ýaşaýan adamlaryň öz çagalarynyň terbiýesi, geljegi hakda aladasam, arzuwam başga. Hormatly Arkadagymyz bu meseläni täze döredilen Halk Maslahatynyň agzalaryna desbi-dähel bitirilmeli ýumuş hökmünde berk sargady: «...Türkmenistanyň Milli Geňeşi maşgalany goldamaga gönükdirilen işlere örän işjeň gatnaşmalydyr. Ilkinji nobatda, biziň çagalary terbiýeleýän raýatlarymyzy iş bilen doly üpjün etmek möhümdir».

Magtymguly Pyragy «Aryf bolsaň, aslyn sorma ýigidiň, edebinden, ekramyndan bellidir» diýende, hormatly Arkadagymyz tarapyndan şu günki gün nesil terbiýesiniň esasynda goýulýan MAŞGALANYŇ iň aňrybaş gymmatlygyny nazara alýar. Hawa, maşgala öz çagalarynyň diňe garynlarynyň dok we eginbaşlarynyň bitin bolmagy barada däl-de, olaryň bilimi we terbiýesi hakynda-da alada edip bilmeli. Ynsanyň ömrüniň bütin dowamynda aljak bilim-terbiýesiniň gözbaşy maşgala mekdebinden gaýdýar. Görüm-görelde, girim-çykym, haýa-şerim, edep-terbiýe ýaly düşünjeleri her kim öýünde alyp, öz gerimi bilen bile barha artdyrmaly, giňeltmeli. Halk Maslahatynyň agzalarynyň ýerlerde nusga alarlyk abat, görüm-görelde bolýan maşgalalaryň tejribesini ýaýratmak babatdaky wezipeleri hem hormatly Prezidentimiziň çykyşynda nygtalýar.

Biziň her birimiziň öz hususy öý-ojagymyz bolsa-da, jemgyýetde birek-birege dahylly, birek-birege garaşly zatlarymyz gaty kän. Iň bärkisi, obany suwly, bag-bakjaly edýän ene ýaplarymyza, aryk-salmalara her obanyň, her adamyň garaýşy deňmi?! Obalaryň köp böleginde ene ýaplaryň ýakalarynyň timarlanyşyna, her ýyl gazylyp-arassalanyp durluşyna, ululy-kiçili gatlalaryň ýyllarboýy abat saklanylyşyna, adamlaryň mellek ýerlerinden ummasyz girdeji alyşlaryna seredip, agzybirligiň, gulak asdyryp bilýän kethudasynyň bardygyny soraman bilip bolýar.

Pygamber hadyslarynyň birinde şeýle diýilýär: «Köpe haýyrly adama we köpüň haýyrlanýan zadyna hyýanat edip, jezasyz galaryn öýtme!». Adamlaryň hemmesiniň hem gowy bolasy, özüne «Gowy adam» diýdiresi gelýär, ýöne munuň üçin diňe öz agyňy aglap ýörmän, iliňe haýyr bermeli, il-günüň üçin owunjak bähbitleriňden geçmegi başarmaly. Iliň aýagyna ýykylyp hyzmat edýäni il gerek ýerinde depesine göterýär.

Ine, şu hili meseleler babatda-da Halk Maslahatynyň agzalarynyň edip biläýjek we hökman etmeli işleri hormatly Prezidentimiziň çykyşynda nygtaldy:

«Türkmenistanyň Milli Geňeşi Hökümet bilen bilelikde jemgyýetimizi we halkymyzy ýaramaz endiklerden goramak boýunça hem maksada gönükdirilen işleri alyp barmalydyr. Ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmelidir. Raýatlarymyzy Watana hem-de mähriban topraga söýgi ruhunda mynasyp terbiýelemäge gatnaşmalydyr».

Watansöýüjilik! Watana we mähriban topraga söýgi! Bu sözleriň manysy has uly we agramly. Ata-ene, il-ýurt, ýar, perzent, göbek ganyň daman topragy we Watan — bular ähli ynsanyň örki-diregi, dilde senasy, ýürekde binasy. Ol söýgi her bir ynsan perzendiniň nepesine siňýär, ganyna gatylýar. Hormatly Prezidentimiz çykyşynda Watanyň sarpasyny şu günküdenem has belende galdyrmaga, raýatlara Watanyň hakyky hossar-howandardygyny, hakyky hossarlyk aladany bildirmäge çagyryş eşidilýär. Watan — ynsan üçin iň uly mukaddeslik. Adam üçin iň gymmat, eziz we gullugynda gaýym durmaly ähli zatlar şonuň içinde. Şahyr Italmaz Akmyradowyň aýdyşy ýaly:

Ata-ene, dogan-gardaş, söwer ýar...
Watan bar söýginiň jemi bolmaly.

Döwlet Baştutanymyz terbiýe bermek işinde ruhy gymmatlyklarymyzy, ýol-yz goýan beýik halypalaryň, zehinli ussatlaryň mirasyny hem esasy serişde hökmünde peýdalanmagy ündeýär. Olaryň mirasyny ýaş nesli terbiýelemekde, milletiň kalbynda owadan, ruhy köşgi bina etmekde, jemgyýetimiziň ruhy sagdynlygyny berkitmekde, iňňän täsirli serişde hasaplaýar: «Halk Maslahatynyň agzalary halkymyzyň medeni mirasyny goramak we geljekki nesillere ýetirmek boýunça hem degişli işleri geçirmelidir. Milli ruhy-medeni gymmatlyklary, däp-dessurlarymyzy dikeltmek boýunça işi dowam etmelidir».

Hormatly Prezidentimiziň çykyşlarynyň aglabasynda gaýta-gaýta bir wajyp pikir — tutuş jemgyýetiň we onuň agzalarynyň agzybirligi, ahlagy näçe arassa, medeniýeti näçe kämil bolsa, adamlaryň şonça rahat we bagtyýar boljakdyklary baradaky pikir ündelýär. Halk Maslahatynyň döredilmegine milli Liderimiziň şol pikiri amala aşyrmakdaky ýene bir möhüm, aýgytly ädim hökmünde garamak gerek. Bu ädim öz hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş-durmuşynyň gowulanmagy, şu günki we asyrlara uzap gitjek baky bagtyýarlygy üçin döwletiň edýän aladalaryna adamlary giňden çekmek, maksatlaryň netijeli amala aşmagyny üpjün etmek ugrundaky ädimdir.

Halk Maslahatynyň kanun çykaryjy edara hökmünde, onuň agzalarynyň bolsa uly ygtyýarly ynamdar wekiller hökmünde adamlara arka durmaklaryny Gahryman Arkadagymyz ündeýär.

Iki palataly milli parlamenti döretmek bilen, hormatly Prezidentimiz döwlet dolandyryşyndaky bu taryhy täzeligiň göwnejaý netijeleri berjekdigine ynamyny mälim edende, raýat hökmünde her birimiziň geljegimize umyt-ynamymyz berkedi, eziz Watana söýgimiz we mähriban Arkadagymyza hormat-sarpamyz has pajarlady. Çünki döwlet Baştutanymyzyň ynamly sözi il ýüregini suwlandyrýar, göwünleri ganatlandyrýar. Onuň her bir başlangyjynyň, ynamynyň esasynda-da eziz halkynyň bähbitleri bar. Hormatly Prezidentimiz halkynyň ruhy binýadyna, buýsançly geçmişine, şöhratly şu gününe we guwançly ertirine örküni baglaýar. Örki kuwwatly kişileriň bolsa, erkiniň-de synmaz bolýandygyna gojaman taryh şaýat.

Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW.

Murgap etraby.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/26606