(«Nebitçileriň arasynda» atly makalalar toplumyndan)
Häzirki zaman, döwrebap ýerýurt atlarynyň arasynda geňligi bilen ýatda galyjy Goturdepä onuň adynyň dakylyşy bilen bagly tanymal dilçi alym, toponimçi S.Atanyýazowyň 1980nji ýylda neşir edilen «Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlügi» kitabynyň 107nji sahypasynda jaýdar delilli we gyzykly maglumatlar berilýär. Häzirki Balkanabadyň çäginde, onuň düzümindäki şäherçedigi, ilki bu adyň şol ýerdäki üsti otçöpsüz, gotura meňzeýän gum depeleriniň ady bolup, soňra onuň şol ýerde gurlan nebitçileriň şäherçesine dakylandygy aýdylýar.
Nebitçileriň durmuşyndan eserler döretmek üçin olaryň arasynda işçilikden buraw ussasy derejesine çenli işlän, «Goturdepe depderi», «Hazynalar ülkesi», «Çözülen düwün» ýaly kitaplary, «Alaňlaryň arasynda» powestini ýazan we başgada birnäçe eserleri döreden meşhur halypa şahyrymyz Şäher Borjakow bu at bilen baglanyşykly goşgusynda şeýle ýazýar:
Menzilmenzil aýlansaňda,
Gözüň düşmez bir düýp çöpe.
Belki, şondan at alansyň,
Goturdepe, Goturdepe!
Iňlär siňeksiz ymgyr çölüň içindäki çägeleriň arasyndan hatda şol döwrüň kuwwatly traktorlarynyňda geçip bilmedik wagtlary bolupdyr. Merkezden alysda ýerleşýän Goturdepede işi alyp barmagyň örän kyndygyny bir söhbediň çäginde düşündiripde boljak däldi. Ýöne şol mahalky Çeleken, häzirki Hazar bilen Jebeliň arasyna suw turbalary çekilenden soňra, bu ýerde burawlaýyş işleri täzeden başlanýar.
Aşakdaky setirler bolsa döwrüniň belli žurnalistleriniň biri Pürli Weliýewiň «Türkmenistan» neşirýaty tarapyndan 1968nji ýylda neşir edilen «Gümmürdi» atly oçerkler kitabyndan alyndy: «Goturdepe nebit ýatagynyň ýüze çykmagy şol töwerekden burawlanan 3nji skwažina bilen baglanyşyklydyr. Bu skwažina baryp 1956njy ýylda özleşdirilende, ilkinji bolup 2132 — 2136 metr aralykdan nebit fontany atylypdy. Bu fontanyň nebit berijilik ukyby bir gijegündizde 140 tonna ýetdi. Ine, şondan soň bu giden ýolsuzýodasyz, suwsuz çöllükde buraw işleri hasda giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Dogrusyny aýtsak, 5 ýyl mundan ozal (oçerk 1964nji ýylda ýazylypdyr) Goturdepede nebit berýän skwažinalary barmak basyp sanaýmalydy. Indi bolsa bu ýerde nebit wyşkalary sanardan kän. Häzir diňe merkezi Goturdepeden nebit alynman, «Gündogar — Günbatar» diýlip atlandyrylýan giden meýdandan hem köp «gara altyn» çykarylýar...».
Bu nebit käniniň açylmagy bolsa Hazar bilen Balkanabadyň arasyny birleşdirdi.
Burawlaýyş işleri günsaýyn güýçlenmek bilen boldy. Täzetäze nebitli skwažinalar ýüze çykdy. 1959njy ýylda skwažinanyň nebitli gatlaklary barlanyp görlende, onuň her günde azyndan 80 tonna «gara altyn» berjekdigi anyklanyldy. Onuň yzysüre yzlyyzyna çüwdürim görnüşli nebit beren skwažinalar Goturdepäniň tutuş Merkezi Aziýada nebitiň baý ýeridigini subut etdi.
1979njy ýylda rus dilinde neşir edilen «Neft Turkmenistana» atly kitapda berilýän maglumatlara salgylanyp, Goturdepäniň nebitiniň taryhynyň ters yzyny çalyp, has aňyrrak gitsek, onuň geologik häsiýeti ilkinji gezek 1908nji ýylda K.P.Koliskiý tarapyndan barlanylýar. Soňra şol asyryň ýigriminji ýyllarynyň ahyrynda, otuzynjy ýyllarynyň ortalarynda S.A.Kowalewskiý, W.A.Kirow, A.J.Grigorkin dagy tarapyndan jikmejik öwrenilýär. 19371938nji ýyllarda A.J.Smolkanyň beren geologik häsiýetnamasy uly ähmiýete eýe bolýar. Ol bu ýeriň takyk geologik kartasynyň düzülmegine esas bolýar. Seýsmologik barlaglar hemde çuňňur burawlaýyş işleriniň geçirilip, şanşöhrata beslenmegine getirýär.
