Möwsümiň öňdebaryjylary

Ahal welaýatynyň «ak altyn» ussatlarynyň ýylboýy çeken yhlasly zähmetiniň ýerine düşendigine tylla güýzüň häzirki günlerinde dowam edýän pagta ýygymynda aýdyňlygy bilen göz ýetirip bolýar.

Berekede beslenen atyzlarda päk zähmet joşýar, «ak altyn» harmanlary barha beýgelýär. Şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edýän pagtaçylaryň, hojalyklaryň sany artýar. Kaka etrabynyň «Daýhan ýerleri» daýhan hojalygy welaýatda ilkinjileriň hatarynda pagta taýýarlamak boýunça borçnamalaýyn tabşyryga abraý bilen hötde gelmegi başardy. Ekerançylyk meýdanlarynyň 72 gektarynda gowaçanyň bereketli hasylyny ýetişdiren bu daýhan hojalygy Watan harmanyna pagtanyň 130 tonnadan gowragyny goşup, arzyly sepgide ýetdi.

Ak bugdaý etrabynda hem boýun alan borçnamasyny ilkinjileriň hatarynda ýerine ýetiren hojalyklar az däl. Aýratyn-da, «Üzümli toprak», «Ak üzüm» daýhan hojalyklaryny agzamak bolar.

Ýeri uzak möhletleýin peýdalanmaga alan tejribeli daýhan Annageldi Annaýewiň «Üzümli toprak» daýhan hojalygynda ýokary hilli gowaça hasylynyň 100 tonnadan gowragy taýýarlanyp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnama artygy bilen ýerine ýetirildi. Agzalan daýhan hojalygy üstümizdäki ýylda däne taýýarlamakda hem guwandyryjy netijeleri gazandy. Daýhan hojalygynyň 91 gektar meýdanynda 205 tonna derek ak bugdaýyň 300 tonnasy taýýarlanyp, kabul ediş nokatlaryna tabşyryldy. Şeýlelikde, şertnamalaýyn borçnama 146,2 göterim ýerine ýetirildi.

«Ak üzüm» daýhan hojalygynyň Watanymyzyň «ak altyn» harmanyna goşan pagta hasylynyň möçberi 60 tonnadan geçdi. Etrapda ýerleri uzak möhletleýin peýdalanmaga alan daýhan hojalyklarynyň başga-da birnäçesinde pagta ýygmak boýunça tabşyryklar üstünlikli berjaý edildi.

Sarahs etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň Batyr Meretgulyýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 1-nji kärendeçilik toparynyň pagtaçylary hem öňdebaryjylaryň hatarynda agzalmaga mynasypdyr. Toparyň pagtaçylary 140 gektar meýdanda gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirip, 280 tonna pagta taýýarlamaga borçlandylar. Olaryň Watan harmanyna tabşyran «ak altynynyň» 350 tonnadan geçmegi tabşyrygyň artygy bilen berjaý edilendigini görkezýär.

Welaýatda jogapkärli pagta ýygymy möwsüminde ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanylýar. Pagtaçylaryň arasynda guralýan höweslendiriş çäreleri, medeni-dynç alyş dabaralary bolsa olary uly zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

«Ak altynly» atyzlardaky hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnamakda hormatly Prezidentimiziň daýhanlara sowgat eden ýokary öndürijilikli «John Deere» kysymly kombaýnlaryň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. «Polat atlaryň» gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işledilmegi netijesinde ýygym geçirilýän gektarlaryň hatary artýar.

Aýdo ŞEKEROW.

(Öz habarçymyz). Surata düşüren awtor.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/43020