Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä çempionyny sarpalamak dabarasyna gatnaşdy

AŞGABAT, 10-njy mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine geldi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda eýe bolan ýokary sylagyny gowşurmak mynasybetli guralan dabara gatnaşdy. Ýurdumyzda guralan we ýokary derejede geçirilen bu iri ýaryş Watanymyzyň halkara sport merkezi hökmündäki abraýyny berkitdi. Şeýle hem milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn strategiýanyň uly üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň möçberli tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýokary netijeli sport hereketi giň gerime eýe boldy. Döwlet Baştutanymyzyň şahsy göreldesi we oňyn başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň ähli ilaty, aýratyn-da, ýaşlar sportuň dürli görnüşleri bilen işjeň meşgullanýarlar. Milli Liderimiz köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini höweslendirmek bilen bir hatarda, ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine, dünýä derejeli türgenleriň we tälimçileriň, beýleki ugurdaş hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, şeýle hem bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine yzygiderli üns berýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman sport toplumlary we desgalary guruldy hem-de yzygiderli ulanylmaga berilýär. Olar ýokary derejedäki iri ýaryşlary, şol sanda dünýä çempionatlaryny geçirmäge mümkinçilik berýär. Netijeli türgenleşikleri alyp barmak we türgenleriň ussatlyk derejesini kämilleşdirmek üçin oňyn şertler döredilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň türgenleriniň dünýäniň sport giňişliklerinde ýokary netijeleri gazanmaklary we mähriban Watanymyzyň sport giňişligindäki abraýyny belende götermekleri üçin zerur tagallalar edilýär.
Häzirki döwürde türkmen türgenleri abraýly halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, öz ussatlyklaryny görkezýärler we baýrakly orunlary eýeläp, dürli derejeli medallara mynasyp bolýarlar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy sport ýurduna öwürmek ugrunda edýän ýadawsyz tagallasynyň we oňyn başlangyçlarynyň aýdyň netijesidir.
Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen dabaraly çärä Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we türgenler gatnaşdylar. Ýygnananlaryň hatarynda daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalarynyň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri bar. Hemmeler ýurdumyzyň sportunyň ösüşine kuwwatly itergi beren we ony hil taýdan täze belentlige çykaran çuňňur oýlanyşykly, täzeçil syýasaty alyp barýan milli Liderimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.
Dabara gatnaşyjylary mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki wakanyň türkmen sporty üçin, bütin ýurdumyz üçin ähmiýetli bolandygyny belledi. Biz häzir Halkara agyr atletika federasiýasy tarapyndan 45 kilogram agramdaky türgenleriň arasynda dünýäniň çempiony diýlip ykrar edilen, milli ýygyndy toparymyzyň türgeni Ýulduz Jumabaýewany sylaglamak üçin ýygnandyk. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu türgeniň ýaryşda iki sany altyn medala mynasyp bolup, sportuň bu görnüşi boýunça dünýä rekordyny goýandygyny aýratyn belledi.
Bu ajaýyp ýeňiş doly kanunalaýykdyr. Ol ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmäge, sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmäge, adamlary sport bilen yzygiderli meşgullanmaga gönükdirilen deňi-taýy bolmadyk döwlet syýasatymyzyň netijesidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Häzirki döwürde Türkmenistan örän ýokary depginler bilen ösýän sport döwletleriniň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde köp sanly sport desgalary, ýokary derejeli stadionlar, welotrekler gurulýar. Çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bedenterbiýe maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Biz Olimpiýa hereketiniň esasynda duran belent maksatlary iş ýüzünde amala aşyrýarys. Sporty bütin halkyň baýlygyna öwürmek, adamlara saglyk, şatlyk we ertirki güne ynam bermek şol maksatlaryň many-mazmunydyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň sport babatda alyp barýan döwlet syýasatynyň örän möhüm ugry bolup durýar. Biziň ýurdumyz soňky ýyllarda iri halkara ýaryşlaryň geçirilýän mekanyna öwrüldi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Olaryň hatarynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi hem-de Agyr atletika boýunça 2018-nji ýylda geçirilen dünýä çempionaty ýaly taryhy wakalar bar.
Bu ýaryşlar Garaşsyz Türkmenistanyň örän giň gerimli we uly ähmiýetli sport çärelerine gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi başarýandygyny bütin dünýä äşgär etdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda şu ýyl Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň, Aziýa we Okeaniýa IV toparynda tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyrynyň, 2022-nji ýylda bolsa Sambo boýunça dünýä çempionatynyň ýokary derejede, guramaçylykly geçiriljekdigine ynanýandygyny belledi.
Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, ýurdumyzyň sport taryhynda ajaýyp sahypalaryň az ýazylmandygyny aýtdy. Bu barada bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ajaýyp agyr atletikaçymyz, dünýäniň we Ýewropanyň üç gezek çempiony, şeýle hem Aziýanyň çempiony Altymyrat Orazdurdyýewi ýa-da görnükli türgen, döwrüniň iň meşhur mergeni hem-de Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi, nyşana ok atmakda köp gezek dünýäniň we Ýewropanyň rekordsmeni Marat Nyýazowy ýatlady. Olar biziň naýbaşy türgenlerimizdir, görelde almaga nusgalardyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde hem türkmen sportunyň däpleriniň dowam edip gelýändigi we ösdürilýändigi, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy guwandyrýar. Biziň ýaş türgenlerimiz uly nesilleriň ýeňişli ýoluny mynasyp dowam edýärler. Dürli ýaryşlarda ajaýyp netijeleri gazanyp, söýgüli Watanymyzyň Baýdagyny al-asmanda parladyp, Türkmenistanyň sport abraýyny goraýarlar. Şolaryň biri hem altyn medala mynasyp bolan Ýulduz Jumabaýewadyr. Bäsleşikde onuň gazanan bu uly sylagy Türkmenistanyň dünýäniň sport giňişliginde ynamly öňe barýandygyny aýdyň görkezýär. Bu ýokary sylagyň eýesi — biziň maksada okgunly, tutanýerli, eziz Watanymyza çäksiz wepaly, ýeňiş üçin ähli gujur-gaýratyny gaýgyrmajak ýaşlarymyzyň ajaýyp wekili bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi.
Ýulduz Jumabaýewanyň gazanan ýeňşine guwanmaga doly haklydyrys. Bu ýeňiş biziň bütin halkymyzyň örän uly üstünligidir. Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça alyp barýan döwlet syýasatymyzyň netijeliliginiň aýdyň tassyklanmagydyr.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, köp asyrlaryň dowamynda türkmen halky deňsiz-taýsyz maddy we ruhy gymmatlyklary döredipdir. Harby we raýat edermenliginiň ajaýyp nusgalaryny dünýä beripdir. Mertlige, päk ýüreklilige, ululara hormat goýmaga, maşgala ojagynyň mukaddesligine we ýokary ahlak gymmatlyklaryna esaslanýan ýörelgeleri kemala getiripdir.
Türkmenler ägirt giňişliklere ýaýran, dünýä taryhyna hem-de adamzadyň medeni ösüşine uly täsir eden güýçli döwletleri döredipdir. Häzirki döwürde bahasyna ýetip bolmajak bu taryhy gymmatlyklar täzeçe esasda dikeldilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz arassa sport bäsleşiginiň asyrlarboýy dowam eden däplerini dikeltmek hem-de giňden wagyz etmek biziň örän baý taryhy-medeni mirasymyzy ösdürmegiň möhüm ugrudygyny we onuň binýatlyk esaslarynyň biridigini belledi.
Bu mirasyň hataryna dünýäde deňi-taýy bolmadyk ahalteke atlary hem degişlidir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Bu atlar döwletimiziň nyşanyna, türkmenleriň kanuny buýsanjyna öwrüldi. Häzirki döwürde ýurdumyzda atçylygy ösdürmek üçin ähli zerur şertler döredilýär, täze atçylyk sport toplumlarynyň ulgamy gurlup, köp adamlaryň gatnaşmagynda at çapyşyklary yzygiderli geçirilýär.
Biz ata-babalarymyzdan miras galan ýaryşlaryňdyr däp-dessurlaryň beýleki görnüşlerini hem ösdürýäris. Şolaryň hatarynda laçyn we tazy bilen aw awlamagy, guşakly göreşi, halyçylaryň we zergärleriň gadymy sungatyny, özboluşly aýdym-tanslarymyzy, owadan milli lybaslarymyzy görkezmek bolar. Umuman, biziň ýurdumyzda özboluşly medeni-taryhy mirasy goldamaga we dikeltmäge döwlet derejesinde alada edilýär diýip, milli Liderimiz belledi.
