Garaşsyzlyk we halkara hyzmatdaşlyk

Dünýä jemgyýetçiligi Türkmenistanyň daşary syýasatyna ýokary baha berýär. Syzgyrlyk, ählumumy syýasy we ykdysady meýilleriň manysyna çuňňur aralaşmak, öňdengörüjilik we pragmatizm, häzirki dünýäniň çylşyrymly wakalarynda anyk we dogruçyl pozisiýany eýelemek halkara gatnaşyklarda Türkmenistanyň alyp barýan strategik ugrudyr. Ýurdumyz halkara meýdançada has açyk, has işjeň, onuň daşary syýasat ugry bolsa has maksada okgunly we netijeli häsiýete eýe boldy. Bu bolsa biziň döwletimize öz mümkinçiligine dogruçyl baha bermek esasynda derwaýys halkara meseleleriň ähli ugurlary boýunça başlangyçly syýasaty alyp barmaga, öňden gelýän we täze hyzmatdaşlary bilen netijeli, peýdaly gepleşikleri işjeňleşdirmäge, ýakyn hem alysdaky ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiziň dostluk we hoşniýetlilik esasynda alyp barýan daşary syýasatynyň netijesinde Türkmenistan dünýäde mynasyp orun eýeledi. Ählumumy abadançylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna ylalaşdyryjylygyň we arkalaşyklylygyň hemmeler tarapyndan ykrar edilen merkezine öwrüldi. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri bilen açyklyga we iki tarapa bähbitli gatnaşyklara esaslanýan daşary syýasaty alyp barýar. Halkara guramalaryň 40-dan gowragynyň agzasy bolmak bilen, olaryň köptaraply işine işjeň gatnaşýar. Olar bilen bilelikde saglygy goraýşy, daşky gurşawy, senagaty, oba hojalygyny, bilimi, medeniýeti we beýleki ugurlary ösdürmek babatdaky maksatnamalary amala aşyrýar.

Türkmenistan halkara howpsuzlyk, durnuklylyk işine, ygtybarly durmuş-ykdysady ösüşe öz goşandyny goşmak arkaly sebit hem-de sebitara guramalar bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrýar. Ýer togolagynyň ähli döwletleri bilen deňhukukly we özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeldýär hem-de çuňlaşdyrýar. Milli we umumadamzat bähbitlerini gyşarnyksyz goraýar. Baglaşylan halkara ylalaşyklara wepaly bolup galýar, öz üstüne alan borçnamalaryny üýtgewsiz ýerine ýetirýär.

Ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak işinde Türkmenistan iri halkara guramalar, ozaly bilen-de, BMG, onuň düzümleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn ähmiýet berýär. «Türkmenistan öz Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, BMG-niň asylly maksatlaryny halkara bileleşik bilen özara gatnaşyklarda biziň arzuw-hyjuwlarymyza doly laýyk gelýän maksatlar hökmünde kabul etdi. BMG-niň parahatçylyk söýüjilik, deňhukuklylyk, döwletleriň özygtyýarlylygyna, olaryň öz ösüş ýoly baradaky hukugyna sarpa goýmak ýörelgeleri biziň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasynda goýuldy, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk bolsa onuň ileri tutulýan ugruna öwrüldi» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Wagt ýurdumyzyň saýlap alan bu ugrunyň dogrudygyny we esaslydygyny görkezdi. Halkara giňişlikdäki anyk ädimleri bilen Türkmenistan sütem etmegiň, zorlugyň her dürli ýüze çykmalaryna garşydygyny, ähli meseleleriň diňe syýasy we diplomatik serişdeler arkaly, esasan-da, BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň üsti bilen çözülmeginiň tarapdarydygyny tassyklaýar. Ol köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýradylmagyna, halkara terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna we häzirki zamanyň beýleki howplaryna garşy göreşde berk pozisiýa eýeleýär.

Türkmenistanyň birnäçe gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň ýolbaşçy düzüminiň wise-başlyklygyna saýlanmagy, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça köp sanly Kararnamanyň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň täze ösüş zamanasyndaky okgunly we oňyn syýasatynyň giň halkara ykrarynyň subutnamasy boldy. Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer, energetika we halkara ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek bilen baglanyşykly öňe süren halkara başlangyçlary bu günki günde üstünlikli durmuşa geçirilip, iş ýüzünde oňyn netijelerini berýär.

Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň berkarar bolmagy ugrunda çykyş edýär we aýgytly ädimleri ädýär. Ýurdumyzyň milli Lideriniň başlangyjy boýunça we halkara parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmegiň wajyp ornuny göz öňünde tutup, 2019-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda ýörite Kararnama kabul etdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Şu ýyl Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga ýardam etjek birnäçe halkara we sebit ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirdi. 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda birbada halkara ähmiýetli üç sany möhüm desganyň — halkara üstaşyr demir ýol geçelgesiniň Akina — Andhoý böleginiň, Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) we Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, şeýle hem Kerki şäherinden Şybyrgana çenli elektrik geçirijileriň işe girizilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň berkarar bolmagyna gönükdirilen daşary syýasy başlangyçlarynyň uly üstünliklere beslenýändigini ýene-de bir gezek görkezdi. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen şu ýylyň 6-njy awgustynda ýurdumyzyň iň gözel künjekleriniň biri bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň we onuň bilen utgaşykly iri halkara çäreleriň, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň üstünlikli geçirilmegi ýurdumyzyň bu ýyly adyna mynasyp şöhratlandyrmak boýunça alyp baran işleriniň aýdyň mysalydyr. Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň sebitde dialogy pugtalandyrmak bilen bagly alyp barýan işlerini dowam etdirmek we ösdürmek bilen bagly tekliplerini öňe sürýär.

Bu gün türkmen bazarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin özüne çekiji bolmagy hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly alyp barýan maliýe-ykdysady we maýa goýum syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir. Munuň şeýledigine abraýly we garaşsyz «Fitch Ratings» halkara agentliginiň ýurdumyza beren bahasy hem şaýatlyk edýär. Dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamynda dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, halkara reýting agentliginiň Türkmenistana ilkinji gezek şeýle baha bermegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly we ýokary depginli ösýändiginiň ýene-de bir subutnamasy bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, häzirki zaman halkara gatnaşyklary şertnamalaýyn hukugyň kämilleşdirilmegini, oňa bolan gözegçiligiň ýokarlandyrylmagyny talap edýär. Energiýa serişdeleri, daşky gurşawy goramak we ekologiýa, ýaragsyzlanmak, azyk howpsuzlygy ýaly ählumumy meseleler dünýä jemgyýetçiligini bu ugurdaky tagallalary birikdirmäge çagyrýar. Hormatly Prezidentimiz köpugurly hyzmatdaşlykda ynsaply halkara gatnaşyklary emele getirmek we ynsanperwer, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty alyp barmak hem-de tagallalary birikdirmek arkaly, ählumumy wehimleriň garşysyna göreşmek bilen baglanyşykly başlangyç bilen çykyş edýär. Döwlet Baştutanymyzyň sebitde we dünýäde energiýa serişdeleriniň howpsuzlygy hakyndaky halkara başlangyjy dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe boldy. BMG-niň Baş Assambleýasy 63-nji mejlisinde «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Kararnamany kabul etdi.

Türkmenistanyň halkara gatnaşyklardaky işjeňligi dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenme tapýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu abraýly halkara guramanyň, onuň iri düzümleriniň we Geňeşleriniň iň bir ynamdar agzalarynyň biri bolmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär we adamzady BMG-niň esasy ýörelgelerine eýermäge çagyrýar. Milli Liderimiziň öňe süren halkara başlangyçlary dünýäde we sebitde howpsuzlygy, parahatçylygy, abadançylygy üpjün etmäge, bütin adamzadyň parahat we bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 76-njy mejlisine Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň taýýarlanylandygy barada hasabat berildi.

Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryň wajyp ugurlary boýunça öňe sürýän anyk başlangyçlarynyň BMG-niň nobatdaky mejlisinde gyzgyn goldawa eýe boljakdygy şek-şübhesizdir. Çünki bu garaýyşlar dünýäniň häzirki zaman ýagdaýyndan we hakykatyndan alnan hem-de tutuş adamzadyň parahat, asuda we durnukly ösüşine gönükdirilen oňyn başlangyçlardyr.

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň işine gatnaşmagyna Milletler Bileleşiginiň doly ygtyýarly agzasy hökmünde alyp barýan yzygiderli işiniň dowamy hökmünde garaýar. Ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy strategiýasy milli bähbitlere hem-de dünýä bileleşiginiň maksatlaryna gabat gelýär.

Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmenistan häzirki wagtda dünýä üçin açykdyr, ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňden ýaýbaňlandyrmak üçin açykdyr. Biziň ýurdumyz Milletler Bileleşigi bilen bilelikde halkara hukugyň ýörelgeleriniň, ynsanperwerligiň, adalatlylygyň, oňşuklylygyň, birek-birege sarpa goýmagyň asylly maksatlarynyň döwletleriň arasyndaky häzirki zaman gatnaşyklaryny kesgitleýji şertler hökmünde berkarar bolmagynyň hatyrasyna mundan beýläk-de işlemäge taýýardyr» diýen sözleri Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana, Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanjymyzy hem söýgimizi öňküden-de artdyrýar. Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny giňden belleýän ata Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraý-mertebesini has-da belende göterýär.

Nury KÖMEKOW,

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Halkara we parlamentara aragatnaşyklary baradaky komitetiň agzasy, hukuk ylymlarynyň kandidaty.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/41143