Merjen şäheriň tarypy

Öňňin paýtagtymyzda ýerleşýän «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň ýanynda hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Paýtagtymyzyň 140 ýyllygyna özboluşly sowgat bolan bu eser her bir türkmenistanlyda buýsanç duýgusyny döretdi. Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşan ildeşlerimiziň birnäçesiniň ýürek sözlerini ýazga geçirdik.

Döwletgeldi ANNAMYRADOW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy:

— Ilki bilen, ähli türkmen halkyny, hormatly Prezidentimizi Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramy, şeýle hem milli Liderimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň neşir edilmegi bilen gutlaýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň şeýle gymmatly kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýärin.

Biz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda aýgytly gadamlar bilen, täze bir röwüşde öňe barýarys. Şu ýyl paýtagtymyzyň esaslandyrylmagyna hem 140 ýyl dolýar. Golaýlap gelýän bu şanly baýramçylyga watandaşlarymyz, şol sanda paýtagtymyzyň ýaşaýjylary zähmet ýeňişleri bilen barýarlar. Medeniýet hem-de sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar bolsa kinodyr sahna eserlerini, aýdymdyr sazlaryny, goşgulardyr hekaýalaryny bu toýa sowgat edýärler.

Hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň halkymyza gowuşmagy bahasyna ýetip bolmajak baýramçylyk sowgady boldy. Täze kitap paýtagtymyz baradaky taryhy maglumatlara baýlygy, buýsançlylygy, çuňňur many-mazmuny bilen tapawutlanýar. Täze eserde Aşgabat parahatçylygyň, ynanyşmagyň, dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň, hoşmeýilliligiň, ýürekdeşligiň şäheri bolup dabaralanýar. Bu gymmatly kitap paýtagtymyz baradaky bagtyýarlyk we buýsanç senasydyr.

Paýtagtymyzy ösdürmek babatda beýik işleri alyp barýan milli Liderimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Şowhunly aýdym-sazlaryň owazy mydama belentden ýaňlanyp dursun! Toýlarymyz toýa ulaşsyn!

Her gymmatly eseriňiz zamanaň bagty, Arkadag!
Her jümläňiz, her sözüňiz kalplara ýagty, Arkadag!

Çary ATAÝEW,
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy:


— Dana Arkadagymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitaby paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramyna özboluşly sowgat boldy. Ine, şu günki tanyşdyrylyş dabarasynda şol kitap biziň elimize gowuşdy. Ilki bilen bellemeli zat: kitapda paýtagtymyzyň şöhratly düýni, buýsançly şu güni, bagtyýar ertiri giňişleýin şöhlelendirilýär. Kitap owadan suratlar bilen bezelipdir. Şol suratlaryň üsti bilenem şäheriň gözelligini synlap oturmaly.

Aşgabat — köp wakalara şaýat bolan şäher. Biz ömrümiziň ençeme ýylyny paýtagt şäherimiz bilen bile geçirdik. Köp wakalara janly şaýat bolduk. Bilşimiz ýaly, paýtagtymyzyň häzirki keşbi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda kemala geldi. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň başda durmagynda paýtagtymyz sanlyja ýylyň içinde düýpgöter özgerdi, ösdi, gözelleşdi. Bu gün ony görmäge göz, taryp etmäge söz gerek.

Şäher gurmak, bina galdyrmak sogap iş hasaplanylýar. Sen bina guran wagtyň şu günüň däl, geljegiňem aladasyny edýäň. Diýmek, şu güni bilen birlikde ertesini gurýan adam alkyşa mynasyp iş bitirýär. Bu gün bütin türkmen halky jem bolup, Gahryman Arkadagymyzy alkyşlaýar. Nesip bolsa, paýtagtymyzyň taryhyny özünde jemleýän täze kitap ýaşuly-ýaşkiçiniň ýankitabyna öwrüler.

Ýaşuly nesliň adyndan hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň höwrüniň köp, döwet galamynyň mundan beýläk-de ýiti bolmagyny arzuw edýärin. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Amangeldi ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy:

— Adyndan belli bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň täze kitaby paýtagtymyza bagyşlanan özboluşly, ajaýyp eserdir. Kitaby boýdan-başa sahaplap oturyşyňa, paýtagtymyzyň bu günki ýeten derejesine haýran galýarsyň.

Kitapda şäheriň dürli künjeklerinden düşürilen owadan suratlara-da giň orun berlipdir. Bilşimiz ýaly, uzak geljegi nazara almak bilen, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek milli Liderimiziň öňe süren täzeçil şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynda täze binalaryň ulanylmaga berilmegi ähli türkmenistanlylar üçin uly toý sowgadyna öwrülýär.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary paýtagtymyzy has-da ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän işlere yzygiderli gatnaşýarlar. Binagärlik sungatynyň soňky gazananlaryny millilik bilen sazlaşdyryp gurulýan döwrebap binalaryň taslamalaryny ýerine ýetirýärler.

Gahryman Arkadagymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitaby biziň okuw gollanmamyza öwrüler diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. Täze eser paýtagtymyzyň taryhyny, binagärlik aýratynlygyny, geçmişini, geljegini özünde jemleýär.

Bizi her bir baýramçylykdyr şanly seneleriň öňüsyrasynda täze eserleri bilen begendirip durýan Gahryman Arkadagymyza köp alkyşklar aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

Ýazga geçiren Allanur ÇARYÝEW.

«Türkmenistan». Surata düşüren Ýuriý ŞKURIN.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/28205