1960njy ýylyň ahyrynda Goturdepäniň nebit guýularynyň bütin sanynyň şol mahalky «Türkmennebit» birleşiginiň ähli skwažinalarynyň baryýogy 6 göterimine barabardygyna garamazdan, Türkmenistanyň nebitiniň epeslisini bermegi başarypdyr.
Berilýän käbir maglumatlary ýatlap geçsek, on ýylyň dowamynda, ýagny 1961nji ýylyň 1nji ýanwaryndan 1971nji ýylyň 1nji ýanwaryna çenli ol 60 million 454 müň 172 tonna nebit beripdir. Onuň şu döwürde beren nebiti Türkmenistanyň öndüren nebitiniň 58,9 göterimi bolupdyr. Başgaça aýdylsa, 1872 — 1960njy ýyllaryň dowamynda türkmen ülkesiniň nebitçileriniň alan ähli nebitindende 11 mln. 802 müň 155 tonna köpdür.
Goturdepeli nebitçiler zähmet depginlerini soňky ýyllardada gowşatmaýarlar. 1961 — 1970nji ýyllarda meýilnamadan daşgary 833 müň tonna nebit çykarylýar.
Goturdepe nebit käni, öz nobatynda, Hazardyr Balkanabadyň arasyndaky ýerlerdede gözlegbarlag işleriniň tizleşdirilmegine getirdi. Netijede, 1961nji ýylyň 14nji noýabrynda Barsagelmeziň, 19651966njy ýyllardada Komsomolsk we Burun ýaly nebitli ýataklaryň açylmagyna goldaw etdi.
Goturdepäniň heňňam göçünde gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň kerwenlerini ýatladyp duran gum alaňlarynyň arasynda belent başlaryny asmana çekip, seleňleşip görünýän wyşkalaryň sany barha artmak bilen boldy. Žurnalistleriň jümlesini dile getirsek, zähmet gaýnap joşdy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem şol buraw wyşkalary döwürleri döwürlere badaşdyrýar. Skwažinalaryň täze nesilleri peýda bolýar. Köne guýular hem hatardan galanok. Kaçalkalar — nebit sorujylar eglipgalşyp durlar. Zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezýärler.
Goturdepe baradaky söhbediň wagt babatda yzygiderliräk gelýändigine garamazdan, gürrüňiň jylawyny biraz yza öwürsek, geçen asyryň togsanynjy ýyllarynda, Garaşsyzlyk bilen ondan öňki döwrüň sepgitlerinde deňiz böleginde gözleg işleri geçirilipdi. Ýöne şol döwürde Hazar deňziniň derejesiniň ýokarlanmagy hemde aýlaga ýanaşyk ýerleri suwuň basmagy netijesinde işler kynlaşypdy. «Türkmennebit» döwlet konserni şol işleri 2010njy ýylda täzeden ýola goýdy. Guýular burawlanan mahaly 4000 metr gowrak çuňlukda ýerleşen täze önümli nebit gatlaklarynyň üsti açyldy. Olar «gara altynyň» kuwwatly akymyny berdi.
Gözlegbarlag işleriniň geçirilmegi bilen soňky ýyllarda alnan maglumatlar Demirgazyk Goturdepe atlandyrylýan ojagyň hem ozal hasaplanyşy ýaly, Goturdepe ýatagynyň bir bölegi bolup durýandygyny aýtmaga mümkinçilik berýär. Ýagny ol aýratyn ýatak bolup, bir bölegi deňiz zolagynda ýerleşýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Goturdepedäki gazanylýan üstünlikler «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebitli we gazly ýataklary özleşdirmek, nebiti, gazy gözläp tapmak, ýygnamak, taýýarlamak, daşalmagyny guramak, şonuň ýalyda nebitiň, gazyň çykarylyşynyň möçberini durnukly saklamak, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur bolan işleriň giň toplumynyň alnyp barylmagy bilen baglanyşyklydyr. Geçirilýän guramaçylyktehniki çärelere laýyklykda, çüwdürim usuly tamamlanan guýulary mehaniki usula geçirmek, köp ýyllardan bäri ulanylyp gelinýän ýataklaryň önüm berijiligini durnukly saklamak maksadyndan ugur alyp, önüm bermegini bes eden guýularda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek, täze guýulary ulanyşa tabşyrmak, täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak ýaly işler giň gerim bilen alnyp barylýar.
Şonuň ýalyda, «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan uzak ýyllardan bäri ulanylyp gelinýän ýataklaryň önüm berijiligini durnukly saklamak üçin, dürli sebäplere görä önüm bermegini bes eden guýularda düýpli abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmäge aýratyn üns berlip başlanyldy.
