12-nji fewral ýurdumyzyň täze taryhynda möhüm şanly senedir. Sebäbi 2012-nji we 2017-nji ýyllaryň hut şu gününde Watanymyzyň iň täze taryhynyň baş ugry kesgitlenipdi we bu ugruň geljekde-de misilsiz dowam etdiriljekdigi aýdylypdy. Bu halkymyzyň göwnünden turdy we ony beýik işlere ruhlandyrdy. Bu möhüm işleriň başy bolsa 2007-nji ýylyň fewral aýynda türkmen halkynyň ilkinji gezek täze durmuş ugrunda ses bermegi bilen badalga aldy. Şol gün türkmenistanlylar tiz wagtda ýurdumyzy dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň hataryna çykaran ägirt uly özgertmeler üçin hem ses berdi. Şol döwürde Türkmenistanyň geljegi üçin örän jogapkärli hem-de möhüm çözgüt kabul edildi. Şol gün ýurdumyzyň Prezidentligine geçirilen saýlaw möwsüminiň barşynda we onuň jemlerinde jemgyýetimiziň mizemez bitewüligi, milli Liderimiziň ähli başlangyçlarynyň belent ynama we gyzgyn goldawa eýe bolmagy, mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekip, beýik maksatlara ýetmäge taýýarlyk hyjuwy öz beýanyny tapdy. Şu günki senä gabat gelýän uly ähmiýetli waka Watanymyzyň özygtyýarly ösüş ýoluna nazar aýlamaga, onuň şöhratly gazananlaryna we ýeten belent sepgitlerine şaýat bolmaga, ählihalk tarapyndan saýlanylan parasatly syýasatçy hem-de gujur-gaýratly täzeçil Lider, uzakdan görüji syýasy işgär hem-de zehinli alym, meşhur döwlet işgäri we diplomat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylan ägirt uly işlere baha bermäge esas döredýär. Milli Liderimiz, ozaly bilen, ata Watanymyzy perzentlik duýgusy bilen söýýän hem-de halkymyzyň döredijilik kuwwatyna tutuş durky bilen ynanýan hakyky watançydyr. Biziň ählimiz milli Liderimiziň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň Türkmenistany okgunly ösýän ýurtlaryň hataryna çykarandygynyň, ygtybarly hyzmatdaş we parahatçylyk dörediji, ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan döwlet hökmünde onuň halkara abraýynyň belende göterilendiginiň şaýady bolduk. Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklardaky eýeleýän orny içerki syýasatyň näderejede üstünliklere beslenýändigine, halkymyzyň abadançylyk derejesine, durmuş we demokratik ýörelgeleriň, raýat edaralarynyň netijeliligine baglydyr. Hormatly Prezidentimiz jemgyýetimiziň aň-düşünjesiniň ösdürilmegi üçin ähli şertleri döredip, bu düzümleriň kämilleşdirilmegini hemmetaraplaýyn höweslendirýär. Binýatlaýyn pudaklaryň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy hem-de döwletimiziň durmuş düzümleriniň kämilleşdirilmegi, gadymy türkmen topragynyň keşbiniň bütinleýin özgerdilmegi bilen bir hatarda, iň möhüm üstünlikler durmuş ulgamynda gazanylýar. Olar adamlaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda, hukuk kepillikleriniň ygtybarlylygynda, ruhy we döredijilik işjeňliginde öz beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow iň öňdebaryjy halkara tejribä hem-de Türkmenistany dünýä syýasy we ykdysady giňişligine işjeň goşmaga gönükdirilen düýpli täze taslamalara, ösüşiň täze ugurlaryna badalga bermek bilen, ähli özgertmeleri halkymyzyň mynasyp durmuş şertleriniň üpjün edilmegine gönükdirdi, olar maddy abadançylygy we amatly ýaşamagy, jemgyýetimiziň ruhy kämilligini hem-de döredijilik, aň-paýhas taýdan şahsyýetiň öz ukyplaryny doly açmaga mümkinçiliklerini özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiz täze döwlet taglymatynyň kemala gelmegine aýratyn ähmiýet berýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar onuň baş maksadyna öwrüldi. Pederlerimiziň baý tejribesini özünde jemleýän ruhy gymmatlyklar türkmen jemgyýetinde syýasy medeniýetiň mizemez binýady bolup durýar. Däp-dessurlaryň täze meýiller bilen sazlaşygy, oňyn özgertmeleriň gadymdan gelýän ýörelgeler esasynda dowam etdirilmegi häzirki zaman türkmen syýasy medeniýetiniň mahsus aýratynlyklarydyr. Ol hakyky halk demokratiýasyna esaslanýar. Başgaça aýdylanda, taryhy miras ýurdumyzy döwrebaplaşdyrmagyň hem-de türkmen jemgyýetini ösdürmegiň möhüm serişdeleriniň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň gerimli maksatnamalarynda bellenilen täze giňişlikleriň we mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmegi hem halkymyzyň taryhy tejribesi, onuň gadymy dünýägaraýyşlary esasynda guraldy. Gözümiziň alnynda ägirt uly maksatnamalar durmuşa geçirildi. Batyrgaý başlangyçlar, çuňňur syýasy, ykdysady, durmuş özgertmeleri anyk häsiýete eýe bolup, Türkmenistany kuwwatly, gülläp ösýän döwlete öwürdi. Jemi içerki önümiň durnukly ösüşi, senagat ulgamynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň döredilmegi we täze eksport giňişlikleriniň açylmagy milli Liderimiziň giň gerimli özgertmeleriniň üstünliklere beslenýändiginiň subutnamasydyr. Halkara ulag düzümleriniň, gaz geçirijileriň, awtomobil hem-de demir ýollaryň, deňiz we howa ugurlarynyň, nebiti hem-de gazy gaýtadan işleýän täze önümçilikleriň köpugurly ulgamynyň döredilmeginde möhüm ädimler ädildi. Özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk, daşary ýurt maýa goýumlarynyň işjeň çekilmegi, halk hojalygyny dolandyrmagyň tutuş ulgamynyň düýpli täzeden gurulmagy, bazar gatnaşyklarynyň we hususy bölegiň okgunly ösdürilmegi görlüp-eşidilmedik ýokary depgine eýe boldy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmak, iň täze sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, halkara hem-de sebit ähmiýetli iri maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagyna döwlete dahylsyz bölegiň goşandynyň artdyrylmagy babatda giň gerimli meýilnamalar kesgitlenildi. Bu strategik ähmiýetli resminamanyň kabul edilmegi bilen, milli Liderimiziň köp derejeli özgertmeleri amala aşyrmagyň, halk hojalygynyň we döwleti dolandyrmagyň tutuş ulgamynyň düzümleýin gaýtadan guralmagynyň nobatdaky tapgyry badalga aldy. Önümçilik we ylmy-tehniki mümkinçilikleriň güýçlendirilmegi, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň görnüşleriniň artdyrylmagy ýerli çig mal serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagynyň, olary düýpli gaýtadan işlemegiň hem-de ýokary goşmaça gymmatyň döredilmeginiň hasabyna amala aşyrylýar. Prezident Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyny, telekeçiligiň bu işlere işjeň çekilmegini, hususylaşdyrmak çäreleriniň giňeldilmegini, paýdarlar jemgyýetleriniň döredilmegini, innowasiýa ugurly senagat toplumlarynyň ösdürilmegini talap edýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugry biziň tutuş halkymyzyň hem-de her bir raýatyň durmuş abadançylygynyň, hukuklarynyň we bähbitleriniň goraglylygyna gönükdirilendir. Saglygy goraýyş, ylym we bilim, medeniýet ulgamlarynyň hem-de işleriň beýleki görnüşleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak geljekki çäreleriň möhüm ugry hökmünde görkezildi, olar kämil jemgyýetiň kemala gelmegine ýardam eder. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden öňe süren hem-de halkara bileleşigiň giň goldawyna eýe bolan düýpli başlangyçlary, şol sanda suw, energetika we ulag diplomatiýasy boýunça teklipleri Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýurdumyzda gazanylan sepgitleri beýan edýär. Öňde goýlan wezipeleriň durmuşa geçiriljekdigine hiç hili şübhe bolup bilmez, çünki geçen ýyllaryň iş tejribesi Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryndan bäri öz Lideriniň daşynda mäkäm jebisleşen türkmen halkynyň iň bir giň gerimli meýilnamalary hem üstünlikli amala aşyrmaga ukyplydygyny görkezdi. Biziň her birimiziň durmuşymyza oňyn täsirini ýetiren ýokary netijeler, ýetilen anyk sepgitler, uly üstünlikler ýurdumyzyň raýatlarynyň döwlet Baştutanymyza belent ynamynyň ygtybarly binýady boldy. Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän işleriniň netijeleri şu ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygarynyň örän esaslydygyny şertlendirdi. Bitaraplyk parahatçylyga, howpsuzlyga, ynsanperwerlige, durnukly ösüşe we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uzaýan ýoldur. Üstümizdäki ýylda dabaraly belleniljek Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi, ata Watanymyzyň bu beýik derejesine buýsanjymyzyň nyşany hökmünde yglan edilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem döredijilikli zähmeti, uly üstünliklerimizi we ösüşiň täze belentliklerini giňden dabaralandyrýar. https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20608