Biz şöhratly däplerimizi häzirki döwre ýetirmek bilen, taryhy yzygiderliligi gorap sakladyk. Bu bolsa jemgyýetimizi jebisleşdirýän, merdana halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýan egsilmez güýçdür diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Ýokary ahlaklylyk we haýyr işler bilen sazlaşýan beden saglygy ýaly häsiýetlere biziň halkymyz hemişe belent sarpa goýupdyr. Bu häsiýetler kyn pursatlarda ar-namysy goramaga, milli aň-düşünjämizi we belent maksatlary gorap saklamaga ýardam beripdir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şoňa görä-de, döwletimiz mundan beýläk hem bedenterbiýä we sporta ileri tutulýan ugurlar hökmünde uly üns berer. Sport üpjünçilik ulgamyny, usulyýetini ösdürmek, tälimçileri, halypalary we hünärmenleri taýýarlamak üçin zerur serişdeleri goýberer. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu işleri, özümiziň gazanýan netijelerimize we iň gowy dünýä tejribesine daýanmak bilen, häzirki zaman ylmy esasynda amala aşyrarys.
Bizde «Arassa göreşde gazanylan ýeňiş şatlyk getirýär» diýen pähim bar. Türkmen halkynyň iň oňat däp-dessurlaryna laýyklykda terbiýelenen türgenlerimiz bolsa, hemişe diňe arassa ýaryşyp, halal ýeňiş gazanýarlar. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda Watana şan-şöhrat getirýän hem-de dünýä sportunyň abraýyny artdyrýan ýene-de köp sanly çempionlaryň ýetişjekdigine berk ynanýandygyny aýtdy.
Milli Liderimiz Ýulduz Jumabaýewany Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda gazanan deňsiz-taýsyz ajaýyp üstünligi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, Bitarap Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň mundan beýläk hem halkara sport ýaryşlarynda belentde parlajakdygyna ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz türgenleri we tälimçileri mynasyp bolan sylaglary bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, abadan hem-de bagtyýar durmuş, saglygyň we bagtyýarlygyň ýurdy bolan mähriban Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmak ugrunda alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýulduz Jumabaýewa 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda mynasyp bolan altyn medalyny gowşurdy.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar, onuň belent owazy astynda Watanymyzyň Döwlet baýdagy ýokary galdyrylýar.
Dabaranyň dowamynda Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidenti doktor Maýkl Iranä söz berildi. Ol sanly wideoaragatnaşyk arkaly dabara gatnaşyjylara ýüzlendi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda sportuň dürli ugurlarynyň, şol sanda agyr atletikanyň ösdürilmegi babatda yzygiderli tagalla edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysy türkmen türgenlerine halkara ýaryşlarda uly üstünlikleri arzuw etdi.
Jenap Maýkl Iraniniň belleýşi ýaly, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýa garamazdan, Aşgabatda geçirilýän dabara wideoaragatnaşyk arkaly goşulmak onuň üçin uly buýsançdyr.
IWF-niň prezidenti Halkara agyr atletika federasiýasynyň, Halkara barlaglar agentliginiň we Bütindünýä antidoping agentliginiň bilelikde sportuň arassa we adalatly bolmagy üçin dopinge garşy göreşde uly tagallalary edýändiklerini, şeýle hem Türkmenistanyň bu ugurda işjeňlik görkezýändigini nygtady.
Jenap Maýkl Iraniniň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň sporty ösdürmek syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň türgenleri halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanyp, dürli baýraklara mynasyp bolýarlar. 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň jemi 179 kilogram agramy göterip, şeýle hem ýetginjekleriň arasynda dünýä rekordyny täzeläp, altyn medallara mynasyp bolmagy milli Liderimiziň agyr atletika sportuny ösdürmek ugrunda edýän tagallasynyň aýdyň netijesi bolup durýar diýip, myhman sözüni dowam etdi.
Bu ýeňşiň türkmen halky üçin hem buýsançly waka öwrülendigini belläp, IWF-niň prezidenti watandaşymyzyň dünýäniň çempiony diýlip yglan edilmegi bilen tüýs ýürekden çykýan gutlag sözlerini aýtdy.
Aşgabatda türkmen türgeniniň mynasyp bolan medalyny gowşuryş dabarasynyň gurnalýandygy we oňa wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, jenap Maýkl Irani döwlet Baştutanymyza agyr atletika sportuny ösdürmek ugrunda alyp barýan işinde, türkmen türgenlerine bolsa halkara ýaryşlarda uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Halkara agyr atletika federasiýasynyň baş kätibi, Aziýanyň Agyr atletika federasiýasynyň birinji wise-prezidenti Mohammed Jaluda söz berildi. Ol sanly wideoaragatnaşyk arkaly çykyş etdi.
