Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
AŞGABAT, 11-nji mart (TDH). Şu gün Mejlisde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde duşuşyk geçirildi. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 25-nji fewralda deputatlar bilen geçirilen duşuşykda belleýşi ýaly, Mejlisiň alyp barýan köptaraply işlerinde halkara we parlamentara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleler möhüm orun eýeleýär. Şoňa görä-de, şu ýyl daşary ýurtlaryň parlamentleri, abraýly halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli dowam etmek Mejlisiň esasy wezipeleriniň biri bolmalydyr.
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň häzirki gepleşikleriniň dowamynda özara bähbitli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine gyzyklanmalary tassyklanyldy. Iki dostlukly goňşy ýurduň kanunçykaryjylyk edaralarynyň derejesinde hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň türkmen-özbek gatnaşyklarynyň aýrylmaz düzüm bölegi bolup durýandygy nygtaldy.
* * *
Şu gün Türkmenistanyň wekiliýeti göni wideoaragatnaşyk arkaly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilýän “GDA-30” sergisine gatnaşdy.
Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň wekilleri ýörite elektron enjamda wirtual diwarlyklaryny görkezdiler. Şolarda daşary ýurtly hyzmatdaşlar, umuman, internet-köpçüligi Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler, ähli ulgamlarda gazanylan beýik üstünlikler, bar bolan uly eksport kuwwatymyz hem-de uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin mümkinçilikler bilen tanyşdyrylýar.
Wideoşekillerde Türkmenistanda çykarylan senagat, azyk we hojalyk harytlary, dokma, mebel önümleri, elektron enjamlar, häzirki zamanyň durmuş tehnikalary we beýlekiler barada gürrüň berilýär.
Sergi ýurdumyzyň halkara hil ölçeglerine kybap gelýän dürli görnüşli önümleri öndürýän işewür toparlaryň barha artýan eksport kuwwaty bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýär.
Diwarlyklaryň we umumy elýeterli elektron serişdeleriň kömegi bilen bütindünýä torunda Watanymyzyň üstünlikleriniň görkezilmegi uzak aralykdaky ulanyjylara ol ýa-da beýleki pudak barada özlerini gyzyklandyrýan hemme maglumatlary gije-gündiziň dowamynda almak bilen birlikde, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen göni habarlaşmaga hem mümkinçilik berýär.
GDA-EKSPO/CIS EXPO diýen market-pleýs kompaniýalar, harytlar baradaky wideogörnüşleri hem-de Arkalaşygyň ýurtlarynyň sergä gatnaşyjylarynyň wirtual ýagdaýda hödürleýän hyzmatlarynyň degişli ugurlaryny beýan edýän ulgam hökmünde işleýär.
Şeýle hem şu gün Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda göni wideoaragatnaşyk arkaly türkmen wekiliýeti GDA-nyň Halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilýän “Dünýäniň özakymlylyk ýagdaýlary” diýen syýahatçylyk kongresine gatnaşdylar. Onlaýn duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar milli ykdysadyýetleri pugtalandyrmak we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin dünýä syýahatçylygynyň eýeleýän ägirt uly ornuny göz öňünde tutup, ony ösdürmegiň zerurdygyna halkara jemgyýetçiligiň ünsüni çekmäge gönükdirilen forumyň örän möhümdigini nygtadylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän “Açyk gapylar” we oňyn hyzmatdaşlyk syýasaty, halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasynyň we mähriban Diýarymyzyň täsin tebigatynyň bolmagy milli syýahatçylyk ulgamynda okgunly ösüşe itergi berýär. Syýahatçylyk pudagyndaky meseleleri düzgünleşdirýän hukuk namalarynyň kabul edilmegi, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we welaýatlarda kaşaň myhmanhana toplumlarynyň gurulmagy ýurdumyzyň dünýäniň syýahatçylyk bazarynda eýeleýän ornuny berkitmeginiň kuwwatly şertine öwrüldi.
