Halkara gatnaşyklar berkidilýär

Şu hepdäniň çarşenbe güni Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Owganystan meselesi boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen bilelikde guraldy.

Duşuşygyň barşynda taraplar sebit hyzmatdaşlygyny, Owganystanda parahatçylygy üpjün etmek, howpsuzlyk, ykdysady ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurdaky özara hereketleriň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly işjeň pikir alşyldy.

Türkmen tarapy, şeýle hem sebit we halkara giňişliginde syýasy hem-de diplomatik tagallalary işjeňleşdirmegi goldamak bilen, bu ugurda BMG-niň möhüm ornuny belledi.

Şol gün sanly ulgam arkaly italýan kompaniýalary üçin «Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» atly ýurt boýunça tanyşdyrylyş maslahaty geçirildi.

Bu çäre iki ýurduň döwlet we hususy pudagynyň wekilleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze gurallarynyň gözlenilmegi, şol sanda ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin özboluşly meýdança öwrüldi. Çykyşlaryň barşynda Türkmenistanyň we Italiýanyň arasynda bilelikde durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň ösüşiniň oňyn depgini bellenildi.

Öňňin paýtagtymyzda Sankt-Peterburg şäheriniň Daşary aragatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Ý.Grigorýewiň ýolbaşçylygynda iş sapary bilen Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm gurallarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, strategik häsiýete eýe bolan türkmen-rus gatnaşyklarynyň okgunly ösüşi aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň barşynda taraplar söwda, sanly tehnologiýalar, innowasiýa ykdysadyýeti ulgamynda hem-de iki ýurduň täjirçilik düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň uly mümkinçiliklerini aýratyn bellediler.

Taraplar Türkmenistanyň we Russiýanyň döwlet edaralarynyň we hususy böleginiň wekilleriniň yzygiderli duşuşyklarynyň netijeli häsiýetini nygtadylar. Iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygynyň energetika pudagyndan başlap, senagatyň geljegi uly ugurlaryny, ulag, düzümleýin gurluşyk we beýleki ulgamlaryň giň toplumyny öz gerimine alýandygy bellenildi.

Şol gün DIM-de wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistanyň we Marokkonyň Daşary işler ministrlikleriniň syýasy geňeşmeleri geçirildi, oňa Marokko Patyşalygynyň daşary işler ministri Naser Burit gatnaşdy.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Afrika yklymynyň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň zerurdygy baradaky tabşyryklaryna laýyklykda, geçen ýylyň baharynda türkmen wekiliýetiniň Marokko Patyşalygyna amala aşyran saparynyň netijeli häsiýete eýe bolandygy nygtaldy.

Taraplar ýokarda agzalan saparyň dowamynda gol çekilen ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň möhümdigini bellediler hem-de daşary syýasat hyzmatdaşlygy, ulag, bilim, ylym we beýleki ulgamlarda goşmaça resminamalary işläp taýýarlamak üçin gepleşikleri işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar.


«Aşgabat».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/34033