Jenap Mohammed Jalud şeýle dabaranyň guralandygy we oňa wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmak mümkinçiliginiň döredilendigi üçin onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidentine sagbolsun aýtdy we sportuň bu görnüşiniň netijeli ösmegi babatda edýän tagallalary üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, sport hereketiniň ahlak ýörelgeleriniň degişli derejede berjaý edilmändigi üçin, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynda 45 kilograma çenli agram derejesinde altyn medal gazanan türgen bu medaldan mahrum edildi. Şeýlelikde, türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewa iki altyn medalyň eýesi boldy we dünýä rekordyny goýdy. Munuň özi Türkmenistanda sportuň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini äşgär etdi.
Jenap Mohammed Jalud pursatdan peýdalanyp, Ýulduz Jumabaýewany dünýä birinjiliginiň ýokary baýragy bilen gutlady. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda bu baýragyň 2021-nji ýylyň şygaryny tassyklandygyny nygtady.
IWF-niň baş kätibi wakanyň türkmen türgenlerini täze üstünliklere ruhlandyrandygyna ynanýandygyny aýtdy.
Jenap Mohammed Jalud Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny halkara derejesinde gazanylan ýeňiş bilen gutlady we bu üstünlikleriň türkmen türgenleriniň geljekki beýik ýeňişleriniň başlangyjydygyna ynam bildirdi.
Milli Liderimiz jemleýji söz bilen çykyş edip, türgenlerimiziň gazanan ajaýyp üstünlikleriniň ata Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak hakyky milli gymmatlykdygyny belledi. Olar şol bir wagtda öz ykbalyny sporta baglajak müňlerçe ýigitler we gyzlar üçin hem görelde bolup durýar. Kalbymyzda Garaşsyz Watanymyza çäksiz buýsanç döredýär.
Häzirki döwürde Türkmenistan ýokary depginler bilen ösýän, ynamly öňe barýan kuwwatly döwletdir. Mähriban Watanymyzyň ýaşyl Baýdagy dünýä derejeli sport desgalarynda al-asmana galdyrylanda, Türkmenistanyň raýatlary bolan biz, nirede bolsagam, özümizi güneşli ýurdumyza şan-şöhrat hem-de at-abraý getirýän bitewi, jebis maşgalanyň agzalary hökmünde duýýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Hakyky çempionlar päsgelçiliklere hem-de kynçylyklara hötde gelip, islendik şertlerde ýokary netijeleri gazanmagy başarýar. Ýulduz Jumabaýewa hem hut şeýle ýeňşi gazandy. Men seni mynasyp bolan ýokary sylagyň bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ähli türgenlere we olaryň halypalaryna bolsa, ýeňiş gazanmak ugrunda eden tagallalary hem-de erk-islegi üçin minnetdarlyk bildirýärin diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidenti doktor Maýkl Iranä dünýäde agyr atletikany ösdürmäge goşýan şahsy goşandy we sportda adalatly syýasaty alyp barýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem baş sekretar Mohammed Jaluda şu dabaraly çärä gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi we Halkara agyr atletika federasiýanyň ýolbaşçylarynyň adyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.
Dabaraly çäräniň ahyrynda milli Liderimiz döwletimiz üçin raýatlarymyzyň iň uly gymmatlyk bolup durýandygyny aýratyn belledi. Şeýlelikde, Türkmenistan ýakyn hem-de uzak geljege gönükdirilen, sagdyn durmuş kadalaryny, bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi hem-de wagyz etmegi maksat edinip, üstünlikli öňe gitmegiň oňyn göreldesini görkezýär.
Döwlet Baştutanymyz hemmelere şu dabaraly çärä gatnaşandyklary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu ýerden ugrady.
* * *
Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň şeýle hem “Sport” myhmanhanasynda halkara sport ýaryşynda Türkmenistana wekilçilik edip, ýurdumyzyň dünýädäki sport abraýynyň belende galmagyna mynasyp goşant goşan türkmen türgenini, onuň tälimçisini we Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyny sylaglamak dabarasy geçirildi.
