Kuwwatly energetika desgasy —

Merkezi Aziýada täze taslama

Ozal hem habar berşimiz ýaly, geçen hepdäniň anna güni — 3-nji sentýabrda Çärjew etrabynda täze gazturbinaly elektrik stansiýasy açylyp ulanylmaga berildi. 2014-nji ýylda açylan Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň ikinji tapgyry bolan toplum berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatlylygynyň täze nyşanyna öwrüldi.

Şu ýylyň başynda bu giňişlikde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Malaý gaz gysyjy desgasynyň ulanylmaga berlendigi ýadyňyzdadyr. Mundan üç ýyl ozal gadymy Amuldan Hazara uzan awtoralliniň hem badalgasyna öwrülen giňişlikde 3-nji sentýabrda ýene bir täze kuwwatly desga — gazturbinaly elektrik stansiýasy işe başlapdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasyndaky bu waka toýly günleriň ýakymyny has-da artdyrdy. Ýaponiýaly we türkiýeli hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde gurlan täze desganyň açylyş dabarasyna «Sumitomo Corporation», «Mitsubishi Power Ltd.» we «Rönesans Holding» ýaly iri kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

— Taryhy birnäçe asyra uzaýan kompaniýamyz ýakyn hyzmatdaşlary bilen Türkmenistanda ýene bir iri taslamany amala aşyrdy. Düýbi tutulandan soňra 33 aýyň dowamynda doly taýýar edilip, ulanylmaga berlen desgany gurmagyň bize ynanylandygy üçin hormatly Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur hoşallyk bildirýäris — diýip, «Sumitomo Corporation» kompaniýasynyň «Zerger» taslamasynyň menejeri, baş menejeriň orunbasary Koki Toýoda desganyň açylyş dabarasynda şatlygyny paýlaşdy.

Myhmanyň hem nygtaýşy ýaly, ýapon maýadarlary eýýäm birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanda üstünlikli işläp gelýärler. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda Ýaponiýa bolan saparynyň çäklerinde geçirilen gepleşikler türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň geljeginiň has parlak boljakdygyny görkezdi. Şeýle bolansoň, şu taslama «Sumitomo Corporation» tarapyndan bellenilen jogapkärler dostlukly döwletde alnyp barylýan işlere goşant goşmagy özleri üçin diýseň uly mertebe hasaplaýarlar.

— Biz hyzmatdaşlarymyz bilen tutuş Merkezi Aziýada ilkinji bolup Türkmenistanda şeýle kuwwatly taslamany amala aşyrdyk. Bu ädimiň biziň üçin hem juda düşümli boljakdygyna ynanýaryn. Täze elektrik stansiýasynyň işine üstünlik arzuw edýäris. Biz gurluşygyň dowam edýän döwründe ähli mümkinçilikleri döredip beren türkmen tarapyna çuňňur hoşallyk bildirýäris. Goý, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy öňümizdäki ýyllarda has belent basgançaklara çyksyn! — diýip, söhbetdeşlerimiz ýürek sözlerini paýlaşdylar.

Täze desga, ilkinji nobatda, onda işlejeklere uly şatlyk paýlaýar. Biz muňa «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynyň çalşyk başlygy Döwran Pirnepesow bilen gürrüňdeş bolanymyzda hem göz ýetirdik.

— Kuwwatlylygy 432 megawat bolan täze gazturbinaly elektrik stansiýasynyň ulanylmaga berilmegi tutuş ýurdumyz üçin şanly waka boldy. Stansiýamyzyň ikinji tapgyryndaky täze desgalaryň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda açylmagy şatlygymyzy has-da artdyrýar — diýip, hünärmen özlerine şeýle döwrebap desgany gurduryp berendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirýär.

Hünärmeniň hem gürrüň berşi ýaly, ozalky kuwwatlylygy 149,2 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýanyň kuwwatlylygy tas dört essä golaý artyp, 581,2 megawata deň boldy. Kuwwatlylygyň artmagy bilen, täze iş orunlarynyň 60-a golaýy döredi. Tehnologiýalaryň iň täze gazananlaryna esaslanýan stansiýa işleri has täzeçe guramaga, ýurdumyzyň umumy energiýa akymyna ozalkysyndan birnäçe esse köp goşant goşmaga mümkinçilik berýär. Desganyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, umumy akyma kuwwatlylygy 581,2 megawat bolan elektrik energiýasy goşulyp başlandy.

Pederlerimiz «Köpüň dilegi köl bolar» diýipdirler. Şol gün hemmeleriň dilinde diňe süýji sözler, Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşlar ýaňlandy, täze desganyň işine üstünlik arzuw edildi! Türkmen topragynyň nurly ýalkymy bütin dünýä ýagtylyk paýlasyn!

Agageldi ITALMAZOW.

(Öz habarçymyz). Surata düşüren Merdan ORAZOW.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/39539