Garaşsyzlyk baýramy — halkymyzyň baş baýramy, il-ýurduň mizemez bagtynyň, ganatlanan ruhubelentliginiň güwäsi. Halkymyz tirkeşip barýan ýyllaryň üç onlugyndan bäri bu baýramy yzygiderli belleýär. Onuň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyndaky garşy alnyşy öňkülerden has ýakymly. Munuň özi ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolanymyza 30 ýylyň dolýandygy bilen baglanyşyklydyr. 1991-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygy dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilenden soňra, ata Watanymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda düýpli özgertmelere badalga berildi. Garaşsyzlyk we Garaşsyz Watanymyz hakynda söz açylanda, «sarsmaz, mizemez döwlet» diýen düşünjeler kalbyňa dolýar. Çünki eziz Watanymyzyň sarsmazlygyna, mizemezligine biziň ynanjymyz kuwwatly daglar kimin berk, ummanlar ýaly çuň, ýaşaýşyň özi ýaly baky. Bu Watanda 30 ýylyň içinde asyrlarboýy gazanylmadyk üstünliklere, ýetilmedik sepgitlere ýetildi. Şol ýyllarda hasyl bolan döwlet berkararlygymyz bolsa il bagtyýarlygynyň binýadyny döretdi. Erkana ýaşaýşyň gujagynda baş baýramymyzy garşy alýan günlerimizde bu bagtyýarlyk barada söz açmak, ýüregiňdäki buýsanjy paýlaşmak — uly bagt. Munda ýurt Garaşsyzlygymyzyň eçilen ruhy erkinliginiň, milli mertebesiniň we adalatly ýollarynyň çensiz ýakymy bar.
Ruhy erkinlik — Garaşsyz döwlet bolanymyzdan soň türkmen dünýäsine aralaşan ilkinji ýakym. Herekete, joşgunly işlere, täze başlangyçlara badalga berilmezden owal sere belentlik, göwrä kuwwat, maksatlara aýdyňlyk, gadamlara bat beren ýakym. Aslynda, asly halal türkmen halkymyzyň ruhy ahwalynda uly güýç, synmaz erk bar. Magtymguly atamyzyň: «Çoh garaşdyk, ajap eýýam gelmedi», «Berkarar döwlet islärin» diýen setirleri hem, bir tarapdan, öz döwrüniň ruhy çelgisinden habar berse, ikinji tarapdan synmadyk umytdan, gowşamadyk maksatdan söz açýar. Eliňde-erkiňde, öýüňde-iliňde bar bolan barlygyňa özüň eýedigiňe ynamyň ýok ýerinde-de milletimiz sussupeslige ýan bermändir. Ýurt Garaşsyzlygymyz milletimizi özerkli ýaşaýşa, döwletli döwranlara ýetirdi. Belent umyt-arzuwly, aýdyň maksatly zamananyň altyn gapylaryny açdy. Bizi beýik Pyragynyň türkmen döwletliligi barada eden uly arzuwlarynyň wysalyna eýe etdi.
Mukaddes Garaşsyzlyk merdana Oguz nesilleriniň milli ruhunyň galkynmagyna, jebisliginiň pugtalanmagyna ýol açyp, türkmen aňyýetinde we tejribesinde milli baýlyklary özerkli döwletimiziň we halkymyzyň, bagtyýar geljegimiziň bähbitlerine peýdalanmagy nazarlaýan öňdebaryjy garaýşy emele getirdi. Tymsalda aýdylyşyna görä, bir danadan «Beýik işler nädip döreýär?» diýip soranlarynda, dana kişi: «Belent ruh bilen!» diýip jogap berenmiş. Görnüşi ýaly, ruhy ahwal kiçi-girim zat däl. Ynsanyň zandynda bar bolan ähli gowy häsiýetleri, elinden gelýän iň ýagşy amallary ruhubelentlik bilen sazlaşanda, gudrat döreýär. Şu jähetden, Garaşsyzlyk milletimiziň synmaz ruhuny ganatlandyrdy diýmegimize doly esas bar. Ýaşaýyş ýolunda, durmuş ýörelgesinde pähim-paýhas ýerlän agzybir halkymyz bu gün mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gadyryny arzylap, parasatly döwlet Baştutanymyz bilen şan-şöhratly hem ýeňişli menzilleri geçýär.
Hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» diýen kitabynda: «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip, bu dürdäne jümläniň üsti bilen ýaş nesliň aňyna guýulýan, ruhuny baýlaşdyrýan bilim-terbiýäniň gadyr-gymmadynyň näderejede arzylydygyny beýan edýär. Milli Liderimiz nesilleriň ruhy güýjüni kuwwatlandyrýan we uly ösüşleriň badalgasy bolan şol gymmatly mirasyň mydama öň hatarda bolmagy ugrunda uly tagallalary durmuşa geçirýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada geçen umumy sapagynda bu aýdýanlarymyz doly şöhlelendi. Hormatly Prezidentimiz bu taryhy sapagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlary barada söz açmak bilen: «Türkmenistanyň iň täze taryhyna şöhratly sahypalary ýazdyk» diýip belledi. Bu sözde hakykatyň aýdyň keşbini şöhlelendirýän çuň many bar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik-medeni ulgamlarynyň her birinde guwandyryjy üstünlikler gazanylyp, döwlet gurluşyny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly öňegidişlikler gazanyldy. Bu gün güneşli Diýaryň ähli ýerinde mukaddes Garaşsyzlygyň gadyr-gymmatyny dabaralandyrýan netijeli işler, taryhy özgertmeler batly depgin bilen dowam edýär. Şu we ähli beýleki öňegidişlikleriň hatary täze türkmen taryhyna belentlik hem bezeg berýär.
Türkmen halky owaldan ahyra gowy zadyň gadyryny bilýän we gowulyklary mydama goldaýan halk. Bu mertebeli ýörelgä eýerip, Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyz hormatly Prezidentimiziň daşynda berk jebisleşdi we ähli başlangyçlaryny tüýs ýürekden goldady. Gahryman Arkadagymyz sanlyja ýylyň içinde Garaşsyz ýurdumyzy, merdana halkymyzy ösüşleriň belentligine çykardy. Ýurduň paýtagty, ähli etrap-şäherleri tanalmaz derejede özgerdi. Halkyň, şol sanda ýaş nesilleriň ylym-bilimlilik, aň-düşünjelilik, hünärdir bilermenlik babatdaky derejeleri has-da öňe ilerledi. Berkarar ýurdumyzda gurulýan döwrebap türkmen obalarydyr şäherleriniň sany barha artyp, olaryň binagärlik keşbi döwrümiziň ajaýyp ösüşleri bilen berk sazlaşyp, köpleriň ünsüni özüne çekýär.
Garaşsyzlygyň, erkinligiň, ene topragyň astyndaky, üstündäki tükenmez milli baýlyklaryň hakyky eýesi bolmagyň neneňsi uly mertebedigini taryh subut etdi. Eziz Watanymyzyň deňsiz-taýsyz ösüşlere, belent sepgitlere beslenip, dünýäniň iň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşulmagy Garaşsyzlygyň ajaýyp miweleriniň iň datlysydyr. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gadyry dünýe baýlyklaryndan zyýada. Hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda döwletiň we her bir adamyň, bütin halkyň hem-de jemgyýetiň öňünde bir maksat — ata Watanymyzyň gülläp ösmegini, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek wezipesi durýar» diýip belleýär. Şu maksat bilen hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän aýdyň maksatnamalary guwandyryjy netijeleri berip, il-halky diýseň buýsandyrýar.
Diňe parahat ýurtda, il agzybirligi bilen uly ösüşleri gazanyp, belent sepgitlere ýetip bolýandygyna bu gün halkymyz öz durmuşynda göz ýetirdi. Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň haýsy bir ugruna nazar aýlasak-da, halkymyz üçin bähbitli maksada — il-ýurt abadançylygyny pugtalandyrmaga, jemgyýet jebisligini üpjün etmäge gönükdirilen netijeler ör-boýuna galýar. Berkarar Watanymyz demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolmak bilen, Garaşsyzlyk ýyllary içinde durnukly ösüşleri, ýurt abadançylygyny hem-de jemgyýet jebisligini üpjün etdi. Ýurdumyz parahatçylygy goldaýan döwlet hökmünde uly abraý gazandy. Örän möhüm syýasy, ykdysady we ekologiýa başlangyçlaryny öňe sürmek bilen, halkara giňişliginde doly ykrar edildi.
Binýady berkden bolan eziz Watanymyzyň milli Garaşsyzlygy halkymyzy baky bagta eýe etdi. Hut şonuň üçin-de halkymyz şanly Garaşsyzlyk baýramyna berkararlygyň we bagtyýarlygyň mukaddes baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar. Agzybir halkymyz bu ýyl Garaşsyzlyk baýramyny öňkülerden has joşgunly, galkynan ruhubelentlik bilen garşy alýar. Bu senäniň hormatyna guralýan dabaralar halkymyzyň asylly däp-dessurlary, asyrlaryň dowamynda döreden ruhy gymmatlyklary we aýdyň maksatly ruhubelentlik ýörelgeleri bilen utgaşýar.
Toý saçaklarymyzy öz ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, dürli nygmatlar bezeýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde Garaşsyz Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da ösdürmäge we dünýäde şöhratlandyrmaga gönükdirilen tagallalar joş urýar. Bir söz bilen aýdanymyzda, ykbaly çüwen türkmeniň garşylaýan şanly Garaşsyzlyk baýramynyň tutumy hem edil onuň ýiti pähim-paýhasy kimin dünýä dolýar. Toýlary toýa ulaşýan asuda we parahat Watanymyzda ýaşaýan, işleýän we döredýän türkmenistanlylar bolan biz, şu bagtyýar döwrany bagyş eden Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Gülsere JUMAÝEWA,
žurnalist.