Kuwwatly desga işe girizildi

Mähriban Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly uly dabaralara beslenýär. Täze ýylyň ilkinji günlerinde şeýle dabaralaryň biri Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän Malaý gaz käninde kuwwatlylygy ýylda tebigy gazyň 30 milliard kub metrini akdyrmaga barabar bolan täze gaz gysyjy desganyň işe girizilmegi bilen baglanyşykly bolup geçdi. Desganyň ýerleşen ýeri hakyky toý-baýramçylyga öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň dabaraly ýagdaýda ak pata bermegi bilen işe girizilen kuwwatly desga Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň geljekki ösüşlerine güýçli itergi berer.

Geçen ýyllarda bu känden tebigy gazyň uly möçberleri gazylyp alyndy. Malaýdan Türkmenistan ― Hytaý gaz geçirijisine tebigy gaz akdyrylýar. Bu ýerde gurlan kuwwatly gaz gysyjy desga tebigy gazyň has doly gazylyp alynmagyny üpjün eder. Bu iri taslama hormatly Prezidentimiziň gol çeken taryhy Kararyna laýyklykda, buýrujy «Türkmengaz» döwlet konserni bilen gurluşygyň baş potratçysy «Petro Gaz LLP» (Beýik Britaniýa) kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnamanyň esasynda durmuşa geçirildi.

Iri desganyň «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygy şübhesizdir. Desga önümçilik bölümleriniň ikisinden ybarat bolup, onuň «A» sehi Malaý gaz käniniň özleşdirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Ol gaz käniniň düşýän basyşynyň we göwrüminiň derejesini saklamaga niýetlenilendir. Munuň üçin gaz gysyjy enjamlaryň toplumlary gurnaldy. Desganyň «B» sehi bolsa «Döwletabat» we «Galkynyş» gaz känlerinden gelýän tebigy gazy Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisine ýokary basyş bilen akdyrmaga niýetlenilýär. Onda 6 sany gaz gysyjy enjamlaryň kämil toplumlary otyrdyldy.

Geçen ýyl Türkmenistanda durmuş we önümçilik maksatly örän iri möçberli desgalar işe girizildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem işe girizilýän desgalaryň sany barha artyp ugrady. Malaýdaky kuwwatly gaz gysyjy desga 2021-nji ýylda açylýan desgalaryň iň naýbaşylarynyň biridir. Nesip bolsa şeýle dabaralaryň yzy ýene-de dabaralara ulaşar.

«Bereketli toprak».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18351