Heniz oglan mahallarymyz ulularyň okap, aýdyp berýän gyzykly ertekilerini, dessanlaryny soňra özümiz gaýtalap-gaýtalap ondaky wakalara, gahrymanlaryň hereketlerine haýran galardyk. Erteki diýilse-de çaga kalbymyz onda beýan edilýän zatlary hakykydyr öýdüp pikir ederdik. Gahrymançylyga, edermenlige, zähmetsöýerlige çagyrýan gahrymanlar gözümize ýakymly görnerdi. Şol ertekileriň käbirinde uzak-uzak bir ýerlerdäki köşki-eýwanlar, başyny asmana diräp oturan binalar, lagly-göwhere beslenip oturan saraýlar, güri baglyk, ir-iýmişli daragtlar, ser howuzly, gülli-gülälekli mesgenler hakynda okap, şeýle jenneti mekany görmek, onda ýaşaýan bagtyýar adamlaryň işi, durmuşy bilen gyzyklanmak höwesine düşerdik.
Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Abdylla Şabendäniň meşhur «Gül-Bilbil» dessanynda Bilbil, hyzmatkäri Zelili, dosty Sala beg üçüsi Bilbiliň atasynyň bagyna seýle gidýärler. Bilbil dostlaryna ýüzlenip: «— Eý Sala we Zelili, atamnyň bu ýerde seýilgäh üçin bina galdyran bir çarbagy bar turur, göýäki behişde meňzär, anda unnap, hurma, alma we nar dünýäde bihasap miweler bar turur. Geliň, bizler ol baga seýr-tomaşa kylyp, ýagşy ýetişgen miweden iýip gaýdalyň! — diýdi.
Üç dost tirkeşip baga seýle gelýärler. Olar derwezäniň gulpuny açyp, bagyň içine girdiler. Görseler güller açylyp, al-elwan miweler bişip, şirin-şerbetler, durnagözli bulaklar her tarapa akyp, bilbiller çah-çah urup, ol agaçdan ol agaja uçup, gonar erdiler».
Ine, şeýle göçgünli, şirin söz bilen beýan edilýän zatlaryň hakykat bolman dessanlarda ýa-da ertekilerdedigine ynanmak bize aňsat düşenokdy. Ulalyp, akylymyz goýalyşansoň hem biz çaga ynanjymyzdan saplanyp bilmän, nirededir bir ýerde şol ertekilerdäki behişdi mekan bar ýaly bolar durardy.
Ykbal, ýaşlyk ynanjy, arzuwdyr hyýallar bizi aldaman eken. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz şol gadymy dessanlardan, ertekilerden çykan ýaly bolup, biziň gözümiziň alnynda peýda boldy. Sanly ýylda eziz Watanymyzyň ähli ýerinde bolup geçen ýakymly, haýran ediji ösüşleri, özgerişleri az wagtda aýdyp çykmak başartmasa gerek. Sebäbi olar barmak büküp sanardan kän. Ýöne indi ep-esli wagt bäri esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna güýçli taýýarlyk görülýän paýtagtymyz Aşgabat welin, biziň ertekilerde okan gözel şäherlerimize-de gaýra dur diýip duran mermer şähere öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladasy bilen baş şäherimiz, Watanymyzyň ýüregi, ak şäherimiz Aşgabat «Aziýanyň merjen şäheri» diýen ada eýe boldy.
Gojaman Köpetdaga egin deňläp oturan ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat bu gün Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda öz şanyna tutulýan toýuň toý lybasyny geýdi. Aýna ýaly şaýollar, mermer jähekli köçeler, Erem bagymyka diýdirýän seýilgähler, meýdançalar aýratyn görke geldi. Bu gün eziz Watanymyzyň ähli künjeginde baş şäherimiziň esaslandyrylmagynyň şanyna tutuljak tutumly toýuň dabaralaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna badalga berjek şäherimiziň toýy giňden tutulýar.