Anyk maglumatlara esaslanyp aýtsak, diňe 2019njy ýylda konserniň düýpli abatlaýyş müdirlikleri tarapyndan jemi 499 sany guýyny düýpli abatlamak meýilleşdirilen bolsa, 531 guýuda düýpli abatlaýyş işleri geçirilipdir. Munuň özi meýilnamanyň 106,4 göterim ýerine ýetirilendigini aňladýar.
Goturdepe dogrusynda gürrüň edilende, beýleki ýataklar bilen birlikde, bu ýerde hem «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň hem nebitiň, gazyň we kondensatyň gorlaryny hasaplamak, nebitgazy işläp geçmek, guýularyň işjeňligini ýokarlandyrmak, gaz taýýarlaýyş desgalarynyň, guýularyň düýpli gurluşyk hemde abatlaýyş işleri boýunçada netijeli çäreleriň geçirilýändigini, meýilnamalaryň ýerine ýetirilýändigini ýatlaman geçmek bolmaz. Bu instituta we onuň barlaghanalaryna ösen döwletleriň täze tehnologiýalary, enjamlary satyn alnyp, alymlaryň, hünärmenleriň döredijilikli zähmet çekmekleri üçin oňaýly şertler döredilýär.
Häzirki wagtda Demirgazyk Goturdepäni özleşdirmek işleri batly depginlerde dowam edýär. «YugNeftegaz» (Singapur) kompaniýasynyň iki guýynyň 316njy we 332nji guýularyň buraw işlerini tamamlady. Olaryň her biriniň taslama çuňlugy 5000 metre barabardyr. Olary burawlamagyň barşynda «gara altynyň» senagat möçberindäki akymy alyndy.
Aslynda, Hazaryň kenarýaka zolagyndaky geljegi uly ýataklaryň birini senagat taýdan işlemäge girizmek boýunça maýa goýum taslamasyna 2018nji ýylda badalga berildi. «Türkmennebit» döwlet konserniniň hemde «YugNeftegaz Private Limited» kompaniýasynyň arasyndaky Ylalaşygyna laýyklykda, çuňlugy 4500 metrden 5500 metre çenli bolan dik, kese hemde eňňit ugurly guýularyň jemi 60syny burawlamak meýilleşdirildi. Deslapky hasaplamalara görä, nebitiň geologiýa gorlarynyň ösüşi, takmynan, 38,5 million tonna barabar bolar. Soňraky amala aşyryljak işleriň barşynda ýataklaryň umumy gorlaryna baha berilmegi bilen, 87,5 million tonna çenli ýokarlanyp biler.
Häzirki wagtda bu taslamanyň çäklerinde Hazaryň ýalpaklygynda ýerleşen guýularyň ýenede dördüsiniň, ýagny 250nji, 315nji, 317nji hemde 319njy guýulary gazmak işi durmuşa geçirilýär. Olaryň buraw nokatlary Demirgazyk Goturdepe ýatagynda hemde çuňlugy 7 kilometre çenli ýanaşyk ýerlerde goşmaça seýsmiki işleri geçirilenden soňra saýlanylyp alyndy.
Şeýlelikde, gojaman Hazaryň türkmen ýalpaklygyndaky hemde kenarýaka zolagyndaky geljegi uly ýataklary senagat möçberinde özleşdirmek, bu ugurda hyzmatdaşlyga daşary ýurt kompaniýalaryny we maýalaryny çekmek hormatly Prezidentimiziň nebitgaz toplumynyň hünärmenleriniň öňünde goýan esasy wezipeleriniň biri bolmagynda galýar. Şunda Goturdepe, onuň taryhy şu güni hemde geljegi bilen bagly getirilen dürli maglumatlar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ägirt uly uglewodorod kuwwatynyň bardygyna şaýatlyk edýär. Bilermenleriň ýurdumyzyň ýerastynda nebitiň we gazyň uly bolan gatlaklarynyň barlygy hakyndaky çaklamalaryny doly tassyklaýar. Şeýle hem uglewodorod çig malynyň täze baý ýataklarynyň ýenede açyljakdygyna güwä geçýär.
«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna», «Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň 2019 — 2025nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» hemde beýleki öňde goýlan wajypdanwajyp wezipelere, milli Liderimiziň görkezmelerine we tabşyryklaryna laýyklykda giň möçberli işleriň durmuşa geçirilýändigi hakyndaky pikirler bilen, Goturdepeden Balkanabada dolanýaryn. Goturdepäniň açylmagy bilen baglanyşykly salnan uly ýol maňa hakydamda ony welaýatyň dürli obalaryna gidýän beýleki ýollar bilen utgaşdyrýar. Ajaýyp geljege sary alyp barýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri meni şeýle duýgular bilen gurşap alýar. Pikirleriň dünýäsine atarýar.
Hawa, men Goturdepe — Balkanabat ýoly bilen barýaryn...
Seýitmämmet HYDYROW,
Esenguly etrabynyň Garadepe şäherçesindäki 10njy orta mekdebiň mugallymy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/37674