Garaşsyzlyk we milli kanunçylyk

Milli Liderimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden belleniljek aýynyň ilkinji gününde talyplar we okuwçylar bilen ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada geçiren watançylyk sapagynda: «Mukaddes Garaşsyzlyk biziň ähli ösüşlerimiziň, şöhratly üstünliklerimiziň binýadydyr. Üçünji müňýyllygyň öň ýanynda — 1991-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. Netijede, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda düýpli özgertmelere badalga berildi. Elbetde, 30 ýyl taryh üçin uzak möhlet däl. Muňa garamazdan, şu döwrüň içinde ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň binýatlaryny yzygiderli berkitdik» diýip bellemek bilen, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ösüşiniň her bir tapgyrynda gazanylan üstünlikler, şol sanda barha kämilleşýän kanunçylyk ulgamy dogrusynda durup geçdi.

Garaşsyzlygyň gazanylmagy bilen, Türkmenistanyň milli kanunçylygy özbaşdak ösüş ýoluna düşdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyly içinde milli kanunçylygyň kemala gelmegini we onuň ösüş ýolundaky taryhy döwürlerini üç onýyllyga bölüp öwrenmek bolar.

1991-nji ýylyň güýzünde Türkmenistanda döwlet Garaşsyzlygy hakyndaky mesele boýunça ählihalk sala salşygy geçirildi. Sala salşygyň netijesinde, ýurduň ilatynyň 94,1 göteriminiň ses bermegi bilen, Türkmenistanyň Garaşsyzlygy kabul edildi. Şonuň esasynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Ol Garaşsyz Türkmenistanda ilkinji kabul edilen Kanundyr. Kanunda: «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy belent maksatlaryň hatyrasyna — türkmen halkynyň öz hakyky milli döwletini edinmeginiň hatyrasyna, milletine, jynsyna, sosial gelip çykyşyna we uýýan dinine garamazdan, her bir adam üçin Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda we halkara hukugynyň beýleki kadalarynda göz öňünde tutulan hukuklary we azatlyklary üpjün etmegiň, kanun agalyk edýän ynsanperwer demokratik jemgyýet gurmagyň hatyrasyna jar edilýär» diýlip kesgitlendi.

Birinji döwür (1991 — 2001-nji ýyllar) — milli kanunçylygy kemala getirmegiň işjeň döwri. Ol Türkmenistanda ozal hereket eden kanunlaryň ýerine täze millileşdirilen hem-de ýurduň halkara bileleşigiň doly ygtyýarly agzasy hökmünde kabul edilmeginiň netijesinde, halkara kadalary ileri tutýan kanunlaryň kabul edilmegi bilen häsiýetlenýär.

Ilki bilen, döwletiň Esasy Kanuny bolan Konstitusiýany işläp düzmek zerurlygy döredi. Türkmenistanyň Konstitusiýasy gysga wagtyň içinde işlenip taýýarlanyp, 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edildi. Konstitusiýa 8 bölümden, 6 bapdan, 116 maddadan ybarat bolup, Türkmenistanyň täze milli kanunçylyk ulgamynyň kemala gelmegine uly ýol açdy. Türkmenistanda täze kabul ediljek ähli kanunlary Konstitusiýa laýyk getirmek baradaky kadalar berkidildi.

Konstitusiýanyň esasynda kabul edilen kanunlar aýratyn uly ähmiýete eýe bolup durýar, çünki olar demokratik ýörelgeleri, adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyny, döwleti we jemgyýeti ösdürmegiň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek üçin anyk şertleriň döredilmegini ugur edinýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli kanunçylygyň kemala geliş we ösüş taryhynyň birinji onýyllygynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna iki gezek üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden türkmen döwleti parahatçylygy, dost-doganlygy dabaralandyrýan oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan dünýäniň iň abraýly halkara gurama bolan BMG-niň agzalygyna kabul edildi. Onuň yzysüre, şol ýylyň özünde ýurdumyz Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de Yslam konferensiýasy guramasynyň agzalygyna kabul edildi. Şeýle hem Halkara Pul Gaznasyna, Halkara durkuny täzeleýiş we ösüş (Bütindünýä) bankyna we olar bilen baglanyşykly halkara ykdysady guramalaryň düzümine girdi. Bu zatlaryň ählisi ýaş döwletiň dünýä bileleşigine, halkara hukuk resminamalaryna goşulyşmagyna we halkara hukuk kadalarynyň milli kanunçylykda orun almagyna getirdi.