Şu günler Diýarymyzyň ýüregi, köňül dessanymyz, başymyzyň täji, gözlerimiziň guwanjy ak mermerli Aşgabadymyz has owadan, has ajaýyp, has nowjuwan görünýär. Ony görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Milli Liderimiziň parasadyndan nurlanýan, gözel görke, şöhrat-şana beslenýän paýtagtymyz bu gün dünýä ýalkym salýar. Ol bütin dünýäde dost-doganlygyň, agzybirligiň, asudalygyň, gülläp ösüşiň nyşany hökmünde tanalýar.
Aşgabat Türkmenistan bilen sebitiň, älemiň dürli yklymlarynyň döwletleriniň arasyndaky syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklaryň has-da ösmegine we pugtalanmagyna mynasyp goşant goşýar. Aşgabat bagtyýar durmuşyň, döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan mekany hökmünde ykrar edilýär.
Arkadagyň ak şäheri Aşgabat,
Durşy bilen öwrülipdir mermere.
Synladykça onuň gözel keşbini,
Goşgy gelýär,
Aýdym gelýär serlere.
Paýhas siňen,
Gujur siňen,
Aň siňen,
Binalarňy synlamaga göz gerek.
Her menziliň jennetiň bir künjegi,
Öz ýüzüni görkezip dur özgerip.
Bir-birinden gözel
köşgi-eýwanlar,
Tapyp bolmaz gözelligne bäs etjek.
Arkadagyň ganat beren zamany,
Her ynsany iki ömür ýaşatjak.
Gurulýar Aşgabat,
Beýgelýär şäher,
Bilbillerniň ýüki ýetik mukamdan,
Gujagyň gül,
Geljegiň gül,
Ýoluň gül,
Gül dessesi monjuk kimin ýakaňda.
Syýasy taýdan kämil, ykdysady taýdan kuwwatly, medeniýet babatda dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşulan Watanymyzyň paýtagtynda dünýäniň hiç bir ýurdundaka meňzemeýän, özboluşly, milli äheňli, täsin görnüşli desgalary sanasaň sogaby bar. «Älem» dynç alyş merkezi, Ýyldyz myhmanhanasy, Medeniýet şäherçesi, «Ylham» seýilgähi, «Arkadag» binasy, Söwda, dynç alyş, saglyk merkezleri, ençeme tapgyrlaýyn gurlan we gurlup ýören, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, garaz, bu sany näçe uzaltsaň uzaldyp oturmaly. Has dogrusy, biziň bu sananlarymyz deňizden bir damja diýen ýaly. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň ägirt uly hyjuw hem buýsanç bilen amala aşyrylýan pursatynda Arkadagly günleriň ak ýollarynyň diňe öňe alyp barýandygyna buýsanjymyzyň çägi ýok.
Bagtyýarlyk döwri — buýsançly zaman
Arkadagyň paýhasyndan güýç alan.
Pederleriň dowamaty bu dowam,
Arzuw bilen garaşany dideleň.
Onuň köklerinde tükenmez güýç bar,
Ol güýç — taryhymda täze bir ykbal.
Ýalkym saçyp, ol şamçyrag mysaly,
Millete baş bolýar, görkezip ak ýol.
Alyp barýar barha belentliklere,
Durşuna özgeriş, durşuna ösmek.
Bu bir dolmak çäksiz bagtyň gujagna,
Bu — üýtgeşik bagty gujaga gysmak.
Aý geçer, ýyl geçer, ýene beýgeler,
Asyrlara uzap gider taryhyň.
Watan! Arkadagym! Mermer paýtagtym,
Bu gün dünýä doldy adyň, tarypyň.