Onlaýn mejlisiň dowamynda bellenilişi ýaly, syýahatçylyk ulgamyna işewürligiň işjeň çekilmegi hyzmatlaryň eksportunyň artmagyna ýardam berýär, bu pudagy dolandyrmagyň we sanly ulgam arkaly ösdürmegiň giňeldilmegi bolsa oňa diwersifikasiýa üçin täze itergi berip, Türkmenistanyň syýahatçylyk desgalarynyň hem-de ugurlarynyň ählisi barada maglumatlara halkara jemgyýetçiligiň giň elýeterliligini üpjün eder.
Kongrese gatnaşyjylar syýahatçylygyň ägirt uly durmuş, medeni we ykdysady ähmiýetini belläp, koronawirus pandemiýasy tamamlanandan we döwletara serhetler açylandan soň ýokary düşewüntli bu ugry wagyz etmek, täzeden dikeltmek hem-de has-da depginli ösdürmek boýunça bilelikde işlemäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.
* * *
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hem-de welaýatlaryň iri kitaphanalarynyň wekilleri wideomaslahat görnüşinde geçirilýän «Kitaphanalaryň arkalaşygy: üstünlikler we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi» atly iki günlük halkara foruma gatnaşdylar. Çäre Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna hem-de kitaphana işiniň iň oňat tejribesi we GDA ýurtlarynyň kitaphanalarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi bilen tanyşdyrmaga bagyşlanyldy.
Onlaýn forumyň çäklerinde “Iň oňat amalyýetçiler — 2020 we ugurlar — 2021” diýen bilermenleriň derejesindäki mejlisde GDA agza döwletleriň kitaphanalarynyň ýolbaşçylary duşuşdylar.
Türkmenistanda kitaphana işiniň ösdürilmeginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli üns merkezinde durýandygy nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyny we häzirki döwürdäki üstünliklerini wagyz etmäge, türkmenistanlylaryň aň-paýhas taýdan ösmegine hem-de watançylyk taýdan terbiýelenmegine ýardam berýän milli ruhy mirasymyzy saklaýan ylym-bilim we medeni merkezler hökmünde kitaphanalaryň eýeleýän ornuny yzygiderli belleýär.
Milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, elektron kitaphanalaryň maglumat binýadynyň we gaznalarynyň artdyrylmagyna gönükdirilen işler işjeňleşdirilýär, olaryň sanly ulgamda hödürleýän hyzmatlarynyň gerimi ep-esli giňelýär.
Häzir Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagynda kitaphanalaryň 230-sy bar. Bilim ministrliginiň ulgamynda, Ylymlar akademiýasynda, ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda kitaphanalaryň köp bölegi jemlenendir. Ýurdumyzyň okuw mekdepleriniň kitaphanalarynyň kitap gaznalary yzygiderli artýar.
Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasy ýurdumyz baradaky arhiw gaznalarynyň saklanýan ajaýyp ýeridir. Bu ýerde golýazmalar we şahyrana diwanlar, astronomiýa, himiýa, lukmançylyga bagyşlanan gadymy ýazuw ýadygärlikleri we beýlekiler aýawly saklanylýar.
Ýurdumyzyň baş kitaphanasy halkara kitap alyş-çalyşmalaryny işjeň amala aşyryp, dünýäniň dürli ýurtlarynyň guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Kitaphana ulgamynda esasy usulyýet merkezi bolan bu ýerde okuw maslahatlary, sergiler hem-de döredijilik işgärleri bilen duşuşyklar guralýar.
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän şu ýylda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hem-de Aşgabadyň 140 ýyllygynyň belleniljekdigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, foruma gatnaşyjylar şu mynasybetli meýilleşdirilen çäreler bilen tanyşdyryldy we şolara gatnaşmaga çagyryldy.
12-nji martda «Kitaphanalaryň arkalaşygy: üstünlikler we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi» diýen halkara maslahatynyň çäklerinde ýurdumyzyň welaýat kitaphanalarynyň işi barada çykyşlar diňleniler. “2020-nji ýylyň wehimleri: Arkalaşygyň kitaphana jemgyýetçiligine degişli meseleler” diýen at bilen meýilleşdirilen pikir alyşmalarda çäklendirilen çäreleriň şertlerinde kitaphanalaryň işleri we ilkinji nobatdaky wezipeleriň çözülişi ara alnyp maslahatlaşylar.