“Sport” myhmanhanasynyň eýwanynda ýurdumyzyň ýokary derejeli sporty ösdürmekde gazananlary, türkmen türgenleriniň halkara we dünýä ýaryşlarynda mynasyp bolan abraýly baýraklary barada gürrüň berýän giňişleýin sergi, şeýle hem şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we sportuň ösüşiň täze belentliklerine çykmagy ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy arkaly amala aşyrylýan çäreler özüniň oňyn netijesini berýär. Watandaşymyzyň Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda gazanan uly ýeňşi mynasybetli guralan dabara milli Liderimiziň gatnaşmagy bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy, munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine we milli sportuň dünýä derejesine çykmagyna aýratyn ähmiýet berýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň degişli Permany okaldy. Oňa laýyklykda, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Ýulduz Jumabaýewa ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmäge goşan şahsy goşandy, halkara ýaryşlarda mähriban Watanymyzyň sport abraýyny goramakda uly üstünlikleri gazanandygy üçin Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medaly bilen sylaglandy. Döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, oňa 2020-nji ýylda goýberilen, ak reňkli “Lexus LX 570 Sport Plus” kysymly ýeňil awtoulagy sowgat berildi.
Görnüşi ýaly, Türkmenistanyň halkara sport giňişligindäki abraýynyň belende galmagyna şahsy goşant goşup, halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanýan türgenleri döwlet derejesinde sylaglamak asylly däbe öwrüldi.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika bölüminiň tälimçi-mugallymy M.Sähetmyradowy Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medaly bilen sylaglamak hakyndaky Permany okaldy. Bellenilişi ýaly, bu sylag tälimçini has-da netijeli işlemäge we ýokary taýýarlykly ussat türgenleriň sanyny artdyrmak ugrunda zerur tagallalary etmäge ruhlandyrýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen, tälimçi-mugallym M.Sähetmyradowa halkara ýaryşlarda baýrakly orunlary eýeleýän türgenleri taýýarlandygy üçin täze ýaşaýyş jaýynyň açary gowşuryldy.
“Sport” myhmanhanasynda geçirilen dabaraly çärede döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan uly zähmet üstünlikleri üçin ýurdumyzyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewi Türkmenistanyň “Gaýrat” medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany okaldy.
Ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlar milli Liderimiziň başlangyjy we ýadawsyz tagallasy netijesinde, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösüşiniň hil taýdan täze derejä çykarylandygyny bellediler. Türkmenistanda öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman sport toplumlary we döwrebap stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri gurulýar. Şolarda döredilýän şertler sportuň dürli ugurlary boýunça üstünlikli türgenleşikleri geçirmäge we halkara ähmiýetli ýaryşlary guramaga mümkinçilik berýär.
Sylaglara mynasyp bolanlar ýurdumyzda sporty wagyz etmek, netijeli işlemek, dürli ugurlarda bolşy ýaly, sport ulgamynda hem uly üstünlikler gazanmak babatda ähli zerur şertleriň döredilýändigi üçin Arkadag Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlar döredilýän oňyn mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanmak we ýaşlary beýik sport ýeňişlerine ruhlandyrmak ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
* * *
“Sport” myhmanhanasynyň öňündäki meýdançada Türkmen döwlet bedenterbiýe sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Ý.Jumabaýewa döwlet Baştutanymyzyň adyndan özüne berlen täze awtoulagy uly hoşallyk bilen kabul etdi. Bu ýerde ussat türgeniň ene-atalary bolup, olar milli Liderimize bu sowgat üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şeýle hem dünýäniň çempionynyň tälimçisi M.Sähetmyradow hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi. Ol özüniň maşgala agzalary bilen bilelikde, milli Liderimiziň sowgat beren ýokary amatlykly öýüne girdi.
* * *
Şu günki şanly wakanyň hormatyna dabaraly konsert geçirildi hem-de ýurdumyzyň türgenleriniň görkezme çykyşlary guraldy.
Artistler we döredijilik toparlary öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň sagdynlygy we abadançylygy, ýurdumyzyň sport mümkinçiliklerini giňden durmuşa geçirmek ugrundaky aýratyn ünsi we aladasy netijesinde Watanymyzyň köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmekdäki üstünliklerini wasp etdiler.
Tejribeli we ýaş türgenler özleriniň görkezme çykyşlarynda agyr atletikada tärleriň ussatlyk bilen ýerine ýetirilişini görkezdiler. Bu bolsa ýurdumyzda sportuň bu görnüşi üçin ähli işleriň, halkara sport ýaryşlarynda Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmäge taýýar türgenleri taýýarlamak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna şaýatlyk edýär.



https://metbugat.gov.tm/blog?id=2434