Hawa,140 ýyl ozal esaslandyrylan şäheriň taryhyna ser salsaň, ondan uzakda bolmadyk çygyrda Änew, Nusaý ýaly gadymy şäherleriň, Parzdepe, Togalak depe ýaly ýaşaýyşyň irki asyrlaryna degişli ýaşaýyş toplumlarynyň bolandygy äşgärdir. Geçmişden diňe bir öz adyny däl-de, dörediji söýginiň ruhuny miras edinen Aşgabat Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýär. Şol çatrykda bolsa dünýä siwilizasiýasynda esasy orunlary eýeleýän gadymy türkmen taryhynyň meşhur ýadygärlikleri ýerleşýär. Hut şu ýerde Köpetdagyň eteklerinde häzirki Aşgabatdan uzak bolmadyk ýerde dünýädäki iki medeni ojak kemala gelipdir. Sekiz müň ýyldan hem artyk döwürde tanalan Jeýtun irki ekerançylyk medeniýeti şol siwilizasiýanyň başyny başlapdyr. Munuň özi oturymly medeniýet bolmak bilen gadymy ata-babalarymyzyň diýseň zähmetsöýer bolandygyny görkezýän subutnamadygyny biz taryhdan bilýäris. Şol döwürlerde topragy dagdan gelýän akar çeşmelerden gandyryp, bol hasyl almagy başaran pederlerimiz bu ýerleri ussatlyk hem mähir bilen özleşdiripdirler.
Aşgabadyň eteginde ýene-de bir gadymy oturymly medeniýetiň ojagy hasaplanylýan Änewde arheologlar tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijesinde bugdaý dänesiniň tapylmagy dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekdi. Arheologlar tapylan bugdaý tohumyny dünýädäki ilkinji nusgalaryň biri hasaplaýarlar. Mermer paýtagtymyzyň sanly ýylda ýeten derejesi, gazanylan üstünlikler adamlaryň erkana, eşretli durmuşda ýaşamaklaryna, döredijilikli zähmet çekmeklerine şert döretdi. Indi paýtagtymyzda tutulýan dabaraly toýlarda şatlyk-şowhun bütin töwerege ýaň salýar. Çagalaryň şadyýan sesleri, bagtyýar adamlaryň gülküsi aýratyn joşguna eýe bolýar.
Bu gün bagtdan paýly halkymyz abat ojagynda, bereketden doly desterhanynyň daşynda agzybirlik bilen Watanymyzyň ösüşlerine guwanýarlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň eçilen datly miwesi onuň göwnüni ganatlandyrýar. Onsoň dili bagt hakynda sözleýär, dutary bagtyýarlyk hakynda saýraýar, galamy köňül kelamyny şygra salyp, il-güne ýaýýar. Şonda ak mermerli paýtagtymyzda, Gahryman Arkadagynyň saýasynda bagtly günleriniň hatarynyň barha uzaýandygyna, şu günki nesilleriniň eýe bolan mukaddesligine ertirki dowamatynyň hem dahylly boljakdygyna bolan ynamy oňa güýç-kuwwat berýär. Bir gapdaly kerem-keramatly dag, beýleki tarapyny Hydyr gören sähra jähekläp oturan Aşgabadymyz hakykatdan hem, jennetiň bir parçasy ýaly bolup, gadymy ertekilerden çykyp, biziň gözümiziň alnynda tylla Günüň şöhlesine şöhle goşup lowurdaýar. Adam zähmetiniň gudratyndan, adam paýhasyndan, yhlasyndan hem söýgüsinden bina bolan, sebitiň iň gözel şäheri Aşgabadyň adynda mähir bar, mylakat bar, yşk bar, söýgi bar. Abatlyk bar, adyllyk bar, halallyk bar. Ine, olaryň üstüne indi goşulan parahatlyk hem ynanyşmak bar.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan gün-günden gülläp ösýän paýtagtymyz Aşgabadyň şan-şöhraty Arşa göterilsin! Şeýle bagta ýetiren milli Liderimiziň jany sag, döwletli işleri rowaç bolsun!
Nowruz GURBANMYRADOW,
žurnalist.