Türkmenistan «Açyk gapylar» syýasatyny yglan edensoň, dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklar has ösdürilip başlandy. Şonuň esasynda, 1996-njy ýylyň 18-nji iýunynda «Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakynda», 1996-njy ýylyň 20-nji dekabrynda bolsa «Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Bazar ykdysady gatnaşyklaryna geçilmegi bilen, milli kanunçylykda ilkinji gezek täze kanunlar kabul edilip başlandy. 1993-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda «Eýeçilik hakynda», «Telekeçilik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi bilen, eýeçilik gatnaşyklary hem düýpli üýtgedi, ýurtda telekeçiligi ösdürmäge badalga berildi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soňky ikinji onýyllyk (2001 — 2011-nji ýyllar) milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň we beýik özgertmeleri durmuşa geçirmegiň döwri boldy. Bu döwür Türkmenistanda birnäçe konstitusion özgertmeleriň geçirilmeginiň netijesinde, ähli ulgamlara degişli täze kanunlaryň kabul edilmegi we kämilleşdirilmegi bilen häsiýetlenýär.

Hormatly Prezidentimiziň döwlet baştutanlygyna saýlanmagy bilen, ähli ulgamlarda uly özgertmeler durmuşa geçirilip, şol sanda döwletimiziň hukuk binýady has-da berkidilip, uzak geljegi nazarlaýan kanunlaryň kabul edilmegi milli kanunçylykda aýratyn taryhy döwrüň başlanmagyna getirdi. 2007-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça çäreler hakynda» Karary kabul etdi. Şol Kararyň esasynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça döwlet topary döredildi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň milli kanunçylygynda düýpli özgertmeleriň döwri başlandy.

Ilkinji gezek 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 10-njy maddasynda: «Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam berýär» diýlip kesgitlenildi. Konstitusion düzgünnamalar ösdürilip, 2009-njy ýylyň 15-nji awgustynda «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Milli kanunçylygyň ösüş taryhynyň üçünji onýyllygy (2011 — 2021-nji ýyllar) Garaşsyzlyk zamanasyndan öň hereket eden degişli kanunlaryň ählisiniň millileşdirilip, milli kanunçylygyň doly kemala gelmegi bilen häsiýetlendirilýär.

2012-nji ýylda Türkmenistan ösüşiň täze tapgyryna — Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne gadam basdy. Türkmenistanda döwlet dolandyryş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin mümkinçilikler toplandy we onuň jemgyýetçilik-syýasy hem-de kanunçylyk-hukuk esaslary döredildi.

Geçirilen özgertmeleriň netijesinde, 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Konstitusiýa girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar türkmen jemgyýetiniň hem-de döwletiniň durmuşynda, onuň ykdysadyýetinde, syýasatynda soňky ýyllardaky düýpli özgertmeleri alamatlandyrýar.

Türkmenistanda iki palataly parlamentiň döredilmegi netijesinde, ýurdumyzyň Konstitusiýasyna 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Halk Maslahaty kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan ýokary döwlet edaralarynyň ulgamyna goşuldy. Şunuň bilen baglylykda, Esasy Kanunymyzdan 1 belgili 6-njy maddasy aýryldy. Döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň iki palataly gurluşynyň döredilmegi bilen bagly milli parlamentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşi, onuň palatalary bolsa Halk Maslahaty we Mejlis diýip atlandyryldy. Üýtgetmelerde we goşmaçalarda parlamentiň palatalaryny döretmegiň, maslahatlaryny geçirmegiň, kanunlary kabul etmegiň tertibi, Halk Maslahatynyň agzalygyna we Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärlere bildirilýän talaplar hem-de olaryň ygtyýarlyklaryny kesgitleýän kadalar beýan edilýär. Konstitusion Kanunyň taslamasyna laýyklykda, Esasy Kanunymyzdan 1 madda aýryldy hem-de oňa 3 madda goşuldy, 27 madda bolsa degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, häzirki wagtda hukuk döwletimiziň kanunçylyk ulgamynda Esasy Kanunymyzdan başga-da, Konstitusion kanunlaryň, kodeksleriň, kanunlaryň köp sanlysy hereket edýär.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň mizemezligi döwletiň hem halkyň jebisliginde jemlenýär. Garaşsyz döwletimiziň at-abraýyny halkara derejede täze mertebä göteren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri mydama rowaçlyklara beslensin!

Göwher GELENOWA,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alym kätibi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/40211